Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Göz öňüne getirmek ukybyňyzy paýhasly ulanyň

Göz öňüne getirmek ukybyňyzy paýhasly ulanyň

YNSAN beýnisiniň agramy bary-ýogy 1,4 kg bolup, ol «älem-jahanda iň täsin zat hasaplanýar». Dogrudan-da, bu diýseň haýran galdyrýar! Biz beýnimiziň gurluşy barada näçe köp bilsek, şonça-da Ýehowanyň «ajaýyp» işlerini has-da gymmat saýarys (Zeb. 139:14). Geliň, beýnimiziň bir aýratynlygy, ýagny göz öňüne getirmek ukyby barada bileliň.

Göz öňüne getirmek ukyby näme? Bir sözlükde şeýle düşündirilýär: «Bu heniz bolmadyk bir zadyň pikirini etmek ýa-da bolup biläýjek ýagdaýlary göz öňüne getirmek». Siz bu ukybyňyzy ýygy-ýygydan ulanýan bolsaňyz gerek. Meselem, siz hiç haçan baryp görmedik bir ýeriňiz barada okap ýa-da eşidipdiňizmi? Belki, siz şol ýeri pikiriňizde suratlandyransyňyz? Dogrudan-da, biz görmedik, eşitmedik, iýip, elläp ýa-da ysgap görmedik zadymyz hakda pikir edenimizde, bu ukyby ulanýarys.

Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň adamlary öz keşbinde ýaradandygy aýdylýar (Gel. çyk. 1:26, 27). Bu Ýehowanyň hem göz öňüne getirmek ukybynyň bardygyny subut etmeýärmi näme? Hudaý bizi şeýle ukyp bilen ýaradandygy üçin, Onuň islegine düşünüp, wadalaryny göz öňüne getirip biler ýaly, bu ukyby dogry ulanmagymyzy isleýär (Wag. 3:11). Göz öňüne getirmek ukybymyzy paýhasly ulanmaga we ony nädogry ulanmakdan gaça durmaga näme kömek eder?

GÖZ ÖŇÜNE GETIRMEK UKYBYŇY NÄDOGRY ULANMAK

1. Erbet zatlaryň arzuwyny etmek.

Aslynda, bir zadyň arzuwyny etmek nädogry däl. Hatda arzuw etmek käte peýdaly hem bolýar. Wagyz kitaby 3:1-de: «Her zadyň öz wagty bar» diýilýär. Bu sözler wagtyňy paýhasly ulanmalydygyňy görkezýär. Meselem, biz ýygnak duşuşyklarynda ýa-da şahsy okuwyny geçirenimizde, pikirimiz başga ýerde bolsa, bu ukyp bize kömekçi bolarmy ýa zyýan ýetirer? Isa ahlaksyzlyk ýaly erbet zatlaryň arzuwyny etmegiň howpludygyny duýdurdy (Mat. 5:28). Ahlaksyz zatlar barada oýlanýan adam, ahyry, onuň duzagyna düşýär. Biziň käbir göz öňüne getirýän zatlarymyz Ýehowany gaty gynandyryp biler. Geliň, hiç haçan Ýehowadan daşlaşmaz ýaly, bu ukybymyzy nädogry ulanmakdan gaça duralyň!

2. Maddy zatlar gorag berýär diýip pikir etmek.

Elbetde, maddy zatlar bize gerek. Emma biz olar gorag berýär ýa-da bagtly edýär diýip pikir etsek, öz-özümizi aldaýarys. Akyldar Süleýman patyşa: «Baý adamyň mal-mülki onuň güýçli şäheridir; ol onuň hyýalynda belent diwar kimindir» diýip ýazdy (Sül. tym. 18:11). Geliň, bir waka seredeliň. 2009-njy ýylyň sentýabrynda bolan güýçli tupan sebäpli, Filippiniň paýtagty Manili şäheriniň 80 göteriminden gowrak ýerini suw alýar. Şonda maddy zatlar adamlary gorap bildimikä? Köp zadyndan mahrum bolan bir baý adam: «Bu hadysa baý bilen garybyň ýagdaýyny deňledi, çünki kynçylyklar we jebir-jepalar ähli adamlaryň başyna indi» diýdi. Bu wakadan görnüşi ýaly, maddy zatlar gorag berýär diýip pikir etsek nädogry bolar.

3. Hiç haçan bolmajak zatlar barada aladalanmak.

Isa çendenaşa «alada etmäň» diýip maslahat berdi (Mat. 6:34). Adatça, alada edýän adam göz öňüne getirmek ukybyny köp ulanýar. Biz entek ýüze çykmadyk ýa-da hiç haçan bolmajak kynçylyklar babatda biynjalyk bolup, tapdan düşmegimiz mümkin. Mukaddes Ýazgylarda alada etmekligiň sustuňy basyp, hatda käwagt göwnüçökgünlige hem düşürýändigi aýdylýar (Sül. tym. 12:25). Şol sebäpli, geliň, Isanyň çendenaşa «alada etmäň» diýen tabşyrygyna eýereliň. Çünki «her günüň öz derdi özüne ýetikdir».

GÖZ ÖŇÜNE GETIRMEK UKYBYŇY PAÝHASLY ULANMAK

1. Howply ýagdaýlary öňünden görüp, olardan gaça durmak.

Mukaddes Ýazgylar bizi düşgürlik bilen öňünden pikirlenmäge höweslendirýär (Sül. tym. 22:3). Biz göz öňüne getirmek ukybymyzy ulanyp, bir karara gelmezden öň, onuň netijesi hakda oýlanyp bileris. Aýdaly, sizi dost-ýarlaryňyz myhmançylyga çagyrýar. Şol oturylyşyga barmak babatda karara gelmeli bolanda, size göz öňüne getirmek ukybyňyz nädip kömek edip biler? Siz özüňize şu soraglary berip bilersiňiz: «Bu oturylyşyga kimler we näçe adam çagyryldy? Ol nirede we haçan bolar? Ol ýerde näme bilen meşgullanarys?» Siz oturylyşykda boljak zatlary göz öňüne getirip, Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine laýyk gelýändigini barlap bilersiňiz. Bu size şol ýerde boljak zatlary pikiriňizde aýlap görmäge kömek eder. Dogry karara gelip biler ýaly, göz öňüne getirmek ukybyňyzy paýhasly ulanyň. Şonda siz ruhy taýdan zyýan ýetirýän ýagdaýlardan gaça durup bilersiňiz.

2. Kynçylyklara öňünden taýýarlanmak.

Göz öňüne getirmek ukyby kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge kömek edýär. Aýdaly, dogan-uýalaryň biri bilen araňyzda düşünişmezlik bolýar. Siz nädip parahatlygy dikeldip bilersiňiz? Munuň birnäçe usuly bar: onuň ýagdaýyna düşünjek boluň, ýüze çykan kynçylyk barada gepleşmek üçin amatly wagty saýlaň, sözleriňize we nähili äheň bilen aýdýanyňyza ünsli boluň. Göz öňüne getirmek ukybyňyzy ulanyp, köp kynçylyklaryň öňüni alyp bilersiňiz. Şeýle-de kynçylygyň iň gowy çözgüdini taparsyňyz (Sül. tym. 15:28). Bu size kynçylyklardan gaça durup, ýygnakda parahatlygy saklamaga ýardam eder. Şonuň üçin, geliň, göz öňüne getirmek ukybymyzy hemişe paýhasly ulanalyň!

3. Şahsy okuwyny netijeli geçirmek.

Mukaddes Ýazgylary her gün okamak örän wajyp. Emma biz sahypa sanyna kowalaşman, okaýan zatlarymyzy çuňňur özleşdirmeli we durmuşymyzda ulanmaly. Biz Mukaddes Ýazgylary her gün okasak, Ýehowanyň islegine has gowy düşüneris. Bu babatda bize göz öňüne getirmek ukyby nädip kömek eder? Meselem, «Olaryň imanyndan görelde alyň» atly kitaby okanymyzda, göz öňüne getirmek ukybymyzy ulanyp, ondaky wakalary janlandyryp bileris. Şol sebäpli, geliň, wakalary göz öňüne getirip, sesleri eşitmäge, yslary duýmaga we ondaky gahrymanlaryň duýgularyna düşünmäge jan edeliň. Bu bize Mukaddes Ýazgylardaky wakalara has gowy düşünmäge kömek eder. Eger biz göz öňüne getirmek ukybymyzy ulansak, şahsy okuwymyz has-da netijeli bolar.

4. Duýgudaşlyk bildirmegi öwrenmek.

Duýgudaşlyk başgalaryň çekýän hasratyny özüňde duýmaga kömek edýän ajaýyp häsiýetdir. Ýehowa bilen Isa hem duýgudaşlyk bildirýärler, şol sebäpli biz hem olardan görelde almaly (Müs. çyk. 3:7; Zeb. 72:13). Biz bu häsiýeti nädip ösdürip bileris? Munuň iň gowy usullarynyň biri göz öňüne getirmek ukybyňy ulanmak. Belki-de, biz imandaşlarymyzyň başyna düşen kynçylyklara uçran däldiris. Emma özümize şeýle soraglary berip bileris: «Eger men şeýle ýagdaýa düşen bolsam, özümi nähili duýardym? Men nähili kömege garaşardym?» Biz göz öňüne getirmek ukybyny ulansak, bu soraglaryň jogabyny taparys we duýgudaşlyk bildirmegi öwreneris. Dogrudan-da, biz wagyzda ýa-da imandaşlarymyz bilen gatnaşanymyzda, duýgudaşlyk bildirsek, peýdaly bolar.

5. Täze dünýädäki ýaşaýşy göz öňüne getirmek.

Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň täze dünýä babatdaky wadalary jikme-jik beýan edilýär (Iş. 35:5—7; 65:21—25; Ylh. 21:3, 4). Edebiýatlarymyzda bolsa, olar owadan suratlar arkaly janlandyrylýar. Näme üçin? Sebäbi suratlar Hudaýyň wadalarynyň berjaý bolşuny göz öňüne getirmäge kömek edýär. Beýnini ýaradan Ýehowa ony nädip ulanmalydygyny islendik adamdan gowy bilýär. Eger ony dogry ulansak, Hudaýyň wadalarynyň hökman berjaý boljakdygyna ynamymyz artar we durmuşda ýüze çykýan kynçylyklara döz gelip, Hudaýa wepaly galmaga kömek eder.

Söýgüden doly Ýehowa bize göz öňüne getirmek ukybyny sowgat berdi. Bu sowgat Hudaýa her gün şatlyk bilen gulluk etmäge kömek edýär. Geliň, bu ukyby her gün paýhasly ulanyp, ony beren Hudaýa minnetdarlygymyzy görkezeliň!