«Nätanyş adama söýgi bildirmegi unutmaň»
«Nätanyş adama söýgi bildirmegi unutmaň».—ÝEW. 13:2, çykgyt
AÝDYMLAR: 50, 25
1, 2. a) Şu günler ýat ýerden gelenler nähili kynçylyklara duş gelýärler? b) Pawlus resul mesihçilere nähili maslahat berdi we şu makalada haýsy soraglara serederis? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
TAKMYNAN 30 ýyl mundan öň, Ganada ýaşaýan Osa 1 Ýewropa barýar. Şol wagt ol Ýehowanyň Şaýady däldi. Osa şeýle gürrüň berýär: «Men uçardan düşen badyma aglap başladym. Sebäbi ýüzümi ýalap barýan sowuk howany ömrümde hiç haçan görmändim. Aýazly howa we adamlaryň sowuk garaýşy sustuňy basýardy». Osa şol ýeriň dilini gowy bilmeýändigi üçin bir ýyldanam gowrak işsiz kösenýär. Ol maşgalasyndan aýra düşüp, özüni ýeke duýýar we öýüni küýseýär.
2 Eger siz şeýle ýagdaýa uçrasaňyz, adamlaryň näme etmegini islärdiňiz? Milletiňize ýa-da tiräňize garamazdan, sizi mähirli garşylasalar begenerdiňizmi? Pawlus resul mesihçilere «nätanyş adama söýgi bildirmegi unutmazlygy» maslahat berýär (Ýew. 13:2, çykgyt). Biz şu makalada şeýle soraglara serederis: Ýehowa ýat ýerden gelenlere nähili garaýar? Biz ýat ýerden gelenlere nähili garaýyşda bolmaly? Olara ýygnakda özüni ýeke duýmaz ýaly nädip kömek edip bileris?
ÝEHOWA ÝAT ÝERDEN GELENLERE NÄHILI GARAÝAR?
3, 4. Müsürden çykyş 23:9-a görä Hudaýyň halky gelmişeklere nähili garaýyşda bolmalydy we näme üçin?
3 Ýehowa ysraýyllylary Müsürden azat edensoň, olara özge milletden bolan adamlar bilen gatnaşmak barada ýörite kanunlary berdi (Müs. çyk. 12:38, 49; 22:21). Köplenç ýat adamlar kömege mätäç bolýar. Şol sebäpli Ýehowa olaryň söýgi bilen aladasyny edýär. Meselem, Musanyň kanunynda gelmişeklere ekin meýdanynda hoşa çöplemäge rugsat berilýärdi (Lew. 19:9, 10).
4 Ýehowa ýat ýerden gelenlere hormat goýmagy öwretmek üçin ysraýyllylara özleri bilen bolan wakany ýatlatdy (Müsürden çykyş 23:9-y okaň) *. Olar «gelmişek bolup ýaşamagyň» nähilidigine gowy düşünýärdiler. Hatda olar gul bolmankalaram, müsürliler milletiniň we dini düşünjeleriniň tapawutlanýandygy sebäpli olary ýigrenýärdi (Gel. çyk. 43:32; 46:34; Müs. çyk. 1:11—14). Ysraýyllylar ýat ýurtda köp kynçylyklary başdan geçirseler-de, Ýehowa olara aralarynda ýaşaýan gelmişeklere «ýurtdaşy» ýaly garamalydygyny aýtdy (Lew. 19:33, 34).
5. Ýat ýerden gelenlere Ýehowanyňky ýaly garaýyşda bolmaga näme kömek eder?
5 Ýehowanyň şu günlerem ýygnagymyzdaky ýat ýerden gelen adamlaryň aladasyny edýändigine asla şübhelenmän bileris (Kan. tag. 10:17—19; Mal. 3:5, 6). Eger biz olaryň medeniýetimizi we dilimizi öwrenmek üçin nähili kynçylyklary başdan geçirýändigi barada oýlansak, olara söýgi hem duýgudaşlyk bildirer ýaly mümkinçilik gözläris (1 Pet. 3:8).
ÝAT ÝERDEN GELENLERE NÄHILI GARAÝYŞDA BOLMALY?
6, 7. I asyrdaky mesihçileriň öňden galan düşünjeleri bilen göreşendikleri nämeden görünýär?
6 I asyrdaky mesihçiler öňden galan we ýehudylaryň arasynda giňden ýaýran düşünjeleri bilen göreşmeli bolýardylar. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Iýerusalimde ýaşaýan mesihçiler täze dörän özge milletden bolan ýygnagyň agzalaryna myhmansöýerligini görkezdiler (Res. iş. 2:5, 44—47). Ýehudy mesihçileriň başga milletden bolan imandaşlarynyň aladasyny etmegi olaryň «myhmansöýerlik» sözüniň manysyna, ýagny «nätanyş adama söýgi bildirmegiň» näme aňladýandygyna gowy düşünendiklerini görkezýär.
7 Emma mesihçiler ýygnagynyň ösmegi bilen ýagdaý birden özgerýär. Meselem, ýehudylaryň arasynda grekçe gepleýän mesihçiler dul aýallara adalatsyzlyk edilýändigi üçin nägile bolup başlaýarlar (Res. iş. 6:1). Resullar bu meseläni çözmek we hemmeleriň aladasyny etmek üçin, ýedi adamy saýlaýarlar. Olaryň ýedisi hem grekdi. Bu bolsa resullaryň mesihçileriň arasynda bölünişik döredýän milletparazlygyň bolmagyny islemändigini aýan edýär (Res. iş. 6:2—6).
8, 9. a) Bizde öňden galan düşünjeleriň ýa-da milletimize bolan buýsanjyň bardygy nämeden görünýär? b) Biz nämäni ýüregimizden köki bilen sogrup aýyrmaly? (1 Pet. 1:22).
8 Adam islese, islemese-de, oňa ýaşaýan ýeriniň medeniýeti güýçli täsir edýär (Rim. 12:2). Mundan başga-da goňşularymyzyň, işdeşlerimiziň ýa-da klasdaşlarymyzyň başga medeniýetden, taýpadan ýa-da tireden bolan adamlar barada aýdýan kemsidiji gürrüňleri bize täsir edip bilýär. Kimdir biri biziň milletimiz ýa medeniýetimiz bilen bagly zatlary ýoýup gürrüň berse ýa-da dil ýetirse özümizi nähili duýarys?
9 Petrus resul hem başda ýehudy bolmadyk adamlara nädogry garaýyşdady. Emma Res. iş. 10:28, 34, 35; Gal. 2:11—14). Eger bizde hem öňden galan düşünjämiz we milletimize bolan buýsanç bar bolsa, ony ýüregimizden köki bilen sogrup aýyrmaly (1 Petrus 1:22-ni okaň). Aslynda, biziň hiç birimiz halas bolmaga mynasyp däl. Sebäbi biz haýsy milletden bolsak-da ählimiz bikämil (Rim. 3:9, 10, 21—24). Eger şeýle bolsa, onda özümizi başgalardan ýokary tutmaga bizde hiç hili sebäp ýok (1 Kor. 4:7). Bizem Pawlus resulyňky ýaly garaýyşda bolmaly. Ol mesh edilen ýoldaşlaryna: «Indi siz ýat we gelmişek dälsiňiz, gaýtam... Hudaýyň maşgala agzalarysyňyz» diýdi (Efes. 2:19). Eger biz başga milletden bolan adamlar barada öňden galan düşünjelerimizi aýyrmak üçin elimizde baryny etsek, täze häsiýetleri ösdüreris (Kol. 3:10, 11).
ol öňden galan nädogry garaýşyny köki bilen sogrup aýyrmagy öwrenipdi (ÝAT ADAMLAR BILEN NÄDIP MÄHIRLI BOLUP BILERIS?
10, 11. Bowaz mowaply Ruta Ýehowanyň garaýşy ýaly garaýandygyny nädip görkezdi?
10 Bowaz ýat adamlara Ýehowanyň garaýşy ýaly garaýandygyny görkezdi. Bir güni ol ekin meýdanyna barýar. Şonda onuň arman-ýadaman hoşa çöpläp ýören mowaply Ruta gözi düşýär. Rutuň hoşa çöplemäge doly hukugy bolsa-da, orakçydan rugsat soraýar. Bowaz muny eşidende, oňa desseleriň arasyndan hoşa çöplemäge rugsat berip jomartlyk bildirdi (Rut 2:5—7, 15, 16-njy aýatlary okaň) *.
11 Bu waka Bowazyň ýat ýerden gelen Rutuň aladasyny edendigini we onuň ýagdaýyna düşünendigini görkezýär. Bowaz, ilki bilen, ekin meýdandaky erkek adamlar Ruty kemsitmez ýaly oňa aýallaryň ýanynda işlemäge rugsat berýär. Şeýle-de onuň hakyna tutma işçiler ýaly çaý-çöreginiň bolmagynyň aladasyny edýär. Bowaz ýat ýerden gelen garyp dul aýaly kemsitmän, gaýtam, oňa teselli berýär (Rut 2:8—10, 13, 14).
12. Mähirliligimiz ýat ýerden gelen adamlara nähili täsir edip biler?
12 Bowaz Ruta diňe bir gaýynenesi Nagomä wepaly söýgüsini bildirendigi üçin däl-de, Ýehowanyň gullukçysy bolandygy üçin hormat goýdy. Rut «Ysraýylyň Hudaýy» Ýehowany özüne pena edinendigi üçin Bowaz mähir bilen onuň aladasyny etdi. Bu bolsa Ýehowanyň Ruta wepaly söýgüsini bildirendigini aýan edýär (Rut 2:12, 20; Sül. tym. 19:17). Şu günler bizem «ähli adamlar» bilen mähirli bolup, olara Ýehowa barada hakykaty bilmäge we adamlary söýýändigine düşünmäge ýardam edýäris (1 Tim. 2:3, 4).
13, 14. a) Biz ýat ýerden gelen adamlary näme üçin mähirli garşylamaly? b) Biz medeniýeti tapawutlanýan adam bilen nädip gürrüňdeş bolup bileris?
13 Biz ýygnagymyza ýat ýerden gelen adamlary güler ýüz bilen garşylap, olara mähirli bolup bileris. Käte göçüp gelen adamlar utanjaňlygy sebäpli gürrüňdeş bolmaga çekinýärler. Olar alan terbiýesi ýa-da durmuşdaky orny sebäpli başga milletli adamdan özlerini pes tutmagy mümkin. Şol sebäpli biz mähirli bolup, olar bilen akýürekden gyzyklanmaly. Biz başga milletdäki adamlaryň dilinde salamlaşmagy öwrenmek üçin «JW Language» programmasyndan peýdalanyp bileris (Filipililer 2:3, 4-nji aýatlary okaň).
14 Belki-de, siz başga milletdäki adam bilen nädip gürrüňe başlajakdygyňyzy bilýän
dälsiňiz. Şeýle duýgulary ýeňip geçmek üçin ilki özüňiz barada biraz gürrüň berip bilersiňiz. Şonda siz biri-biriňizden tapawutlanýan zatlara garanda, meňzeş zatlaryň köpdügine we her medeniýetiň güýçli hem gowşak taraplarynyň bardygyna göz ýetirersiňiz.ÖZÜNI ARKAÝYN DUÝMAGA KÖMEK EDIŇ
15. Ýat ýerden gelen adamlara nämä öwrenişmek kyn bolýar we biz olaryň ýagdaýyna düşünmek üçin näme etmeli?
15 Ýat adamlara özüni arkaýyn duýmaga kömek etmek üçin özümize şeýle sorag berip bileris: «Eger men daşary ýurda barsam, maňa näme etmeklerini islärdim?» (Mat. 7:12). Adatça, ýat ýerden gelen adamlara başga medeniýete öwrenişmek kyn bolýar. Ilkibaşda, biz olaryň garaýşyna ýa-da özlerini alyp barşyna geň galmagymyz mümkin. Olaryň ýagdaýyna düşünmek üçin sabyrly bolmaly. Eýsem, olardan medeniýetimize görä ýaşamagy talap etmegiň deregine, özümiz olaryň medeniýetini öwrensek gowy bolmazmy? (Rimliler 15:7-ni okaň).
16, 17. a) Ýat ýerden gelenler bilen has ýakyndan tanyşmak üçin näme edip bileris? b) Olara nädip kömek edip bileris?
16 Eger biz daşary ýurtdan gelen adamlaryň ýaşaýşyny we medeniýetini öwrensek, olar bilen dil tapyşmak aňsat bolar. Meselem, biz ýygnagymyzdaky ýa-da ýaşaýan ýerimizdäki ýat adamlaryň medeniýeti barada gözleg geçirip bileris. Şeýle-de olary myhmançylyga çagyryp bileris. Ýehowa «başga halklaryň hem iman etmegi üçin olara ýol açdy». Eýsem, bizem ýat adamlara «ýagşylyk etmek» üçin gapymyzy giňden açmaly dälmi näme? (Res. iş. 14:27; Gal. 6:10; Eýp. 31:32).
17 Geliň, daşary ýurtdan gelen adamlar bilen gürrüňdeş bolmak üçin wagtymyzy gaýgyrmalyň. Olaryň medeniýetimize öwrenişmek üçin köp tagalla edýändiklerini göz öňünde tutup, olary goldamaga jan Sül. tym. 3:27).
edeliň. Şeýle-de olara ýerli halkyň dilini öwrenmäge ýardam edip bileris. Mundan başga-da olara ýaşar ýaly jaý tapmak ýa-da işe girmek üçin gerekli dokumentleri düzetmäge kömek edip bileris. Şeýle kömek olaryň durmuşyna güýçli täsir eder (18. Daşary ýurtdan gelen adamlar Rutuň mysalyndan näme öwrenip biler?
18 Daşary ýurtdan gelen adamlar ýerli halkyň medeniýetine öwrenişmek üçin elinde baryny edýärler. Rut hem bu babatda gowy görelde galdyrdy. Birinjiden, ol hoşa çöplemek üçin rugsat soramak bilen ýerli halkyň däp-dessurlaryna hormat goýýandygyny görkezdi (Rut 2:7). Rut hoşa çöplemäge bolan hukugyny öz peýdasyna ulanyp, başgalardan hantama bolup oturmady. Ikinjiden, ol özüne edilen kömek üçin ýürekden minnetdarlyk aýtdy (Rut 2:13). Şu günlerem ýat ýerden gelen adamlar Rutuňky ýaly garaýyşda bolup, ýerli halkyň we dogan-uýalaryň hormatyny gazanýarlar.
19. Daşary ýurtdan gelenlere mähirli bolmaga nähili sebäpler bar?
19 Biz Ýehowanyň hoş habary eşitmekleri üçin ähli milletdäki adamlara merhemet edýändigine diýseň begenýäris. Belki-de, ýat ýerden gelen adamlar öz ýurdunda Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip ýa-da Ýehowanyň Şaýatlary bilen aç-açan gürrüňdeş bolup bilýän däldirler. Emma indi olarda şeýle mümkinçilik bolandygy üçin, biz olara özlerine gelmişek ýaly duýmazlyga kömek etmeli dälmi näme? Biz artyk zadymyz bolmasa-da ýa el kömegini berip bilmesek-de, olar bilen mähirli bolsak, Ýehowanyň olary söýýändigini görkezeris. Şol sebäpli, geliň, «Hudaýdan görelde alyp», ýat ýerden gelenlere mähirli bolmak üçin elimizde baryny edeliň (Efes. 5:1, 2).
^ 1) 1-nji abzas. Ady üýtgedilen.
^ abzas 4 Müsürden çykyş 23:9 Gelmişege zulum etmäň. Gelmişegiň ýüregini bilýänsiňiz, çünki siziň özüňiz hem Müsürde gelmişek bolup ýaşapdyňyz.
^ abzas 10 Rut 2:5 Bowaz orakçylaryň ýolbaşçysyndan: «Bu gelin kim?» diýip sorady. 6 Orakçylaryň ýolbaşçysy oňa: «Bu mowaply gelin. Ol Nagomy bilen bilelikde Mowap ýurdundan gelen. 7 Ol orakçylaryň yzyndan hoşa çöplemek üçin menden rugsat sorady. Irdenki gelşinden tä şu wagta çenli hoşa çöpläp ýör, işiň aralygynda ýekeje salym hem dynç almady» diýip jogap berdi. 15 Ol hoşa çöplemek üçin ýerinden galanda, Bowaz özüne degişli erkek adamlara: «Desseleriň arasyndan-da çöplesin. Oňa hiç zat diýmäň. 16 Oňa desseleriňizden-de baş sogrup goýuň; çöplesin, käýemäň» diýip tabşyrdy.