Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowa «sena ediň»!

Ýehowa «sena ediň»!

«Rebbe sena ediň... sena ýakymly we ýaraşyklydyr». ZEB. 147:1

AÝDYMLAR: 9, 152

1—3. a) 147-nji mezmur haçan ýazylan bolmaly? b) Biz bu mezmurdaky sözlerden näme öwrenip bileris?

ADATÇA, tabşyrygy gowy ýerine ýetirýän ýa-da Ýehowa mahsus häsiýetleri görkezýän adamy öwýärler. Eger şeýle adamlar öwgä mynasyp bolsa, onda Ýehowa Hudaý oňa has-da köp mynasyp dälmi näme?! Ýaradylan zatlara syn edip, Ýehowanyň beýik güýji ýa-da Oglunyň töleg gurbany arkaly bildiren mähirli söýgüsi hakda oýlansak, ony şöhratlandyrmaga höwesimiz artar.

2 147-nji mezmurdan ony ýazan adamyň Ýehowany şöhratlandyrmak isländigini görse bolýar. Ol başgalary hem Hudaýa sena etmäge çagyrýar (Zebur 147:1, 7, 12-nji aýatlary okaň).

3 Biz bu mezmury kimiň ýazandygyny anyk bilmeýäris. Emma onuň ysraýyl halkynyň Wawilondan çykyp, Iýerusalime gelen döwründe ýaşandygyny bilse bolýar (Zeb. 147:2). Mezmurçy Hudaýyň halkynyň hakyky seždäni dikeltmek üçin dolanandygyny görüp, Ýehowany şöhratlandyrmaga höweslenýär. Emma onuň Hudaýa alkyş aýtmaga başga-da sebäpleri bardy. Nähili? Ýehowany şöhratlandyrmaga bizde nähili sebäpler bar?

ÝEHOWA GÖWNI SYNYKLARA ŞYPA BERÝÄR

4. Pars patyşasy Kir ysraýyllylary haçan sürgünden azat etdi, bu olara nähili täsir etdi we näme üçin?

4 Geliň, ysraýyl halkynyň Wawilondaka, özlerini nähili duýandygy barada oýlanyp göreliň. Sürgün eden adamlar olaryň üstünden gülüp: «Bize Siondan bir aýdym aýdyň» diýýärdiler. Emma Iýerusalimiň haraba öwrülendigi üçin, olar Ýehowada şatlanyp bilmeýärdiler (Zeb. 137:1—3, 6). Ýehudylaryň aýdym aýtmaga höwesi ýokdy. Olaryň gam-gussadan doly ýüregi tesellä mätäçdi. Emma pygamberlikde aýdylyşy ýaly, Pars patyşasy Kir (Kureş) olary sürgünden azat etdi. Wawilony basyp alanda, ol ysraýyllylara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Gökdäki Hudaý Reb... Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne bir öý gurmagy emr etdi. Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, ýurduňyza dolanyň. Hudaýyňyz Reb size ýar bolsun!» (2 Ýyl. 36:23). Bu sözleri eşiden ysraýyllylar, gör, nähili begenendir!

5. Mezmurçy Ýehowanyň şypa berýändigi barada näme diýdi?

5 Ýehowa diňe tutuş halka däl-de, eýsem, olaryň her birine aýratynlykda teselli berdi. Ol häzirem şeýle edýär. Mezmurçy Hudaý barada: «Göwni synyklara şypa berýär, olaryň ýaralaryny daňýar» diýip ýazdy (Zeb. 147:3). Hawa, Ýehowa kynçylyklara uçran adamlaryň hem beden, hem duýgy taýdan aladasyny edýär. Ol bize ýürekden teselli berýär we ýaralarymyzy daňýar (Zeb. 34:18; Iş. 57:15). Islendik kynçylyklara döz gelip biler ýaly, Ýehowa bize akyldarlyk we güýç berýär (Ýak. 1:5).

6. Zebur 147:4-däki sözlerden näme öwrenip bileris? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

6 Soňra mezmurçy ünsüni gökdäki zatlara gönükdirip, Ýehowanyň «ýyldyzlaryň sanyny hasaplaýandygyny» we «ählisiniň adyny tutup çagyrýandygyny» aýdýar (Zeb. 147:4). Eýsem, ol näme üçin birdenkä ýyldyzlar barada gürrüň edip başlaýar? Mezmurçy gözüni göge dikip, ençeme ýyldyzlary görse-de, olaryň sanynyň näçedigini bilmeýär. Ýyllar geçdigi saýyn, gökdäki ýyldyzlaryň sanynyň has köpdügine göz ýetirýärler. Meselem, käbirleri biziň ýaşaýan galaktikamyzda, ýagny Akmaýanyň ýolunda milliardlarça ýyldyzlaryň bardygyny aýdýarlar. Tutuş älem-jahanda bolsa trillion galaktikanyň bolmagy mümkin. Biz ýyldyzlaryň sanyny bilmesek-de, olary ýaradan Hudaý hersine at berdi. Diýmek, her ýyldyzyň aýratyn orny bar (1 Kor. 15:41). Onda ýer ýüzündäki adamlar Ýehowa üçin has-da gymmatly dälmi näme?! Her ýyldyzyň nirede ýerleşýändigini bilýän Hudaý sizi-de tanaýar; ol siziň nirede we nähili duýgulary başdan geçirýändigiňizi, haçan hem-de nämä mätäçdigiňizi bilýär.

7, 8. a) Ýehowa gullukçylaryna kynçylyklarynda nädip kömek edýär we nämäni göz öňünde tutýar? b) Ýehowanyň duýgudaşlygy bikämil adamlara nädip kömek edýär? Mysal getiriň.

7 Ýehowa diňe bir gündelik zerurlyklarymyz barada alada etmän, eýsem, kynçylyklara döz gelip biler ýaly, bize güýç berýär hem-de duýgudaşlyk bildirýär (Zebur 147:5-i okaň). Belki-de, biz düşen ýagdaýymyzy çekip-çydardan has agyr hasaplaýandyrys. Emma Hudaý biziň ýagdaýymyza düşünýär, sebäbi «toprakdandygymyz Onuň ýadynda» (Zeb. 103:14). Bikämil bolandygymyz üçin, biz käte şol bir ýalňyşlyklary goýberýäris. Wagtal-wagtal ten höwesleriň täsirine düşüp, aýdan sözümize ökünýäris ýa-da başgalara göriplik edýäris. Hiç haçan ýalňyşmasa-da, Ýehowanyň biziň ýagdaýymyza doly düşünýändigi diýseň geň galdyrýar. Dogrudan-da, onuň düşünjesi akyla sygmaz! (Iş. 40:28).

8 Mümkin, sizem Ýehowanyň güýji bilen ençeme synaglara döz gelensiňiz (Iş. 41:10, 13). Meselem, Kioko atly pioner uýamyzy başga ýere gulluk etmäge iberenlerinde, göwnüçökgünlige düşýär. Ýehowa onuň ýagdaýyna düşünýärdimi? Kioko göçüp baran ýerinde duýgularyna düşünýän joralary tapdy. Şonda hamala Ýehowa oňa: «Men seni diňe bir pioner bolandygyň üçin däl, eýsem, gyzym bolandygyň we özüňi maňa bagyş edendigiň üçin söýýärin. Maňa gulluk edip, durmuşdan şatlyk tapmagyňy isleýärin!» diýen ýaly boldy. Sizem Gudratygüýçli Ýehowanyň «düşünjesiniň çäksizdigine» göz ýetirip gördüňizmi?

ÝEHOWA ZERURLYKLARYMYZY KANAGATLANDYRÝAR

9, 10. Ýehowa kömek edende ilki näme edýär? Mysal getiriň.

9 Biz pul ýetmezçiliginden hem kösenmegimiz mümkin. Belki-de, siz «näme iýeris» diýip alada edýänsiňiz. Emma tebigaty ýaradan Ýehowa hatda «jüýgüldeşýän garga çagalaryna hem iýmit berýändir»! (Zebur 147:8, 9-njy aýatlary okaň). Eger Ýehowa gargalary iýmitlendirýän bolsa, onda ol biziňem maddy zerurlyklarymyzyň aladasyny eder (Zeb. 37:25).

10 Ilki bilen, Ýehowa «ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygyny» berip, ruhy zerurlyklarymyzyň aladasyny edýär (Flp. 4:6, 7). Geliň, Mutsuo we onuň aýaly bilen bolan waka seredeliň. 2011-nji ýylda Ýaponiýada sunami bolanda, olar Ýehowanyň güýçli goldawyny duýdular. Mutsuo aýaly bilen jaýynyň üçegine çykyp, sunamiden halas bolsalar-da, bir günüň içinde ähli zatlaryndan mahrum boldular. Olar garaňky we sowuk gijäni weýran bolan öýüniň ikinji gatynda geçirdiler. Ertesi irden ruhlanmak üçin edebiýatlary gözlänlerinde, olar 2006-njy ýylyň «Ýyllyk kitabyndan» başga hiç zat tapmaýarlar. Birdenkä, Mutsuonyň «Taryhda bolan iň aýylganç sunami» diýen sözbaşa gözi düşýär. Ol 2004-nji ýylda Sumatrada bolan ýertitremäniň netijesinde emele gelen güýçli sunami hakdady. Bu wakany gözýaş bilen okap, olar mähriban Hudaýymyzyň tüýs gerek wagtynda ruhy taýdan goldaýandygyny duýdular. Ýehowa olaryň maddy taýdan aladasyny etmegi hem unutmady. Dogan-uýalar olary gerekli zatlar bilen üpjün etdiler. Esasan-da, ýygnaga Hudaýyň guramasynyň wekilleri gelende, olar has-da ruhlandylar. Mutsuo şeýle diýýär: «Men Ýehowanyň her birimiziň ýanymyzda durup, aladamyzy edýändigini duýdum. Eýsem, mundan güýçli teselli barmy näme?!» Görşümiz ýaly, Hudaý bizi, esasan, ruhy taýdan goldaýar. Ýöne ol maddy zerurlyklarymyzy hem unutmaýar.

HUDAÝYŇ HALAS EDIJI GÜÝJI

11. Hudaýyň halas etmegini islesek, biz näme etmeli?

11 Ýehowa «görgülileri goldamaga» hemişe taýyn (Zeb. 147:6a). Emma Onuň halas etmegini islesek, biz öz tarapymyzdan nähili ädimleri ätmeli? Munuň üçin Onuň bilen dostlugymyzy berkitmeli we pespälligi ösdürmeli (Sef. 2:3). Pespäl adamlar erbetligi we onuň getiren zyýanyny özleri däl-de, Hudaýyň düzetmegine garaşýarlar. Şeýle adamlar Ýehowanyň razylygyny gazanýarlar.

12, 13. a) Ýehowanyň kömek etmegini islesek nämeden gaça durmaly? b) Biz nädip Ýehowanyň göwnünden turup bileris?

12 Hudaý «erbetleri bolsa ýere çalýandyr» (Zeb. 147:6b). Nähili güýçli aýdylan sözler! Ýehowanyň gahar-gazabyna sezewar bolman, gaýtam, merhemetine mynasyp bolar ýaly, Onuň ýigrenýän zatlaryny ýigrenmeli (Zeb. 97:10). Meselem, biz ahlaksyzlykdan gaça durmaly. Munuň üçin erbet işlere we şol sanda pornografiýa görmäge iterýän islendik zatdan daşda durmaly (Zeb. 119:37; Mat. 5:28). Elbetde, muny etmek aňsat däl. Ýöne Ýehowanyň berýän berekedi edýän islendik tagallamyza degýär.

13 Şeýle göreşi alyp barmak üçin özümize däl-de, Ýehowa bil baglamaly. Eger biz «atyň güýjüne», ýagny adamlara bil baglasak, Ýehowanyň göwnünden turup bilerismi? Elbetde, ýok! Heý-de, özümize ýa-da «ynsan kuwwatyna» bil baglap halas bolup bilerismi? (Zeb. 147:10). Biz Ýehowadan kömek diläp, oňa ýakynlaşmaly. Ynsan maslahatçylaryndan tapawutlylykda, Ýehowa gaýta-gaýta ýalbaryp ýüz tutsak-da, ol dileglerimizi diňlemekden ýadamaýar. Ýehowa «Özünden gorkýanlardan, Öz merhemetine umyt baglaýanlardan hoşallanýar» (Zeb. 147:11). Onuň merhemetine bil baglasak, erbet höweslerimizi ýeňmäge kömek eder.

14. Mezmurçy nämä ynanýardy?

14 Ýehowanyň mätäç wagtymyz kömek etjekdigine şübhelenmäge bizde hiç hili sebäp ýok. Mezmurçy Iýerusalimi dikeltmek barada oýlananda, Ýehowa hakda şeýle nagma aýtdy: «Ol seniň derwezeleriň sürme kiltlerini mäkämleýär; içiňde ýaşaýan halkyna ak pata berýär. Seniň çäkleriňe parahatçylyk berýär» (Zeb. 147:13, 14). Hudaýyň öz gullukçylaryny goramak üçin şäheriň derwezelerini mäkämlejekdigi mezmurçyny, gör, nähili ruhlandyrandyr!

Kynçylyga uçranymyzda, Hudaýyň Sözi nädip kömek edip biler? (15—17-nji abzaslara serediň)

15—17. a) Biz käte kynçylyklarda özümizi nähili duýmagymyz mümkin, ýöne Ýehowa Sözi arkaly nädip kömek edýär? b) Haýsy manyda Ýehowanyň «sözüniň tiz ýaýraýandygyny» düşündiriň.

15 Käte biynjalyk bolmagymyza düşýän kynçylyklarymyz hem sebäp bolmagy mümkin. Şeýle ýagdaýyň hötdesinden gelmäge Ýehowa akyldarlyk berip biler. Mezmurçy: «Ol (Ýehowa) tabşyrygyny ýer ýüzüne iberýär; Onuň sözi tiz ýaýraýar. Gary ýüň kimin ýagdyrýar, gyrawy kül kimin sepeleýär. Buzuny bölek-bölek taşlaýar» diýip ýazýar. Soňra: «Onuň sowugynyň öňünde kim durup biler?» diýip sorag berýär. Beren soragyna bolsa jogap berip, Ýehowanyň «sözüni iberip, buzlary eredýändigini» aýdýar (Zeb. 147:15—18). Buzlara we garlara gözegçilik edýän akyldar hem-de Gudratygüýçli Hudaýymyz islendik kynçylyga döz gelmäge kömek edip biler.

16 Şu günler Ýehowa bize öz Sözi, ýagny Mukaddes Ýazgylar arkaly görkezme berýär. Ol muny «tiz ýaýraýan sözüniň» üsti bilen gerek wagtynda edýär. Siz Mukaddes Ýazgylar, «wepaly we paýhasly hyzmatkäriň» taýýarlan edebiýatlary, JW teleýaýlymy, jw.org saýty, ýygnak ýaşululary we imandaşlarymyz arkaly Ýehowanyň berýän kömegi hakda oýlanyp görüň (Mat. 24:45). Siz Ýehowanyň «tiz ýaýraýan sözi» arkaly görkezme berýändigini duýýarsyňyzmy?

17 Saýmona Hudaýyň Sözüniň güýjüne öz durmuşynda göz ýetirdi. Ol özüne pes baha berip, Hudaýyň göwnünden turup bilmerin öýdýärdi. Emma ol doga edip, Ýehowadan kömek soramagyny bes etmeýär we şahsy okuwyny yzygiderli geçirýär. Ol: «Men Ýehowanyň güýç we görkezme berýändigini hemişe duýýardym» diýýär. Bu zatlar uýamyza dogry garaýşyny saklamaga kömek etdi.

18. Siz Hudaýyň göwnünden turýandygyňyza nähili garaýarsyňyz we Ýehowa «sena etmäge» bizde nähili sebäpler bar?

18 Mezmurçy ysraýyl halkynda nähili bereketleriň bardygyny bilýärdi. Sebäbi şol döwürde diňe ysraýyllylara Hudaýyň «sözi,.. parzlary we hökümleri» berlendi (Zebur 147:19, 20-nji aýatlary okaň). Bizem şu günler ýer ýüzünde Hudaýyň adyny göterýän ýeke-täk halk. Ýehowany tanamak we diri Sözüni okap, Onuň bilen dostlukly gatnaşykdan lezzet almak nähili uly hormat! 147-nji mezmury ýazan adam ýaly bizde-de Ýehowa «sena etmäge» we muňa başgalary höweslendirmäge ençeme sebäpler bar.