Suratlaryň galereýasy. Çagalar multfilmleri gowy görýär
«Ýehowanyň dosty boluň» atly multfilmleriň ýygyndysyndaky aýdymlary hem-de Aman bilen Aýna baradaky multfilmleri hemmeler gowy görýär. Ene-atalar hem-de çagalar bu multfilmler üçin minnetdarlyk hatlaryny ýazyp iberýärler. Käbir çagalaryň aýdan sözlerine seredeliň.
«„Gulak asmak bereket getirýär“ atly aýdymy çykarandygyňyz üçin, köp sagbolsun aýdýaryn. Men ony oýunjagym bilen günde görýärin» (Zak, 5 ýaşynda).
«Täze aýdymdan Ýehowanyň meni gaty gowy görýändigini we oňa hemişe doga etmegimi isleýändigini bildim» (Mikaraýa, 6 ýaşynda).
«Men enem-atama gulak asmagy we arassa hem tertipli bolmagy öwrendim. Biziň üçin bu multfilmi çykaranyňyza sag boluň» (Nikola, 8 ýaşynda).
«Bu multfilm üçin köp sag boluň. Ol diýseň gülkünç hem gyzykly eken. Men ony gaty haladym» (Makkenziýa, 5 ýaşynda).
«Men „Ýehowanyň dosty boluň“ diýen multfilmleri diýseň gowy görýärin. Olary günde görýärin. Ýehowanyň kömegi bilen, şeýle multfilmleri çykarýandygyňyz, nähili oňat!» (Ewa, 8 ýaşynda).
«Men bu multfilmleri görmegi halaýaryn, aýdymlary-da ýat tutjak bolýaryn. Bu multfilmlerden Ýehowany söýmegi öwrenýärin» (Deýwon, 4 ýaşynda).
«Aman hakdaky indiki multikler haçan çykarka diýip garaşýaryn! Sizden multfilmleri çykaryp durmagyňyzy haýyş edýärin» (Wans, 8 ýaşynda).
6 ýaşly Şaýlo (Awstraliýa)
12-nji sapak: Aman bilen Aýna Beýtele barýar
8 ýaşly Siýenna (Awstraliýa)
106-njy aýdym: «Ýehowanyň dosty bol»
10 ýaşly Eduardo (Braziliýa)
13-nji sapak: Ýehowa saňa batyrgaý bolmaga kömek eder
11 ýaşly Mişel (Germaniýa)
10-njy sapak: Mähirli bolup, paýlaşmagy öwren
8 ýaşly Prissilla (Germaniýa)
11-nji sapak: Ýürekden bagyşla
7 ýaşly Miku (Ýaponiýa)
13-nji sapak: Ýehowa saňa batyrgaý bolmaga kömek eder
10 ýaşly Tomoaki (Ýaponiýa)
6-njy sapak: Haýyş et we sag bol aýt
7 ýaşly Samuel (Meksika)
9-njy sapak: «Ähli zady Ýehowa ýaratdy»
6 ýaşly Adrianna (ABŞ)
92-nji aýdym: «Sözi wagyz et»
11 ýaşly Antoni (ABŞ)
2-nji sapak: Ýehowa gulak as