Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GÖZLEG GEÇIRIŇ

Surat çekmek ýatda saklamaga kömek edýär

Surat çekmek ýatda saklamaga kömek edýär

Belki, size okan, öwrenen zatlaryňyzy ýatda saklamak kyn bolýandyr. Ýöne Isa pygamberiň gürrüň beren mysallary derrew ýadyňyza düşýändir. Sebäbi mysalda aýdylýan zatlary göz öňüne getirmek aňsat bolýar. Okaýan zadyňy aňyňda janlandyrmaga näme kömek eder? Surat çekmek.

Täze zady öwrenýän adamlar ýatda saklamak üçin şol zadyň suratyny çekýärler. Surat çekmek diňe bir sözleri däl, eýsem pikirleri ýatda saklamaga-da kömek edýär. Elbetde, täze zatlary öwrenýän adamlar sungat eserini döretjek bolup üýtgeşik, owadan surat çekjek bolmaýar. Olar pikiri ýönekeý şekile geçirmäge çalyşýar. Hatda garry adamlar hem surat çekmek arkaly täze zatlary öwrenip bildiler.

Belki, siz şahsy okuwyny geçireniňizde öwrenýän zadyňyzy şekile geçirersiňiz. Siz täze pikirleriň ýadyňyzda galandygyna haýran galarsyňyz.