Ýehowanyň wadalaryna iman ediň
«Iman... görünmeýän zatlary ynandyryjy deliller bilen görüp bilmekdir». ÝEW. 11:1, çykgyt
AÝDYMLAR: 54, 43
1. Biz iman häsiýetine nähili garaýyşda bolmaly?
IMAN — wajyp häsiýetleriň biri. Bu häsiýet ähli adamlarda bolmaýar (2 Sel. 3:2). Emma Ýehowa mukaddes ruhy arkaly gullukçylarynyň her birine «iman» häsiýetini berýär (Rim. 12:3; Gal. 5:22). Biz muňa minnetdar bolmaly.
2, 3. a) Imany bolan adam nähili bereketlere eýe bolup bilýär? b) Biz haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
2 Isa Mesih gökdäki Atasynyň adamlary özüne ýakynlaşdyrmak üçin Ogluny ýer ýüzüne iberendigini aýtdy (Ýah. 6:44, 65). Isa iman eden her bir adamyň günäleri bagyşlanýar we Ýehowanyň ebedilik dosty bolmak hormatyna eýe bolýar (Rim. 6:23). Biz şeýle ajaýyp bereketi almak üçin näme etmeli? Biz günäli bolandygymyz sebäpli ölýäris (Zeb. 103:10). Emma Ýehowa bizde hemişe bir gowy zady görýär. Ol merhemeti arkaly biziň hoş habary eşitmegimize mümkinçilik döretdi. Şeýlelikde, biz ebedi ýaşaýşa ýol açan Isa iman edýäris (1 Ýahýa 4:9, 10-njy aýatlary okaň).
3 Aslynda, iman näme? Bu Hudaýyň bize nähili bereketleri berjekdigini ýöne bir bilmegi aňladýarmy? Iň esasy zat bolsa, biz imanymyzy nädip iş ýüzünde görkezip bileris?
«ÝÜREGIŇIZDE... IMAN EDIŇ»
4. Iman sözüniň manysyny düşündiriň.
4 Iman etmeklik Hudaýyň niýetine düşünmekden has köp zady aňladýar. Ol adamy Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge höweslendirýär. Eger adam Hudaýyň halas etjekdigine iman etse, hoş habary wagyz etmäge höwesi artýar. Pawlus resul muny şeýle düşündirýär: «Eger siz Isany Halypamyz hökmünde agzyňyz bilen wagyz edip, ýüregiňizde Hudaýyň ony ölümden direldendigine iman etseňiz, onda halas bolarsyňyz. Sebäbi dogrulyk üçin ýürek bilen iman edilýändir, halas bolmak üçin bolsa, agyz bilen wagyz edilýändir» (Rim. 10:9, 10; 2 Kor. 4:13).
5. Imanyň nähili ähmiýeti bar we ony nädip berkitmeli? Mysal getiriň.
5 Hudaýyň berjek täze dünýäsinde ebedi ýaşamak üçin imanyň bolmaly we ony berkidip durmaly. Imanyňy berkitmekligi ösümligi yzygider suwaryp durmaklyga meňzetse bolýar. Emeli ösümlik hemişe şol bir durkuny saklaýar. Emma hakyky ösümlik beýle bolmaýar. Ony yzygider suwarmasaň ýa-da aşa çygly ýerde saklasaň solýar. Eger-de ýeterlik dereje suw berilmese, hatda ösüp oturan ösümligem guraýar. Biziň imanymyz barada hem şeýle diýse bolar. Ol ýa-ha gowşaýar, ýa-da ölýär (Luka 22:32; Ýew. 3:12). Eger biz imanymyza ýeterlik derejede üns bersek, ol gowşaman has-da «berkär» (2 Sel. 1:3; Tit. 2:2).
MUKADDES ÝAZGYLARDA AGZALÝAN IMAN
6. Ýewreýler 11:1-de agzalýan iman haýsy iki zady öz içine alýar?
6 Ýewreýler 11:1-i okaň. Bu aýatda agzalýan iman sözi göze görünmeýän iki zady öz içine alýar. Birinjiden, «umyt edýän zatlarymyzy». Muňa ähli erbetligiň ýok edilip, täze dünýäniň gelmegi baradaky wakalar degişli. Ikinjiden, «görünmeýän zatlar». Aýatdaky «ynandyryjy deliller» diýip terjime edilen grek sözi göze görünmeýän zatlaryň bardygyny subut edýär. Meselem, biz Ýehowa Hudaýyň, Isa Mesihiň, perişdeleriň bardygyna we gökdäki Patyşalygyň edýän täsin işlerine ynanýarys (Ýew. 11:3). Biz umydymyzyň berkdigini we Hudaýyň Sözünde agzalýan görünmeýän zatlara ynanýandygymyzy nädip görkezip bileris? Biziň sözlerimiz we edýän işlerimiz imanymyzyň nähilidigini görkezýär.
7. Nuh pygamber bilen bolan waka iman sözüniň manysyna düşünmäge nädip kömek edýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
7 Ýewreýler 11:7-de: «Nuh iman edendigi üçin heniz görünmeýän zatlar hakynda Hudaýdan duýduryş aldy we Ondan gorkup, öý-içerisini halas etmek üçin gämi gurdy» diýilýär. Nuh pygamber äpet gämini gurmak bilen Hudaýa iman edýändigini görkezdi. Elbetde, adamlar ondan şeýle uly gämini näme üçin gurýandygyny sorandyrlar. Şonda Nuh pygamber dymyp durdymy ýa-da olara öz işiňiz bilen boluň diýdimi? Elbetde, ýok. Ol iman edendigi üçin batyrgaýlyk bilen Hudaýyň hökümini yglan etdi. Belki-de, Nuh pygamber adamlara Ýehowanyň «men bütin janly-jandarlaryň soňuna çykjak, çünki olar zerarly ýer ýüzi zulumdan doldy... men ýer ýüzüne sil gönderip, gökleriň astyndaky burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň ählisini ýok etjekdirin; ýer ýüzündäki zatlaryň barysy öler» diýen duýduryşyny birnäçe gezek aýdandyr. Şeýle-de ol adamlara halas bolmak üçin Hudaýyň «gämä münmelisiňiz» diýen tabşyrygyna gulak asmalydygyny gaýta-gaýta aýdan bolmaly. Hawa, Nuh pygamber «dogrulygy wagyz edip», Hudaýa iman edýändigini görkezdi (Gel. çyk. 6:13, 17, 18; 2 Pet. 2:5).
8. Ýakup şägirt iman sözüniň manysyny nädip düşündirýär?
8 Pawlus resulyň iman barada ýazanyndan biraz wagt geçensoň, Ýakup şägirt imandaşlaryna hat ýazýar. Pawlus resul ýaly Ýakup hem iman etmek üçin ýöne bir ynanmagyň ýeterlik däldigini aýdýar. Ol imanyňy iş ýüzünde görkezmelidigini nygtap, şeýle diýýär: «Sen maňa ýagşy işleri bolmadyk imanyňy görkez, men bolsa saňa ýagşy işleri bolan imanymy görkezeýin» (Ýak. 2:18). Ýakup ynanmak bilen iman etmegiň tapawudyny gowy düşündirýär. Meselem, jynlar Hudaýyň bardygyna ynanýarlar, ýöne oňa iman etmeýärler. Gaýtam, olar Hudaýa garşy çykyp, niýetini amala aşyrmaga päsgel berjek bolýarlar (Ýak. 2:19, 20). Ýakup şägirt Hudaýa iman eden adamlaryň biri barada aýdandan soň, şeýle sorag berýär: «Atamyz Ybraýym ogly Yshagy gurbanlyk sypasyna goýansoň, dogry adam hasaplanmadymy näme? Üns beren bolsaňyz, ol imanyny iş ýüzünde görkezdi we onuň imany eden işleri arkaly kämilleşdi». Soňra ol sözüni dowam edip, imanyňy iş ýüzünde görkezmegiň wajypdygy barada şeýle diýýär: «Bedeniň ruhsuz öli bolşy ýaly, iman hem iş ýüzünde görkezilmese ölüdir» (Ýak. 2:21—23, 26).
9, 10. Ýahýa resulyň sözleri iman etmegiň wajypdygyny nädip görkezýär?
9 Şondan 30 ýyl geçensoň, Ýahýa resul hoş habaryny we beýleki üç hatyny ýazýar. Ol Mukaddes Ýazgylary ýazan adamlaryň iman babatda aýdan zatlaryna doly düşünýärdimi? Elbetde! Mukaddes Ýazgylary ýazan beýleki adamlara garanda, Ýahýa resul «iman etmek» diýip terjime edilen grek işligini has köp ulanypdyr.
10 Meselem, ol şeýle diýýär: «Ogla iman eden ebedi ýaşaýşa gowşar; Ogla gulak asmaýan adam ýaşaýyş görmez, gaýtam, Hudaýyň gazabyna sezewar bolar» (Ýah. 3:36). Iman etmeklik Isanyň tabşyryklaryna gulak asmagy hem aňladýar. Ýahýa resul köplenç Isanyň sözlerine salgylanýardy. Ol Hudaýa iman edýändigiňi hemişe iş ýüzünde görkezmelidigini aýtdy (Ýah. 3:16; 6:29, 40; 11:25, 26; 14:1, 12).
11. Biz Hudaýa hakykaty açandygy üçin nädip minnetdar bolup bileris?
11 Biz Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly hakykaty bilmäge we hoş habara iman etmäge ýol açandygyna örän minnetdar (Luka 10:21-i okaň). Şeýle-de biz Ýehowanyň «imanymyzyň Baş Ýolbaşçysy we Kämilleşdirijisi» bolan Ogly arkaly özi bilen dostlaşmaga mümkinçilik berendigine çäksiz begenýäris (Ýew. 12:2). Biz Hudaýyň merhemetine minnetdardygymyzy görkezmek üçin yzygider doga edip we her gün Mukaddes Ýazgylary okap, imanymyzy berkitmeli (Efes. 6:18; 1 Pet. 2:2).
12. Iman edýändigimizi nädip görkezip bileris?
12 Biz Ýehowanyň wadalaryna iman edýändigimizi hemişe iş ýüzünde görkezmeli. Biz muny birnäçe usullar bilen edip bileris. Meselem, Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edip, şägirt taýýarlamaly we «hemme adamlara, esasan-da, imandaşlarymyza ýagşylyk etmeli» (Gal. 6:10). Şonda adamlar iman edýän zatlarymyza görä ýaşaýandygymyza göz ýetirerler. Şeýle-de biz «öňki häsiýetlerimizi işleri bilen birlikde egnimizden çykaryp», ruhy taýdan gowşadýan zatlara garşy göreşmek üçin elimizde baryny etmeli (Kol. 3:5, 8—10).
HUDAÝA IMAN ETMEK ESASY TAGLYMATLARYŇ BIRI
13. «Hudaýa iman etmek» näme üçin wajyp? Ol näme hasaplanýar we näme üçin?
13 Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Adam iman etmese, Hudaýyň göwnünden turup bilýän däldir. Sebäbi Hudaýa ýakynlaşýan adam onuň bardygyna we ony ýürekden agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmelidir» (Ýew. 11:6). Injilde «Hudaýa iman etmek» esasy taglymatlaryň biri hasaplanýar, ýagny mesihçi bolup Hudaýa wepaly gulluk etmek üçin iman etmek wajyp (Ýew. 6:1). Mesihçiler «özüni Hudaýyň söýgüsinde saklamak» üçin diňe bir esasy taglymatlary öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, iman bilen bir hatarda beýleki häsiýetleri hem ösdürmeli (2 Petrus 1:5—7-nji aýatlary okaň; Ýahd. 20, 21).
14, 15. Imana hem näme üçin söýgi ýaly wajyp häsiýet diýse bolar?
14 Mukaddes Ýazgylarda imanyň wajypdygy barada ýüzlerçe gezek aýdylýar. Emma beýleki häsiýetleriň hiç biri hakda şeýle köp agzalmaýar. Iman mesihçiler üçin iň gerekli häsiýetmi?
15 Pawlus resul imany söýgi häsiýeti bilen deňeşdirip şeýle diýdi: «Hatda daglary ýerinden gozgajak imanym bolup-da, söýgim bolmasa, onda men hiç zatdyryn» (1 Kor. 13:2). Isa-da «Musanyň kanunynda iň wajyp tabşyryk haýsy?» diýip soranlarynda, Hudaýy söýmegiň ähli zatdan wajypdygyny aýtdy (Mat. 22:35—40). Söýgi häsiýeti mesihçilere mahsus bolan köp wajyp häsiýetleri, şol sanda imany öz içine alýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Söýgi... ähli zada iman edýändir» diýilýär. Bu Hudaýyň Sözünde aýdylýan zatlaryň hakykatdygyna iman etmegi aňladýar (1 Kor. 13:4, 7).
16, 17. Mukaddes Ýazgylarda iman bilen söýginiň wajyplygy nädip görkezilýär? Olaryň haýsysy uly we näme üçin?
16 Mukaddes Ýazgylary ýazan adamlar köplenç iman bilen söýgi häsiýetini şol bir sözlemde ýa-da ikisini bir ýerde birnäçe gezek agzaýarlar. Bu bolsa şol häsiýetleriň wajypdygyny görkezýär. Meselem, Pawlus resul imandaşlaryna «iman sowudyny, söýgini» geýmegi ündeýär (1 Sel. 5:8). Petrus hem: «Siz Mesihi hiç haçan görmeseňiz-de, ony söýýärsiňiz. Siz ony häzirem görmeýärsiňiz, emma oňa iman edýärsiňiz» diýip ýazdy (1 Pet. 1:8). Ýakup şägirt bolsa mesh edilenlere ýüzlenip şeýle diýdi: «Hudaý bu dünýäniň garyp saýýan adamlaryny saýlap, olary imana baý etdi. Şeýle-de Özüni söýýänlere wada berişi ýaly, olary Patyşalygyň mirasdarlary etmäge saýlady» (Ýak. 2:5). Ýahýa resul bolsa: «Hudaýyň tabşyrygy şudur: onuň Ogly Isa Mesihe iman edip, onuň bize tabşyryşy ýaly, bir-birimizi söýmelidiris» diýip ýazdy (1 Ýah. 3:23).
17 Iman etmek wajyp bolsa-da, biz Hudaýyň wadalaryna we umyt edýän zatlarymyza gowşanymyzda, şol zatlara iman etmek gerek bolmaz. Emma Hudaýa we ýakynymyza bolan söýgini hiç haçan sowatman, gaýtam, artdyrmaly. Pawlus resul bu barada şeýle diýdi: «Emma häzir şu üçüsi galýandyr: iman, umyt, söýgi; olaryň iň ulusy bolsa söýgüdir» (1 Kor. 13:13).
HAKYKY IMAN
18, 19. Şu günler hakyky imanyň bardygy nämeden görünýär we muny kimiň kömegi bilen edip bilýäris?
18 Şu günlerem Ýehowanyň halky Patyşalygyň dikeldilendigine iman edýärler. Netijede, bütin dünýä boýunça 8 milliondan gowrak adam häzirden ruhy jennetde ýaşap, Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi bolan ajaýyp häsiýetleri ösdürmäge jan edýärler (Gal. 5:22, 23). Eýsem, bu mesihçileriň imanynyň berkdigini we söýgüsiniň güýçlüdigini görkezmeýärmi näme?!
19 Hiç bir adam bu häsiýetleri öz güýji bilen ösdürip bilmeýär. Muny diňe Ýehowa Hudaýyň kömegi bilen başaryp bilýäris. Bu bolsa «(Ýehowa) şöhrat getirýär, ölmez-ýitmez ebedi alamat bolar» (Iş. 55:13). Dogrudan-da, «bu Hudaýyň sowgady», sebäbi biz «imanymyz bilen halas bolarys» (Efes. 2:8). Ruhy jennet has hem giňelip, bütin ýer ýüzi Ýehowanyň adyny ebedilik şöhratlandyrjak kämil, dogry we bagtly adamlardan dolar. Geliň, mundan beýläk hem Ýehowanyň wadalaryna iman edip ýaşalyň!