Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 44

Ýehowanyň wepaly söýgüsi sowamaýar

Ýehowanyň wepaly söýgüsi sowamaýar

«(Ýehowanyň) wepaly söýgüsi ebedidir» (Zeb. 136:1).

108-NJI AÝDYM Hudaýyň wepaly söýgüsi

MAZMUNY *

1. Ýehowa biziň näme etmegimizi isleýär?

ÝEHOWA wepaly söýgini gowy görýär (Hoş. 6:6). Ol biziň hem öz göreldesine eýermegimizi isleýär. Ýehowa Mikaý pygamber arkaly «wepaly söýgini söýmegi» ündeýär (Mik. 6:8, çykgyt). Geliň, wepaly söýginiň näme aňladýandygyny bileliň.

2. Wepaly söýginiň näme aňladýandygyny düşündiriň.

2 Wepaly söýgi näme aňladýar? Türkmen dilinde çykan «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesinde» «wepaly söýgi» diýen jümle çykgytlary hem hasaba alsaň 240 gezek duş gelýär. «Mukaddes Kitabyň sözlüginde» şeýle diýilýär: «Wepaly söýgi päk, wepaly, ysnyşykly, ýürekden çykýan söýgini aňladýar. Köplenç Hudaýyň adamlara söýgüsi, käte bolsa adamlaryň arasyndaky söýgi göz öňünde tutulýar». Hawa, Ýehowa wepaly söýginiň gözbaşy. Şu makalada Ýehowanyň adamlara nädip wepaly söýgüsini bildirýändigi hakda bileris. Indiki makalada bolsa, Ýehowanyň göreldesine eýerip, biri-birimize wepaly söýgini bildirmelidigimiz hakda gürrüň ederis.

ÝEHOWA «WEPALY SÖÝGÄ BAÝ» HUDAÝ

3. Ýehowa Musa pygambere özüni nädip tanatdy?

3 Ysraýyllaryň Müsürden azat bolanyna köp wagt geçmändi. Ýehowa Musa pygambere adyny, häsiýetlerini aýdyp, Özüni tanatdy. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Ýehowa, Ýehowa rehimdar, mähirli, giň göwünli, wepaly söýgä baý, sözünde durýan, müňlerçe adama wepaly söýgüsini bildirýän, etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýan Hudaýdyr» (2 Mus. 34:6, 7). Şu aýatlardan Ýehowanyň wepaly söýgüsiniň bir aýratynlygyny bilse bolýar.

4, 5. a) Ýehowa haýsy häsiýetini wajyp hasaplaýar? b) Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

4 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň «wepaly söýgä baýdygy» hakda ençeme sapar aýdylýar (4 Mus. 14:18; Neh. 9:17; Zeb. 86:15, çykgyt; 103:8; Ýow. 2:13; Ýun. 4:2). Ýehowadan başga hiç kim wepaly söýgä baý bolup bilmez. Ýehowa bu häsiýetini wajyp hasaplaýar. Biz wepaly Hudaý Ýehowany tanandygymyza begenýäris. Dawut patyşa ýüregi joşup şeýle sözleri ýazdy: «Ýehowa, seniň wepaly söýgiň asmana... ýetýär. Ýa Allam, wepaly söýgiň meniň üçin gymmatlydyr! Ynsan ogullary ganatlaryň astynda pena tapýarlar» (Zeb. 36:5, 7, çykgyt). Biz hem Dawut ýaly Hudaýyň wepaly söýgüsini gymmat hasaplaýarysmy?

5 Ýehowanyň wepaly söýgüsine düşünmek üçin, geliň, şu iki soragyň jogabyny bileliň: Ýehowa kimlere wepaly söýgüsini bildirýär? Ýehowa wepaly söýgüsi bilen nädip çoýýar?

ÝEHOWA KIMLERE WEPALY SÖÝGÜSINI BILDIRÝÄR?

6. Ýehowa kimlere wepaly söýgüsini bildirýär?

6 Mukaddes Kitapda adamlaryň «terbiýe», «bilim», «akyldarlyk», «şerap», «ýag» ýaly zatlary söýýändigi hakda aýdylýar (Nak. 12:1; 21:17; 29:3). Wepaly söýgini bolsa jansyz zatlara däl-de, diňe adamlara bildirip bolýar. Onda Ýehowa her bir adama wepaly söýgüsini bildirýärmi? Ýok. Ýehowa diňe özüne sežde edýän adamlara wepaly söýgüsini bildirýär. Ýehowa dostlaryna wepaly bolýar we olara ajaýyp gelejegi wada berýär. Ol beren wadasynda hökman durar.

Ýehowa ähli adamlara, hatda özüne sežde etmeýänlere-de ýagşylyk edýär (7-nji abzasa serediň) *

7. Ýehowanyň ähli adamlary söýýändigini näme subut edýär?

7 Ýehowa ähli adamlary söýýär. Isa pygamber Nikodime şeýle diýdi: «Hudaý adamlary şeýle güýçli söýýär welin, olar üçin ýeke-täk Ogluny berdi, sebäbi Hudaý Ogluna iman eden her bir adamyň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagyny isleýär» (Ýah. 3:1, 16; Mat. 5:44, 45).

Dawut patyşa we Danyýar pygamber Ýehowanyň Özüni tanaýanlara, hudaýhonlara hem-de tabşyryklaryny berjaý edýänlere wepaly söýgüsini bildirýändigini aýtdylar (8, 9-njy abzaslara serediň).

8, 9. a) Ýehowa näme üçin dostlaryna wepaly söýgüsini bildirýär? b) Biz näme hakda gürrüň ederis?

8 Ýehowa diňe dostlaryna wepaly söýgüsini bildirýär. Dawut patyşa Hudaýa: «Özüňi tanaýanlara wepaly söýgiňi bildir» diýdi. Şeýle-de ol: «Ýehowa hudaýhonlara ebedilik wepaly söýgüsini bildirýär» diýdi. Danyýar pygamber hem: «Hak Hudaýym Ýehowa, sen ähtiňe wepalysyň, hudaýhonlara, tabşyryklaryňy berjaý edýänlere wepaly söýgiňi bildirýärsiň» diýdi (Zeb. 36:10, çykgyt; 103:17, çykgyt; Dan. 9:4, çykgyt). Diýmek, Ýehowa özüni tanaýanlara, hudaýhonlara we tabşyryklaryny berjaý edýänlere wepaly söýgüsini bildirýär. Hawa, Ýehowanyň arassa sežde edýän halkyna bolan wepaly söýgüsi hiç haçan sowamaýar.

9 Ýehowa bizi hakykata gelmänkäk hem söýýärdi (Zeb. 104:14). Oňa sežde edip başlanymyzda bolsa, bizi wepaly söýgüsi bilen çoýdy. Ýehowa dostlaryna: «Saňa bolan wepaly söýgim sowamaz» diýip söz berýär (Işa. 54:10, çykgyt). Dawut patyşa «Ýehowanyň wepaly adamlaryň gadyryny bilýändigine» göz ýetirdi (Zeb. 4:3). Ýehowanyň ýürekden aladamyzy edýändigini bilmek bizi näme etmäge höweslendirýär? Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Paýhasly adam şu zatlara üns bersin, Ýehowanyň wepaly söýgüsi hakda çuňňur oýlansyn» (Zeb. 107:43). Gör, nähili ýerlikli aýdylan sözler! Geliň, Ýehowanyň dostlaryna haýsy üç ýagdaýda wepaly söýgüsini bildirýändigi hakda gürrüň edeliň.

ÝEHOWA WEPALY SÖÝGÜSI BILEN NÄDIP ÇOÝÝAR?

Ýehowa özüne sežde edýän adamlara has köp ýagşylyk edýär (10—16-njy abzaslara serediň) *

10. «Wepaly söýgüsi ebedidir» diýen jümle näme aňladýar we muny bilmegiň nähili peýdasy bar? (Zebur 31:7).

10 Hudaýyň wepaly söýgüsi hiç haçan sowamaýar. Zebur 136:1-de: «Ýehowa alkyş aýdyň, sebäbi ol ýagşydyr, wepaly söýgüsi ebedidir» diýilýär. «Wepaly söýgüsi ebedidir» diýen jümle Zebur 136-njy bapda 26 gezek duş gelýär. Biz şu baby okanymyzda Ýehowanyň dürli ýollar bilen wepaly söýgüsini bildirýändigine haýran galýarys. «Wepaly söýgüsi ebedidir» diýen jümle Ýehowanyň halkyna söýgüsiniň hiç haçan sowamajakdygyny görkezýär. Ýehowanyň bizi taşlamaýandygyny bilmek göwnümizi göterýär. Ýehowa kyn ýagdaýa düşen dostlaryny ýeke goýmaýar, olaryň ýürekden aladasyny edip, elinde göterýär. Muny bilmegiň nähili peýdasy bar? Eger Ýehowanyň wepaly söýgüsi hakda oýlansak ýüregimiz şatlykdan dolar, kynçylyklar bilen göreşmäge güýjümiz bolar we Ýehowa hemişe wepaly bolarys (Zebur 31:7-ni okaň).

11. Zebur 86:5-e görä, Ýehowa näme üçin bagyşlaýar?

11 Wepaly söýgä baý Hudaý Ýehowa ýürekden bagyşlaýar. Eger günäkär toba etse we durmuşyny bütinleý üýtgetse, Ýehowa oňa wepaly söýgüsini bildirip bagyşlaýar. Dawut patyşa Ýehowa hakda: «Günälerimize görä jeza bermez, ýalňyşymyza görä temmi bermez» diýdi (Zeb. 103:8—11). Dawut Ýehowanyň «geçirimli» Hudaýdygyna göz ýetirdi. Sebäbi ol agyr günä edipdi, ynsaby köseýärdi. Ýehowa Dawudy näme üçin bagyşlady? Bu soragyň jogaby Zebur 86:5-de (okaň) ýazylan. Dawut Ýehowa Hudaýa ýüregini döküp doga etdi, Ýehowa hem ony bagyşlady. Sebäbi Ýehowa toba edýän adamlary bagyşlaýan we wepaly söýgä baý Hudaý.

12, 13. Geçmişde eden günäleri sebäpli ruhdan düşýän dogan-uýalar näme edip biler?

12 Günä eden adamyň ynsaby ezýet berýän bolsa, bu gowulygyň alamaty. Sebäbi ol toba edýär we durmuşyny üýtgetmek üçin aýgytly ädimleri ädýär. Dogan-uýalaryň käbiri geçmişde eden günäleri sebäpli göwnüçökgünlige düşýärler. Sebäbi olaryň mekir ýüregi: «Sen näçe toba etseňem, Ýehowa bagyşlamaýar» diýip ynandyrjak bolýar. Eger siz hem şeýle ýagdaýa düşen bolsaňyz, Ýehowanyň wepaly söýgä baýdygy hakda oýlanyň. Şonda onuň bagyşlamaga taýýardygyna düşünersiňiz.

13 Muny bilmegiň nähili peýdasy bar? Eger Ýehowanyň ýürekden bagyşlaýandygyny bilsek, biz bikämil bolsak-da, Oňa şatlyk we arassa ynsap bilen gulluk ederis. Sebäbi Hudaý bizi günäden azat etmek üçin ýalňyz Ogluny gurban etdi (1 Ýah. 1:7). Eger siz eden günäleriňiz sebäpli ruhdan düşýän bolsaňyz, Ýehowanyň toba edýän adamy bagyşlamaga taýýardygy hakda oýlanyň. Dawut patyşa wepaly söýgä baý Hudaý Ýehowanyň ýürekden bagyşlaýandygyny şeýle düşündirdi: «Gögüň ýerden uzak bolşy ýaly, Allanyň hudaýhonlara wepaly söýgüsi şonça-da beýikdir. Gündogaryň günbatardan uzak bolşy ýaly, günälerimizi şonça-da daşlaşdyrýar» (Zeb. 103:11, 12). Hawa, Ýehowa biziň günälerimizi «doly bagyşlaýar» (Işa. 55:7).

14. Dawut wepaly söýgä baý Hudaý Ýehowanyň bizi goraýandygyny nädip düşündirdi?

14 Wepaly söýgä baý Hudaý Ýehowa bizi goraýar. Dawut Ýehowa dileg edip şeýle diýdi: «Sen meniň penam, ajy hasratdan goraýan galam. Meni halas edeňde, aýdym sesi ýaňlanar... Ýehowa bil baglaýanlar wepaly söýgüsinden ganar» (Zeb. 32:7, 10, çykgyt). Berk diwarly gala adamlary duşmandan goraýar. Ýehowa hem wepaly söýgüsi arkaly halkyny gorap, islendik synaga garşy durmaga kömek edýär. Şeýle-de Ýehowa wepaly söýgüsi bilen çoýup, biziň bilen dostlaşmak isleýär (Ýer. 31:3).

15. Mukaddes Kitapda näme üçin wepaly söýgä baý Hudaý Ýehowa pena diýilýär?

15 Ýehowa halkyny goramak üçin diňe bir gala däl, eýsem pena hem bolýar. Dawut patyşa Ýehowanyň şanyna aýdym aýdyp: «Ýehowa penam... dadyma ýetişýän Hudaýym» diýdi (2 Şam. 22:2). Ol Ýehowanyň halkyny goraýandygyny şeýle sözler bilen beýan etdi: «Ol wepaly söýgä baý Hudaý. Ol galam, penam we halasgärimdir. Meniň galkanym we gaçybatalgamdyr» (Zeb. 144:2). Dawut näme üçin wepaly söýgä baý Hudaý Ýehowa penam diýdi? Biz dünýäniň dürli künjeginde ýaşasak-da, Ýehowa bilen dostlugymyzy hiç zat bozup bilmez. Sebäbi Ol biziň penamyzdyr. Zebur 91-nji bapda hem Ýehowanyň halkyna pena bolýandygy hakda aýdylýar. Mezmurçy şeýle diýýär: «Men Ýehowa: „Sen meniň penam hem galam“ diýerin» (Zeb. 91:1—3, 9, 14). Musa pygamber hem Ýehowanyň halkynyň penasydygyny aýdypdy (Zeb. 90:1). Ol ömrüniň ahyrynda şeýle täsirli sözleri ýazdy: «Hudaý gadymdan bäri penaňdyr, seni ebedi gollary bilen göterýär» (5 Mus. 33:27). «Seni ebedi gollary bilen göterýär» diýen sözler Ýehowa barada nämäni aýan edýär?

16. Ýehowa bize nädip kömek edýär? (Zebur 136:23).

16 Ýehowa — biziň penamyz. Şonuň üçin biz hiç zatdan gorkman arkaýyn ýaşaýarys. Emma käte kynçylyklar, gaýgy-aladalar sebäpli ruhdan düşüp, göreşmäge güýjümiz bolmaýar. Şeýle ýagdaýda Ýehowa bize nädip kömek edýär? (Zebur 136:23-i okaň). Mähirli Hudaý Ýehowa bize gollaryny uzadyp, aýaga galmaga kömek edýär we wepaly söýgüsi bilen çoýup, gujagynda göterýär (Zeb. 28:9; 94:18). Muny bilmegiň nähili peýdasy bar? Birinjiden, dünýäniň haýsy künjeginde ýaşasak-da, Ýehowa bizi penasynda saklar. Ikinjiden, söýgüden doly Atamyz Ýehowa hemişe aladamyzy eder. Hawa, biz Ýehowa islendik ýagdaýda bil baglap bileris.

ÝEHOWANYŇ WEPALY SÖÝGÜSI EBEDIDIR

17. Biz nämä ynamly bolup bileris? (Zebur 33:18—22).

17 Dogrudanam, Ýehowa halkyna kynçylyklar bilen göreşmäge güýç berýär we dünýäniň soňuna çenli wepaly bolmaga kömek edýär (2 Kor. 4:7—9). Ýermeýa pygamber: «Wepaly söýgä baý Ýehowa bizi ýok etmedi, Onuň rehimdarlygy çäksizdir» diýdi (Agy 3:22). Ýehowanyň bizi hemişe wepaly söýgüsi bilen çoýjakdygyna ynamly bolup bileris. Sebäbi Mukaddes Kitapda: «Ýehowa hudaýhonlara, wepaly söýgüsine garaşýanlara nazar salýar» diýilýär (Zebur 33:18—22-nji aýatlary okaň).

18, 19. a) Biz şu makalada nämeleri bildik? b) Indiki makalada haýsy soragyň jogabyny bileris?

18 Biz nämeler hakda gürrüň etdik? Biz Ýehowany tanamaýan wagtymyz hem ol bizi söýýärdi. Oňa sežde edip başlanymyzda bolsa, wepaly söýgüsi bilen çoýdy. Mähirli Atamyz Ýehowa güýçli gollary bilen bizi penasynda saklaýar. Ýehowa dostlaryny hiç haçan ýeke goýmaz we olara beren wadasyndan asla dänmez. Ýehowa biziň ebedilik dostumyz bolar (Zeb. 46:1, 2, 7). Hawa, Ýehowa bize islendik synaga döz gelmäge kömek eder we wepaly bolmaga güýç-kuwwat berer.

19 Görşümiz ýaly, Ýehowa halkyna wepaly söýgüsini bildirýär. Ol biziň hem Öz göreldesine eýermegimizi isleýär. Biz nädip biri-birimize wepaly söýgini bildirip bileris? Şu soragyň jogabyny indiki makalada bileris.

136-NJY AÝDYM Ýehowanyň sylagy

^ par. 5 Wepaly söýgi näme aňladýar? Ýehowa kimlere wepaly söýgüsini bildirýär? Ýehowa wepaly söýgüsi bilen nädip çoýýar? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris. Indiki makalada bolsa, biziň biri-birimize wepaly söýgini bildirmelidigimiz hakda gürrüň ederis.

^ par. 53 SURAT: Ýehowa ähli adamlary söýýär. Ýokardaky tegelek şekillerde Ýehowanyň adamlary söýýändigi üçin nämeleri edýändigi görkezilen. Esasanam, Ýehowa töleg gurbanyny berip, adamlary söýýändigini subut etdi.

^ par. 61 SURAT: Ýehowa töleg gurbanyna iman edýän wepaly dostlarynyň gadyryny bilýär. Ýehowa olary ähli adamlary söýşi ýaly söýýär we wepaly söýgüsi bilen çoýýar. Tegelek şekillerde Ýehowanyň dostlaryna wepaly söýgüsini nädip bildirýändigi görkezilen.