Esasy materiala geçiň

2014-nji ýylyň ýyllyk duşuşygynyň hasabaty

Patyşalyk 100 ýyl höküm sürýär!

2014-nji ýylyň ýyllyk duşuşygynyň hasabaty

2014-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda 19 000 adam Garawul diňi, Mukaddes Kitap we kitapçalar jemgyýetiniň (Pensilwaniýa) 130-njy ýyllyk duşuşygyna ýygnanyşdylar. Duşuşyk Ýehowanyň Şaýatlarynyň Jersi-Sitidäki (ABŞ, Nýu-Jersi ştaty) Kongresler köşgünde geçdi we wideo arkaly başga-da köp ýerlerde görkezildi.

Duşuşygy Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Mark Sanderson alyp bardy. Ol giriş sözlerinde duşuşygyň taryhda yz galdyrjakdygyny nygtap geçdi, sebäbi şu ýyl Mesihi Patyşalygyň berkarar edilendigine 100 ýyl dolýar.

Sanderson doganyň belläp geçişi ýaly, Patyşalyk höküm sürüp başlan döwri üç wajyp zady gazandy.

  • Bütin dünýäde wagyz edilýär. Ýehowanyň goldawy bilen onuň halky Patyşalyk baradaky hoş habary janaýaman wagyz edýär. 1914-nji ýylda bary-ýogy birnäçe müň wagyzçy bardy. 2014-nji gulluk ýylynda bolsa olaryň sany sekiz milliondan geçdi. Biz tä Ýehowa: «Bes ediň» diýýänçä, mundan beýläk hem yhlas bilen wagyz ederis.

  • Patyşalygyň raýatlary topar hökmünde goralýar. Dini we syýasy ýolbaşçylar bizi güýçli yzarlap, hatda Ýehowanyň Şaýatlaryny doly ýok etjek boldular. Emma Ýehowa gullukçylaryny topar hökmünde gorady. Biziň kazyýetde, şol sanda ABŞ-nyň ýokary kazyýetinde we Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýetinde gazanan ençeme ýeňişlerimiz Ýehowanyň bizi goraýandygyny subut edýär.

  • Dürli milletden bolan adamlary agzybir edýär. Hudaýyň Patyşalygy dürli milletden, taýpadan bolan we dürli dilde gepleýän adamlary agzybir etdi. Bu Patyşalyk şeýle adamlara ençeme kynçylyklaryny ýeňmäge kömek edip, olardan Hudaýyň agzybir halkyny döretdi. Sanderson dogan: «Şeýle gudraty diňe Ýehowa Hudaý etmegi başarýar!» diýdi. Ol taryhda yz galdyrjak ýyllyk duşuşyga gelmegiň uly hormatdygyny belläp geçdi.

«Ýehowanyň dosty bol» multfilmi.

Ýyllyk duşuşygynyň indiki bölüminde soňky iki ýarym ýylyň içinde görkezilýän multfilm hakda gürrüň edildi. Başda dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan çagalardan alnan interwýu görkezildi. Çagalaryň bu multfilm üçin ýönekeý we ýürekden aýdan sözleri diňleýjilere güýçli täsir etdi.

Soňra multfilmiň «Ýehowa batyrgaý bolmaga kömek eder» atly 12 minutlyk täze bölümi görkezildi. Bu bölüm arkaly Mukaddes Kitapdaky Nagymanyň aýalyna Ýehowa hakda gürrüň beren ysraýylly gyzjagaz baradaky waka has-da janlandyryldy (2 Patyşalar 5:1—14). 2014-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda duşenbe güni bu multfilm jw.org saýtymyza goýuldy we ony 20-den gowrak dilde görse bolýar.

«JW Language» programmasy.

Sanderson dogan elektron enjamlary üçin goşmaça bölümiň girizilendigini yglan etdi. Bu bölüm daşary ýurt dilini öwrenýän Ýehowanyň Şaýatlaryna köpräk wagyz etmäge kömek eder. Onda 18 dilde 4000-den gowrak söz we jümle bar. Oňa gelejekde ýene-de wagyz etmek üçin täze sözler we jümleler goşular.

JW teleýaýlymy.

Diňleýjileri Ýehowanyň Şaýatlarynyň Internet teleýaýlymynyň çykandygyny bilmek örän begendirdi. Ol Bruklindäki baş edaradan görkeziler we häzirlikçe diňe iňlis dilinde bolar. Onda biziň filmlerimiz, aýdym-sazlarymyz we Mukaddes Kitabyň çeper okalyşy bolar. Şeýle-de her aý täze bölüm bilen Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy ýa-da onuň bir kömekçisi çykyş eder.

Sanderson dogan onuň ilkinji bölüminden gysgaça parça görkeziljekdigini yglan etdi. Onda Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Stiwen Lett dogan çykyş etdi hem-de telestudiýada geçirilen taýýarlyklar görkezildi. JW teleýaýlymy 2014-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda işläp başlar. Ony tv.mr1310.com salgydan tapyp bolýar.

«Patyşalyga 100 ýyl boldy. Geçmişe ser salyp, öňe gadam basýarys».

Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Semýuel Hýord dogan film hakda biraz gürrüň berdi. Onda Hudaýyň Patyşalygynyň bize ruhy taýdan ösmäge we ökdelik bilen wagyz etmäge nädip kömek edendigi görkezilýär. Taryhy wideolar, sahnalar we ençeme ýyl gulluk edýän Ýehowanyň Şaýatlaryndan alnan interwýular arkaly diňleýjiler «Ýaradylyş fotodramasynyň» nädip edilendigi, müňlerçe adamlara onuň görkezilişi, patefon, kartoçkalar we plakatlar arkaly nädip wagyz edilendigi barada köp zatlary hem-de dürli mekdepleriň wagyz etmäge nädip kömek edendigini bildiler.

Patyşalygyň 100 ýylyň içinde gazanan zatlary hakda oýlanmagyň nähili peýdasy bar? Eger biz ol hakda oýlansak, Patyşalygyň höküm sürýändigine berk ynanmaga we onuň gelejekde etjek işlerini öz gözümiz bilen görmäge bolan yhlasymyz has-da artar.

Ýehowa sežde edenimizde aýdýan aýdymlarymyz.

Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Deýwid Spleýn dogan «Ýehowanyň şanyna aýdym aýdalyň» kitabymyza täzeden serediljekdigi barada yglan edip, diňleýjileri begendirdi. Onuň daşynyň edil «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesi» ýaly boljakdygyny aýtdy. Bu kitabymyzyň ýokary hilli bolmagy aýdym aýtmagyň Ýehowa edýän seždämiziň bir bölegidigini görkezýär.

Spleýn dogan oňa täze aýdymlaryň hem goşuljakdygyny yglan etdi. Ýöne onuň çapdan doly çykmagyna garaşmak hökman däl. Sebäbi biz täze aýdymlary jw.org saýtymyzda peýda bolan badyna aýdyp bileris.

Ýyllyk duşuşygynda üç sany täze aýdym aýdyldy. Aýdymlary Beýtel maşgalasy şol hepde-de aýdyp, olara öňünden taýýarlyk gördüler. Spleýn dogan «Gökde Patyşalyk guruldy!» diýen aýdymy aýdan hora dirijýorlyk etdi. Bu aýdym ýörite Patyşalygyň 100 ýyl höküm sürýändigine bagyşlanyp ýazylypdy. Soňra aýdymy diňleýjiler aýtdylar. Biraz wagtdan hor topary we diňleýjileriň ählisi bilelikde «Bize batyrgaýlyk ber» atly ýene bir täze aýdymy aýtdylar.

Interwýu.

Soňra diňleýjiler ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Gerrit Lýoş doganyň Beýtelde ençeme ýyldan bäri gulluk edýän üç är-aýaldan alan interwýusynyň ýazgysyny gördüler. Olar Ýehowa gulluk edýän döwri gören ençeme özgerişleriniň Hudaýyň halkynyň öňe gadam basýandygynyň alamatydygyny aýtdylar. Lýoş dogan guramada bolýan özgerişleriň Mukaddes Kitapda pygamberlik edilendigini belläp, hemmeleri Ýehowanyň guramasy bilen bile öňe gitmäge höweslendirdi (Işaýa 60:17).

«Wakalaryň göçme manysy we olaryň düşündirilişi».

Bu nutuk bilen Spleýn dogan çykyş etdi. Ol soňky ýyllarda edebiýatlarymyzdan Mukaddes Kitapdaky käbir wakalaryň göçme manysy barada öňki ýaly köp aýdylmaýandygynyň sebäbini düşündirdi.

Öňler Mukaddes Kitapda agzalýan wepaly gullukçylaryň şu günki mesihçileriň kölegesidigi, ondaky ençeme wakalaryň bolsa belli bir pygamberlik manysynyň bardygy aýdylýardy. Elbetde, şeýle zatlary özleşdirmek gyzykly bolmagy mümkin. Onda näme üçin soňky günlerde edebiýatlarymyzda wakalaryň göçme manysyna we olaryň düşündirilişine örän seýrek duş gelse bolýar?

Mukaddes Kitapdan görnüşi ýaly, käbir adamlar we olar bilen bagly wakalar göçme manyda düşündirilýär. Eger Ýazgylarda bir zadyň göçme manysy görkezilip we ol düşündirilse, biz onuň bilen ylalaşýarys. Spleýn dogan: «Emma Mukaddes Kitapda bu hakda hiç zat aýdylmaýan bolsa, diýmek, onuň göçme manysy ýok» diýdi. Şol sebäpli biz Ýazgylardaky wakalardan nähilidir bir aýratyn pikir gözlesek, nädogry bolardy. Eger olaryň bir göçme manysy we düşündirilişi bardyr öýdüp içgin gyzyklansak, onda mesh edilen ýa-da «başga goýunlara» degişlidigimize garamazdan, gündelik durmuşymyzda nähili sapak edinip bolýandygy baradaky has wajyp maslahaty ünsden düşüreris (Rimliler 15:4) a.

«Siz oýa bolarsyňyzmy?»

Lett dogan bu nutugynda Isanyň on gyz baradaky mysalyny has aýdyň düşündirdi (Matta 25:1—13). Bu mysala şeýle düşünmeli: öýlenýän ýigit — Isa pygamber, gyzlar — onuň mesh edilen şägirtleri (Luka 5:34, 35; 2 Korinfliler 11:2). Bu mysal soňky günlere degişli bolup, agyr muşakgatda tamamlanar. Isa akylsyz gyzlar barada aýdanda, mesh edilen şägirtleriniň käbiriniň imansyz boljakdygyny we olara derek başgalaryň saýlanjakdygyny göz öňünde tutmady. Aslynda, ol bu mysal arkaly wajyp duýduryş bermek isledi. Bäş gyz paýhasly, galan bäşisi bolsa akylsyzdy; şonuň ýaly-da mesh edilen mesihçileriň hem her biriniň haýsy ýol bilen gitjekdigini, ýagny oýa bolmalymy ýa-da biwepa bolmalydygyny saýlamaga mümkinçiligi bar.

Mukaddes Kitapdaky her bir wakadan many gözlemeli däl diýen prinsipe eýersek, Isanyň şu mysalyndaky her bir zadyň pygamberlik manysy bardyr öýtmeris. Gaýtam, ondan özümize peýdaly sapak edinsek, gowy bolar. Mesh edilen mesihçilere ýa-da «başga goýunlara» degişli bolsak-da, biz oýa bolmaly we «yşygymyz... nur saçmaly» (Ýahýa 10:16; Markus 13:37; Matta 5:16). Bize derek hiç kim wepaly galyp bilmez. Her kimiň özi ýaşaýyş ýoluny saýlap, ruhy taýdan oýa bolmaly we yhlasly wagyz etmeli (5 Musa 30:19).

«Batman baradaky mysal».

Soňra ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Entoni Morris dogan çykyş etdi. Ol diňleýjilere Isanyň batman baradaky mysalyny has giňişleýin düşündirdi (Matta 25:14—30). Häzir biz mysaldaky hojaýynyň (Isanyň) gelejekde gelip, gullaryny (ýer ýüzündäki wepaly mesh edilen mesihçilerini) göge alyp gitjekdigini, ýagny olary sylaglajakdygyny bilýäris. Isa «zalym we ýalta gul» barada aýdanda, mesh edilen mesihçileriň köpüsiniň biwepa boljakdygyny pygamberlik etmedi. Gaýtam ol mesh edilenlere oýa bolmagyň we zalym guluň garaýşyndan gaça durmagyň wajypdygyny aýtdy.

Biz bu mysaldan näme öwrenip bileris? Mysaldaky hojaýyn gullaryna gymmatly zadyny ynandy. Şonuň ýaly-da Isa pygamber hem şägirtlerine wagyz etmek we şägirt taýýarlamak ýaly wajyp işi ynandy. Şol sebäpli biz ýagdaýymyza görä wagyz işine yhlasly gatnaşmaly. Morris dogan diňleýjileri Patyşalyk işinde erjellik bilen zähmet çekýändikleri üçin öwdi.

«Hudaýyň halkyna tizden kim hüjüm eder?»

Bu täsin sorag jemleýji nutugyň ady bolup, onuň bilen Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Jeffri Jekson dogan çykyş etdi. Jekson dogan gelejekde Mäjit ýurdundaky Ajidiň Hudaýyň halkyna hüjüm etjekdigi barada aýtdy (Hyzkyl 38:14—23).

Öňler biz Äjit — Şeýtan Iblisiň ýere kowlandan soňky ady diýip pikir edýärdik. Emma Jekson dogan bu babatda ýüze çykýan birnäçe wajyp soraglary ara alyp maslahatlaşdy. Meselem, Äjit ýeňlende, Ýehowa ony «her hili ýyrtyjy guşlara we ýabany haýwanlara şam etjekdigi» barada pygamberlik etdi (Hyzkyl 39:4). Şeýle-de Ýehowa: «Äjit goşuny bilen jaýlanar» diýdi (Hyzkyl 39:11). Eýsem perişdäni ýer ýüzünde jaýlap bolarmy? Şeýtan düýpsüz çuňluga 1 000 ýyla baglanar; ony ne iýerler, ne-de jaýlarlar (Ylham 20:1, 2). Galyberse-de, Şeýtan 1 000 ýylyň ahyrynda düýpsüz çuňlukdan çykarylar, «ol ýeriň dört künjeginde ýaşaýan milletleri azdyrmaga gider we Äjit-Mäjidi söweş üçin ýygnar» (Ylham 20:7, 8). Eger Şeýtan Äjit bolýan bolsa, onda ol ony azdyryp bilmezdi.

Jekson dogan Hyzkylyň pygamberligindäki Mäjit ýurdundaky Äjidiň Şeýtany däl-de, gelejekde Hudaýyň halkyna hüjüm etmek üçin ýygnanyşan halklary aňladýandygyny düşündirdi. Äjidiň hüjümi — bu «demirgazyk patyşasynyň» we «ýer ýüzüniň patyşalarynyň» hüjümini aňladýan bolmaly (Danyýar 11:40, 44, 45; Ylham 17:12—14; 19:19).

Onda «demirgazyk patyşasy» kimi aňladýar? Muny wagty gelende bileris. Her näme-de bolsa, gelejek bilen bagly wakalara bolan düşünjämiz artdygyça, biziň imanymyz hem berkär. Biz Hudaýyň halkyna hüjüm ediljek wagtynyň golaýlaýandygyndan gorkmaýarys. Sebäbi Mäjit ýurdundaky Äjit hüjüm edende, ol ýeňiler we soňra doly ýok ediler. Emma Hudaýyň halky ebedi galar b.

Jemleýji sözler.

Sanderson dogan «Täze dünýä terjimesiniň» kiçijik görnüşde çykandygyny yglan etdi. Şeýle-de Mukaddes Kitapdaky gahrymanlaryň sesleriniň dürli adamlar tarapyndan audioýazga geçiriljekdigini aýtdy. Bu ýazgylar jw.org saýtymyza Matta kitabyndan başlap goýlar.

Sanderson dogan 2015-nji ýylyň aýadynyň Zebur 106:1-däki: «Ýehowa şükür ediň, sebäbi ol ýagşydyr» diýen sözlere esaslanjakdygyny aýtdy. Ol hemmeleri her gün Ýehowa minnetdar bolmaga höweslendirdi.

Ýyllyk duşuşygynyň ahyrynda «Seniň adyň Ýehowa» diýen täze aýdym aýdyldy. Ýolbaşçylyk maslahatynyň ýedi agzasy hem sahna çykyp, hemmeler bilen bir hatarda bu owadan aýdymy aýtdylar. Hawa, taryhda yz galdyrjak bu duşuşyk mynasyp tärde tamamlandy!

a Şu we indiki iki nutuk 2015-nji ýylyň 15-nji martynda çykjak «Garawul diňindäki» makalalara esaslanýar.

b Bu nutuk 2015-nji ýylyň 15-nji maýynda çykjak «Garawul diňindäki» makala esaslanýar.