Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

1-NJI MAKALA

2-NJI AÝDYM Seniň adyň Ýehowa

«Ýehowanyň adyny arşa galdyryň!»

«Ýehowanyň adyny arşa galdyryň!»

2025-NJI ÝYLYŇ AÝADY: «Ýehowanyň adyny arşa galdyryň!» (Zeb. 96:8).

ESASY PIKIR

Ýehowany her gün şöhratlandyryň.

1. Şu günler adamlar kimi şöhratlandyrýar?

 ŞU GÜNLER köpler görk-görmegine, ukyp-başarnygyna buýsanyp, adamlary haýran galdyrjak bolýarlar. Olar sosial ulgamlarynda gazanan üstünlikleri, edýän işleri hakda paýlaşyp, özlerini reklama edýärler. Emma olardan tapawutlylykda Hudaýyň halky özüni däl-de, Ýehowany şöhratlandyrýar. Makalada biz şu soraglaryň jogabyny bileris: Ýehowany şöhratlandyrmak näme aňladýar? Onuň adyny arşa galdyrmaga näme höweslendirmeli? Biz Ýehowany şöhratlandyrmak üçin näme etmeli? Ýehowa gelejekde öz adyny nädip beýgelder?

ÝEHOWANY ŞÖHRATLANDYRMAK NÄME AŇLADÝAR?

2. Ýehowa Sinaý dagynda şöhratyny nädip görkezdi? (Surata serediň).

2 Mukaddes Kitapda Beýik Hudaý Ýehowanyň haýbatlydygy aýdylýar. Ysraýyl halkynyň Müsürden azat bolanyna köp wagt geçmänkä, olar Ýehowanyň şan-şöhratyny gördi. Geliň, şol ýagdaýy göz öňüne getireliň. Millionlarça ysraýyllar Sinaý dagyna ýygnanypdy. Dagyň depesini gara bulut büredi, birdenkä güýçli ýer titredi. Göýä wulkan atylan ýaly bolup, dagyň depesini gara tüsse gaplap aldy. Ýyldyrym çakyp gök gürledi, adamlaryň duran ýeri sarsdy. Daş-töwerege güýçli surnaýyň sesi ýaňlandy (2 Mus. 19:16—18; 24:17; Zeb. 68:8). Ýehowanyň beýik güýjüni we şan-şöhratyny gören ysraýyllar aňk-taňk bolup doňup galdylar.

Ýehowa Sinaý dagynda ysraýyllara şan-şöhratyny görkezdi (2-nji abzasa serediň).


3. Biz Ýehowany şöhratlandyrmak üçin näme etmeli?

3 Beýik Hudaý Ýehowany nädip şöhratlandyryp bileris? Biz adamlara Ýehowanyň gudratly güýji we ajaýyp häsiýetleri hakda gürrüň bermeli. Şeýle-de ukyp-başarnygymyza, gazanan üstünliklerimize buýsanman, gaýtam ähli zady Ýehowanyň kömegi bilen başarýandygymyzy boýun almaly (Işa. 26:12). Dawut patyşa Beýik Hudaý Ýehowanyň adyny arşa galdyryp bize gowy görelde galdyrdy. Ol ysraýyl halkynyň öňünde Ýehowa şeýle doga etdi: «Ýehowa, beýiklik, güýç-kuwwat, gözellik, şan-şöhrat, at-abraý seniňkidir, sebäbi ýerde-gökde ähli zat seniň eliňde». Dawut Ýehowa doga edip bolansoň, «tutuş halk... Ýehowany şöhratlandyrdy» (1 Tar. 29:11, 20).

4. Isa Ýehowany nädip şöhratlandyrdy?

4 Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda köp gudrat görkezýärdi, adamlary sagaldýardy. Ýöne ol özüni däl-de, diňe Atasyny şöhratlandyrýardy (Mar. 5:18—20). Isa Ýehowa barada adamlara höwes bilen gürrüň berýärdi. Ol adamlardan elinden gelen ýagşylygyny gaýgyrmaýardy. Bir gezek Isa sinagogada öwredip otyrdy. Ony diňläp oturan adamlaryň arasynda içine jyn giren aýalam bardy. Jyn ony 18 ýyl bäri köseýärdi. Ol iki bükülip, dikelip hem bilmeýärdi. Aýalyň ýagdaýy gaty gözgynydy. Isanyň ýüregi awap aýalyň ýanyna barýar-da, oňa mähir bilen: «Sen derdiňden gutuldyň» diýýär. Soňra Isa aýala elini degirýär welin, aýal dikelip, «Hudaýa alkyş aýdyp başlaýar». Şeýdip, Isa ýarym göwün aýalyň hem saglygyny, hem mertebesini dikeldýär (Luka 13:10—13). Ýehowanyň ýagşylygyny gören aýal minnetdar bolup, gökdäki Atasyna alkyş baryny aýdýar.

ÝEHOWANYŇ ADYNY ARŞA GALDYRMAGA NÄME HÖWESLENDIRMELI?

5. Biz Ýehowa näme üçin hormat goýmaly?

5 Biz Ýehowa çuňňur hormat goýýarys. Sebäbi ol Gudratygüýçli Hudaý. Onuň güýjüniň çägi ýok (Zeb. 96:4—7). Ýehowanyň ýaradan zatlaryndan akyldarlygy görünýär. Ol — ýaşaýşyň Gözbaşy. Adamlara ýaşamak üçin ähli gerekli zady berýär (Ylh. 4:11). Ýehowa — wepaly Hudaý (Ylh. 15:4). Onuň niýetleri hemişe amala aşýar, Ol beren sözünde durýar (Ýuşa 23:14). Ýermeýa pygamber Ýehowa barada şeýle sözleri ýazdy: «Eý Ýehowa... halklaryň we patyşalyklaryň akyldarlarynyň hiç biri Saňa taý gelmez» (Ýer. 10:6, 7). Hawa, gökdäki Atamyza näçe hormat goýsaň, şonça-da az. Ýöne Ýehowa biziň diňe hormat goýmagymyza däl, söýmegimize-de mynasyp. Näme üçin?

6. Biz Ýehowany näme üçin söýmeli?

6 Biz Ýehowany janymyz-tenimiz bilen söýýäris. Sebäbi Ýehowa rehimdar, mähirli we duýgudaş Hudaý (Zeb. 103:13; Işa. 49:15). Biz gynananymyzda, Olam gynanýar (Zek. 2:8). Ýehowa biziň bilen dostlaşmak üçin ilkinji ädimi özi ädýär. Şeýle-de ol pesgöwünli Hudaý (Zeb. 25:14; Res. 17:27). Mukaddes Kitapda: «Ol egilip, asmana we ýere nazar salýar. Mätäji toprakdan... galdyrýar» diýilýär (Zeb. 113:6, 7). Şeýle aladaçyl Hudaýy nädip söýmejek?! (Zeb. 86:12).

7. Biz adamlara hak Hudaýy näme üçin tanatmaly?

7 Biz adamlaryň Ýehowa bilen dostlaşmagyny isleýäris. Köp adamlar hak Hudaýy tanamaýar. Sebäbi Şeýtan Ýehowa barada ýalan-ýaşryk zatlary ýaýradyp, adamlaryň gözüni gapdy (2 Kor. 4:4). Ol: «Ýehowa ar alýan, biperwaý Hudaý. Adamlaryň ejir çekmegine-de şol günäkär» diýýär. Ýöne Şeýtan barypýatan ýalançy. Biz adamlara Ýehowanyň ýagşy häsiýetleri barada aýdyp, Şeýtanyň ýalan sözlerini paş edýäris (Işa. 43:10). Zebur 96-njy bapda Ýehowa alkyş aýtmalydygy hakda ýazylan. Geliň, şol bapdan käbir aýatlara seredeliň we Ýehowany nädip şöhratlandyrmalydygyny bileliň.

BIZ ÝEHOWANY ŞÖHRATLANDYRMAK ÜÇIN NÄME ETMELI?

8. Biz Ýehowany nädip şöhratlandyrmaly? (Zebur 96:1—3).

8 Zebur 96:1—3-nji aýatlary okaň. Biz Ýehowa barada wagyz edýäris. Ýokarky aýatlarda: «Ýehowa aýdym aýdyň... adyny wasp ediň... halas edişi hakda wagyz ediň. Milletlere şan-şöhratyny ýetiriň» diýilýär. Şeýdip, biz gökdäki Atamyzy şöhratlandyrýarys. Geçmişde ýaşan ýehudylaram, I asyrdaky mesihçilerem Ýehowanyň ýagşylyklary barada gürrüň bermäge we abraýyny goramaga çekinmändirler (Dan. 3:16—18; Res. 4:29). Biz olardan nädip görelde alyp bileris?

9, 10. Anželina uýadan näme öwrenýäris? (Surata serediň).

9 Geliň, ABŞ-da ýaşaýan Anželina a uýa bilen bolan waka seredeliň. Ol işdeşleriniň öňünde Ýehowanyň abraýyny goramaly bolýar. Anželina bir kärhana işe girýär. Kärhananyň adatyna görä, täze işgärler kärdeşlerine özi barada gürrüň bermelidi. Anželina-da Ýehowa şatlyk bilen gulluk eden ýyllary hakda gürrüň bermek üçin suratlary taýýarlaýar. Ýöne Anželinadan öň bir işgär oglan özi bilen tanyş edýär. Ol Ýehowanyň Şaýatlarynyň maşgalasynda önüp-ösendigini aýdýar. Soňra Ýehowanyň Şaýatlarynyň ynanýan zatlarynyň üstünden gülüp başlaýar. Anželina şeýle gürrüň berýär: «Men başda çykyş etmäge gorkdum. Ýöne içimden: „Men dymmaly däl, Ýehowanyň abraýyny hökman goramaly“ diýdim».

10 Işgär oglan çykyş edip bolansoň, gezek Anželina gelýär. Ol içinden gysgajyk doga edýär. Soňra işdeşine seredip, sypaýyçylyk bilen şeýle diýýär: «Menem seniň ýaly Ýehowanyň Şaýatlarynyň maşgalasynda önüp-ösdüm. Men häzirem Ýehowa gulluk edýärin». Elbetde, ýagdaý dartgynlydy. Ýöne Anželina özüni arkaýyn alyp barýar. Ol işdeşlerine kongresde düşen suratlaryny görkezýär we ynanýan zatlary barada gürrüň berýär (1 Pet. 3:15). Anželina çykyş edip bolansoň, işgär oglanyň garaýşy üýtgeýär. Olam ýaşlygynda Ýehowanyň Şaýatlary bilen geçiren gyzykly günleri hakda gürrüň berip başlaýar. Anželina sözüni şeýle dowam edýär: «Men Ýehowa barada hakykaty aýdyp bilendigime begenýärin. Onuň adyny goramak uly hormat». Bizem Ýehowa dil ýetirenlerinde dymmaly däl. Onuň beýik adyny şöhratlandyrmaly.

Biz Ýehowany şöhratlandyrmak üçin wagyz edýäris (9, 10-njy abzaslara serediň) b.


11. Taryhyň dowamynda hudaýhon adamlar Zebur 96:8-däki maslahata nädip eýeripdir?

11 Zebur 96:8-i okaň. Biz höwes bilen pul sadakasyny berýäris. Hudaýa wepaly adamlar hemişe-de arassa seždäni goldamak üçin emlägini, gymmatbaha zatlaryny sadaka beripdir (Nak. 3:9). Meselem, ysraýyllar ybadathananyň gurluşygy we bejeriş işleri üçin altyn-kümüşlerini getiripdirler (2 Pat. 12:4, 5; 1 Tar. 29:3—9). Käbir akýürekli adamlar Isadan we onuň resullaryndan hiç zadyny gaýgyrman, olara hyzmat edipdirler (Luka 8:1—3). Şeýle-de I asyrdaky mesihçiler mätäçlik çekýän imandaşlaryna zerur zatlaryny ýetirip durupdyrlar (Res. 11:27—29). Şu günler bizem pul sadakasyny berip, Ýehowany şöhratlandyrýarys.

12. Pul sadakalary Ýehowa nädip şöhrat getirýär? (Surata serediň).

12 Pul sadakalary bilen Ýehowany şöhratlandyrýandygymyzy bir waka subut edýär. 2020-nji ýylda Zimbabwede gurakçylyk bolýar. Millionlarça adamlar açlykdan kösenýär. Priska uýa hem hor ýaşaýardy. Ýöne ol şonda-da her hepdäniň çarşenbe we anna günleri wagza gidýärdi. Ol şol endigini sürüm döwründe hem goýmady. Goňşulary onuň üstünden gülüp: «Mellegiňde işlemän wagza gidip ýörseň, açlygyňdan ölersiň» diýýärdiler. Şondan köp wagt geçmänkä doganlar Priska uýa iýip-içer ýaly zat getirip berýärler. Şol zatlar berilýän pul sadakalaryndan alnypdy. Priska uýanyň goňşulary getirilen zatlary görüp, haýran galýarlar. Olar Priska: «Hudaýyň seni bir günem aç goýmady. Bizem seniň Hudaýyň hakda bilesimiz gelýär» diýdiler. Şeýdip, onuň ýedi sany goňşusy ýygnaklara gatnap başlaýar.

Biz pul sadakasyny berip, Ýehowany şöhratlandyrýarys (12-nji abzasa serediň) c.


13. Ýehowany şöhratlandyrmak üçin ýene näme etmeli? (Zebur 96:9).

13 Zebur 96:9-y okaň. Ýagşy edim-gylymly bolýarys. Ýehowanyň ybadathanasynda gulluk edýän ruhanylar ýuwnup, arassa bolmalydy (2 Mus. 40:30—32). Olar diňe munuň bilen çäklenmän, halal hem ýaşamalydy (Zeb. 24:3, 4; 1 Pet. 1:15, 16). Bizem öňki häsiýetleri egnimizden çykarmaly — erbet pikirleri, ýaramaz endikleri aýyrmaly. Deregine täze häsiýetleri geýmeli — arassa, päk zatlar hakda pikirlenmeli, ýagşy işleri etmeli we Ýehowa ýaraýan häsiýetleri görkezmeli (Kol. 3:9, 10). Ýehowanyň kömegi bilen ahlaksyz, zalym adamlaram durmuşyny üýtgedip, ýagşy häsiýetleri ösdürip biler.

14. Jek bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? (Surata serediň).

14 Geliň, Jek bilen bolan waka seredeliň. Ol zalym we howply jenaýatçydy. Ol «aždar» diýen lakamy güne ýatyp almandy. Jegi tussag edýärler we oňa ölüm jezasyny bermeli diýip, höküm çykarýarlar. Şol döwür bir dogan türmedäki tussaglara wagyz edip, olaryň käbiri bilen okuw geçýärdi. Jek hem onuň bilen okuw geçip başlaýar. Ol ýuwaş-ýuwaşdan häsiýetlerini üýtgedip, suwa çümdürilýär. Zalym hem doňýürek Jekden nam-nyşan galmandy. Oňa ölüm jezasy berlen güni türmäniň garawullary gözüne ýaş aýlap, onuň bilen hoşlaşýarlar. Türmäniň bir işgäri şeýle diýýär: «Jek öň tussaglaryň iň wagşysydy. Indi bolsa iň ýagşysy». Jegiň ölenine bir hepde geçensoň, doganlar ýygnak geçirmek üçin türmä gelýärler. Şonda tussaglaryň biri ilkinji gezek ýygnaga gatnaşýar. Ol Jegiň düzelendigine haýran galyp, Ýehowa barada bilesi gelýär. Dogrudanam, biziň ýagşy edim-gylymymyz Ýehowa şöhrat getirýär (1 Pet. 2:12).

Biz ýagşy edim-gylymly bolup, Ýehowany şöhratlandyrýarys (14-nji abzasa serediň) d.


ÝEHOWA GELEJEKDE ÖZ ADYNY NÄDIP BEÝGELDER?

15. Ýehowa adyny nädip doly aklar? (Zebur 96:10—13).

15 Zebur 96:10—13-nji aýatlary okaň. Zebur 96-njy babyň soňky aýatlarynda Ýehowanyň adalatly Kazydygy we dogruçyl Patyşadygy aýdylýar. Ýehowa gelejekde höküm çykaranda adyny şöhratlandyrar. Ol mukaddes adyny garalaýan Beýik Wawilony ýok eder (Ylh. 17:5, 16; 19:1, 2). Belki, şol döwür käbir adamlar Hudaýyň halkyna goşulyp, Oňa sežde eder. Armageddonda bolsa, Ýehowa Şeýtanyň dünýäsini, tarapdarlaryny we adyna dil ýetirýän adamlary ýok eder. Ýöne Ýehowa gulak asýan, ony söýýän, adyna alkyş aýdýan adamlar halas bolar (Mar. 8:38; 2 Sel. 1:6—10). Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda boljak soňky synagdan soň Ýehowa adyny doly aklar (Ylh. 20:7—10). Şonda «deňziň suwdan doluşy deý, ýer ýüzi Ýehowanyň şöhraty hakdaky bilimden dolar» (Hab. 2:14).

16. Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz? (Surata serediň).

16 Gelejekde hemmeler Ýehowa alkyş aýdanda örän tolgundyryjy bolar. Ýöne şol gün gelýänçä, geliň, ähli mümkinçilikden peýdalanyp, Ýehowany şöhratlandyralyň. Ýolbaşçylyk maslahaty Ýehowanyň adyny beýgeltmegiň wajypdygyna düşünip, 2025-nji ýyl üçin Zebur 96:8-i saýlady. Aýatda: «Ýehowanyň adyny arşa galdyryň!» diýilýär.

Gelejekde hemmeler Ýehowa alkyş aýdar (16-njy abzasa serediň).

12-NJI AÝDYM Ýehowa Beýik Hudaý

a Käbir atlar üýtgedildi.

b SURATYŇ BEÝANY: sahnalaşdyrylyp düşürilen suratda Anželina.

c SURATYŇ BEÝANY: sahnalaşdyrylyp düşürilen suratda Priska.

d SURATYŇ BEÝANY: sahnalaşdyrylyp düşürilen suratda Jek.