Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

48-NJI MAKALA

97-NJI AÝDYM Hudaýyň Sözi bilen ýaşaýarys

Isa pygamberiň gudratyndan näme öwrenýäris?

Isa pygamberiň gudratyndan näme öwrenýäris?

«Men ýaşaýyş çöregidirin. Meniň ýanyma gelen hiç haçan ajykmaz» (Ýah. 6:35).

ESASY PIKIR

Ýahýa 6-njy bapda Isa pygamberiň bäş çörek we iki balyk bilen müňlerçe adamy doýrandygy barada aýdylýar. Biz Isanyň görkezen gudratyndan köp zatlary öwrenýäris.

1. Mukaddes Kitapda näme üçin «çörek» sözi köp duş gelýär?

 GADYMY döwürde adamlar köplenç çörek iýýärdi (1 Mus. 14:18; Luka 4:4). Mukaddes Kitapda hem «çörek» sözi köp duş gelýär. Köplenç «çörek» diýlende nahar göz öňünde tutulýar (Mat. 6:11). Isa-da ýer ýüzünde ýaşanda gudrat arkaly adamlary iki gezek çörek bilen doýrupdy (Mat. 16:9, 10). Şol gudratlaryň biri hakda Ýahýa 6-njy bapda ýazylan. Geliň, şol wakadan nämeleri öwrenip bolýandygyny bileliň.

2. Şägirtler adamlaryň iýjek-içjegini näme üçin alada etdiler?

2 Bir gezek Isanyň şägirtleri şäher-şäher, oba-oba aýlanyp gaty ýadadylar. Şonda Isa şägirtleri bilen dynç almak üçin bir çola ýere gidýär. Olar Jelile deňzinden geçip, Beýtsaýda barýar (Mar. 6:7, 30—32; Luka 9:10). Adamlar olaryň gidenini görüp, yzlaryndan ylgaşyp gidýärler. Gaýyk kenara gelende märeke eýýäm Isa garaşyp durdy. Isa adamlary görmediksirän bolup geçip gitmedi. Gaýtam olara ýüregi awap, Hudaýyň Patyşalygy barada öwredip başlady we keselleri sagaltdy. Agşamara adamlar ajygyp başlady. Belki-de, olaryň käbiriniň ýanynda az-owlak iýer-içer ýaly zady bolandyr, ýöne köpüsinde ýokdy. Muny görüp şägirtler alada edip başlady (Mat. 14:15; Ýah. 6:4, 5). Indi Isa näme eder?

ISA GUDRAT ARKALY MÄREKÄNI DOÝURDY

3. Isa şägirtlerine näme diýdi? (Surata serediň).

3 Isa şägirtlerine: «Olara gitmegiň geregi ýok. Iýere zady siz beriň» diýdi (Mat. 14:16). Ýöne şägirtler birgiden adama iýer ýaly zady nireden alarka? Ol ýerde 5 000-e golaý erkek adam bardy. Aýallar bilen çagalary goşsaň, 15 000 adamy doýurmaly bolýar (Mat. 14:21). Şol wagt Andreas: «Bir oglanjykda bäş arpa çörek bilen iki kiçi balyk bar. Olar uly märekä nädip ýetsin?» diýdi (Ýah. 6:9). Adatça, şol döwür adamlar arpa çöregini, kakadylan ýa-da duzlanan balyk iýipdirler. Ýöne oglanjykdaky çörekler we balyklar uly märeke üçin hiç zadam bolmaýardy.

Isa pygamber Hudaý hakda gürrüň berensoň, adamlary doýurdy (3-nji abzasa serediň).


4.Ýahýa 6:11—13-nji aýatlardan näme öwrenýäris? (Surata serediň).

4 Isa märekäni öýüne aç-suwsuz goýberesi gelmedi. Şonuň üçin toparlara bölünip, otuň üstünde oturmagy haýyş etdi (Mar. 6:39, 40; Ýahýa 6:11—13-nji aýatlary okaň). Soňra ol adamlaryň gözüniň alnynda Atasyna doga edip, çörek we balyk üçin şükür etdi. Şeýdip, ol adamlara näz-nygmatlary diňe Hudaýyň berýändigini we minnetdarlyk aýtmalydygyny öwretdi. Biz ýeke ýa-da köpçülikde bolsak-da, nahar iýmezden öň Hudaýa minnetdarlyk aýtmaly. Isa şägirtlerine adamlara çörek bilen balygy paýlamagy tabşyrdy. Märeke hem iýip doýdy. Isa artyp galan çörekleri we balyklary şägirtlerine ýygnamagy tabşyrdy. Şeýdip, ol hiç zady zaýalamady. Biz Isadan köp zatlary öwrenýäris. Ene-atalar, sizem çagalaryňyz bilen şu wakany okap, olara Isa ýaly nahar iýmezden öň doga etmegi, adamlaryň aladasyny etmegi, eli açyk bolmagy we zady zaýa etmezligi öwredip bilersiňiz.

Şu sorag hakda oýlanyň: «Men Isa pygamberiň göreldesine eýerip, nahar iýmezden öň doga edýärinmi?» (4-nji abzasa serediň).


5. Isanyň gudratyny gören adamlar näme etdiler we Isa näme etdi?

5 Adamlar Isanyň ökdelik bilen öwredýändigini we görkezýän gudratlaryny görüp haýran galdylar. Olar bir beýik pygamberiň gelmegine garaşýardylar. Sebäbi müňlerçe ýyl öň Ýehowa Musa arkaly beýik pygamberiň geljekdigini wada beripdi. Adamlar: «Wada edilen pygamber Isa bolaýmasyn?» diýip pikir eden bolmaly (5 Mus. 18:15—18). Belki-de, olar: «Isa gowy hökümdar bolar, onuň hökümdarlygynda hiç kim açlykdan kösenmez» diýip oýlanandyr. Şonuň üçin olar Isany patyşa etjek boldular, ýöne Isa daga gaçyp gitdi (Ýah. 6:14, 15). Eger Isa patyşa bolan bolsa, onda syýasata goşulardy. Sebäbi şol wagt ýehudylar rimlileriň golastyndady. Görşümiz ýaly, adamlar näme etse-de, näme diýse-de, Isa syýasata goşulmady. Şeýdip, bize gowy görelde galdyrdy.

6. Isadan nädip görelde alyp bileris? (Surata serediň).

6 Elbetde, hiç kim bizden gudrat arkaly açlary doýurmagy, kesel adamlary sagaltmagy we patyşa bolmagy haýyş etmez. Ýöne bizden saýlawlarda ses bermegi ýa-da kimdir biriniň tarapyny tutmagy talap edip bilerler. Isanyň näme edendigi ýadyňyza düşýärmi? Ol syýasata asla goşulmady. Ol: «Meniň Patyşalygym şu dünýäden däl» diýipdi (Ýah. 17:14; 18:36). Bizem Isanyň göreldesine eýerip, hatda pikirimizde-de syýasata goşulmaly däl. Gaýtam Isa ýaly Hudaýyň Patyşalygynyň tarapyny tutmaly, ol barada adamlara gürrüň bermeli we Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi barada doga etmeli (Mat. 6:10). Geliň, Isanyň adamlary gudrat bilen doýrandygy baradaky wakadan ýene näme öwrenip biljekdigimize seredeliň.

Isa pygamber ýehudylaryň we rimlileriň syýasatyna goşulman, şägirtlerine görelde galdyrdy (6-njy abzasa serediň).


ISANYŇ GUDRATYNYŇ MANYSY

7. Isa näme etdi we onuň eden işi şägirtlerine nähili täsir etdi? (Ýahýa 6:16—20).

7 Isa märekäni doýrandan soň şägirtlerine Kapernawuma gitmegi tabşyrýar. Özi bolsa patyşa etjek bolýan adamlardan gaçyp daga gidýär (Ýahýa 6:16—20-nji aýatlary okaň). Şägirtler gaýykda barýarkalar deňizde güýçli apy-tupan turýar, tolkunlar möwç urup başlaýar. Şonda Isa suwuň ýüzünden ýöräp, şägirtleriniň ýanyna barýar. Ol Petrusa hem suwuň ýüzünden ýöräp ýanyna gelmäge rugsat berýär (Mat. 14:22—31). Isa gaýyga münende ýel ýatýar. Şonda şägirtler gözlerine ynanman: «Dogrudan-da, sen Hudaýyň Ogly» diýişdiler a (Mat. 14:33). Haýran galaýmaly, şägirtler şu sözleri Isa gudrat bilen adamlary doýranda däl-de, suwuň ýüzünden ýörände aýtdylar. Şu wakany Markus hem gürrüň berýär, ýöne ol käbir jikme-jiklikleri ýazýar. Ol şeýle diýýär: «(Şägirtler) muňa haýran galdylar. Olar Isanyň bäş çörek bilen görkezen gudratyndan hiç hili sapak edinmändirler, sebäbi manysyna entegem düşünmeýärdiler» (Mar. 6:50—52). Olar Ýehowanyň Isa diňe bir adamlary doýurmak üçin däl-de, has köp işleri etmek üçin güýç berendigine düşünmediler. Şondan soň Isa ýene-de adamlary doýranda görkezen gudraty barada gürrüň edip, köp zatlary öwredýär.

8, 9. Adamlar Isany näme üçin gözledi? (Ýahýa 6:26, 27).

8 Isanyň gudratyny gözi bilen gören adamlar diňe öz islegini kanagatlandyrjak bolýardy. Muny nireden bilýäris? Şol günüň ertesi olar Isa bilen şägirtleriniň ýokdugyny gördüler, «şol wagt Tiberiýadan gaýyklar gelipdi». Olaram şol gaýyklara münüp, Isany gözlemek üçin Kapernawuma gitdiler (Ýah. 6:22—24). Aslynda, olar Hudaýyň Patyşalygy barada bilmek üçin Isanyň yzyndan gitmändi. Olaryň bar aladasy garnyny doýurmakdy. Munuň şeýledigini Isanyň sözlerinden hem bilse bolýar.

9 Adamlar Isany Kapernawumyň golaýyndan tapdylar. Isa adamlaryň öz ýanyna garnyny doýurmak üçin gelendiklerini bilýärdi. Isanyň beren çöregi olaryň garnyny doýran hem bolsa, wagtyň geçmegi bilen zaýalanýardy. Isa olara: «Emma zaýalanýan çöregi däl, zaýalanmaýan, ýagny ebedi ýaşaýyş berýän çöregi almaga jan ediň» diýdi (Ýahýa 6:26, 27-nji aýatlary okaň). Şeýle-de olara «zaýalanmaýan çöregi» Atasynyň berýändigini aýtdy. Isany diňläp duran adamlar «ebedi ýaşaýyş berýän çörek» barada eşidende haýran galandyr. Isanyň sözleri näme aňladýardy we adamlar «zaýalanmaýan çöregi» nädip alyp bilýärdi?

10. Adamlar ebedi ýaşaýşy almak üçin näme etmelidi?

10 Isany diňläp duran ýehudylar şol çöregi almak üçin käbir tabşyryklary ýerine ýetirmelidir öýdendir. Belki-de, olaryň ýadyna Musanyň kanunyndaky tabşyryklar düşendir. Ýöne Isa olara: «Hudaýy razy etmek üçin, onuň iberenine iman ediň» diýdi (Ýah. 6:28, 29). Isa «ebedi ýaşaýşy» almak üçin Hudaýyň iberenine iman etmelidigi hakda öňem aýdypdy (Ýah. 3:16—18, 36). Ol ýehudylara muny soňam birnäçe gezek ýatladypdy (Ýah. 17:3).

11. Ýehudylaryň diňe garnyny doýurmak barada pikir edýändigi nämeden görünýärdi? (Zebur 78:24, 25).

11 Ýehudylar Isa ynanmadylar. Şonuň üçin oňa: «Alamat görkez, saňa iman edeli. Bize nähili alamat görkezjek?» diýdiler (Ýah. 6:30). Soňra olar Hudaýyň geçmişde ata-babalary iýer ýaly her gün gökden manna ýagdyrandygyny aýtdylar (Neh. 9:15; Zebur 78:24, 25-nji aýatlary okaň). Hawa, olar henizem garnyny doýurmak hakda pikir edýärdiler. Isa «hakyky çöregiň» hem manna ýaly gökden inýändigini, ýöne ebedi ýaşaýyş berýändigini aýtdy (Ýah. 6:32). Ýehudylar Isanyň sözleriniň manysyna düşünjek hem bolmadylar. Olaryň gara gaýgysy gara garny bolansoň, Isanyň ebedi ýaşaýyş barada jan edip öwredýän zatlaryny diňlemek islemediler. Biz mundan näme öwrenýäris?

DURMUŞDA IŇ WAJYP ZAT

12. Isa nämäni wajyp hasaplaýardy?

12 Biz Ýahýa 6-njy bapdan wajyp sapak edinýäris. Hiç bir zat Hudaý bilen dostlugymyzdan öňe geçmeli däl. Isa synagda Hudaýa gulak asyp ýaşamagyň «çörekden» has wajypdygyny görkezdi (Mat. 4:3, 4). Isa dagdaky wagzynda-da Hudaý bilen dostlugyň berk bolmalydygyny aýtdy (Mat. 5:3). Şonuň üçin özümize şeýle sorag bermeli: «Meniň durmuşymdan öz islegimi kanagatlandyrmagy däl-de, Ýehowa bilen dostlugy wajyp saýýandygym görünýärmi?»

13. a) Durmuşdan lezzet alyp ýaşamagyň näme üçin hiç hili erbetligi ýok? b) Pawlus mesihçilere nähili duýduryş berdi? (1 Korinfliler 10:6, 7, 11).

13 Hudaýdan gerek zatlaryňy dilemegiň we lezzet alyp ýaşamagyň hiç hili erbetligi ýok (Luka 11:3). Mukaddes Kitapda: «Adam üçin iýip-içmekden, zähmetiniň hözirini görmekden gowy zat ýokdur. Bu-da hak Hudaýyň berýän berekedi» diýilýär (Nes. 2:24; 8:15; Ýak. 1:17). Ýöne biz durmuşda köp zat edinjek bolup hars urmaly däl. Pawlus resul mesihçilere ýazan hatynda muny duýdurypdy. Ol Sinaý dagynyň golaýynda ysraýyllaryň eden işlerinden sapak edinmäge höweslendirdi we «ata-babalarymyz ýaly erbet zatlary islemäliň» diýdi (1 Korinfliler 10:6, 7, 11-nji aýatlary okaň). Ýehowa ysraýyllaryň iýjek-içjegini ýetirip durýardy, emma ysraýyllar açgözlük bilen köp zat isledi. Şonuň üçin Ýehowanyň gudrat arkaly beren zady olar üçin «erbet zat» boldy (4 Mus. 11:4—6, 31—34). Şeýle-de olar Ýehowa gulak asman, diňe garnynyň aladasyny etdiler. Şonuň üçinem iýip içdiler, altyn gölä sežde etdiler we şadyhorramlyk etdiler (2 Mus. 32:4—6). Pawlus mesihçilere şu duýduryşy tüýs wagtynda berdi. Şondan köp wagt geçmänkä, ýagny b. e. 70-nji ýylynda Iýerusalim we ybadathana weýran edilipdi. Pawlusyň duýduryşy bize-de degişli, sebäbi biz dünýäniň soňunda ýaşaýarys.

14. Hudaý nämäni wada berýär?

14 Isa «her günki çöregimiz» hakda dileg edenimizde, Hudaýyň isleginiň «gökde bolşy ýaly, ýerde-de... amala aşmagyny» dilemelidigini öwretdi (Mat. 6:9—11). Jennetde ýer ýüzünde iýmit bol bolar. Işaýa 25:6—8-nji aýatlarda Hudaýyň Patyşalygy gelende adamlaryň her dürli näzi-nygmatlary iýip lezzet aljakdygy aýdylýar. Zebur 72:16-da bolsa: «Ýer ýüzünde galla köp bolar, daglaryň depesine çenli ýeter» diýilýär. Jennetde her dürli naharlary bişirişiňiz göz öňüňize gelýärmi? Belki-de, siz öň bişirip görmedik tagamlaryňyzy taýýarlasyňyz gelýändir ýa-da mellegiňize islän zadyňyzy ekip, hasyl alasyňyz gelýändir (Işa. 65:21, 22). Şonda her bir adam eşretli durmuşyň hözirini görer.

15. Täze dünýäde direlen adamlar näme öwrener? (Ýahýa 6:35).

15Ýahýa 6:35-i okaň. Täze dünýäde Isanyň çörek we balyk bilen doýran adamlarynyň käbiri direler. Olaryň köpüsi şol wagt Isa iman etmedik bolsa-da, Hudaý olary direlder (Ýah. 5:28, 29). Bizem olar bilen tanşarys. Şonda olar Isanyň: «Men ýaşaýyş çöregidirin. Meniň ýanyma gelen hiç haçan ajykmaz» diýen sözleriniň manysyna doly düşünerler. Olar Isanyň adamlar üçin janyny töleg hökmünde gurban berendigine iman etmeli bolarlar. Biz Jennetde dünýä inen çagalara, direlen adamlara Ýehowa Hudaý we Onuň ajaýyp niýetleri hakda öwrederis. Şol döwür adamlara okuw geçmek gyzykly bolar. Täze dünýäde adamlara Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmek iýjek näz-nygmatlarymyzdan has datly, lezzetli bolar.

16. Indiki makalada näme öwreneris?

16 Biz şu makalada Ýahýa 6-njy bapdaky wakadan käbir zatlary öwrendik. Ýöne Isa «ebedi ýaşaýşy» almak üçin ýene-de näme etmelidigini öwredipdi. Isanyň öwreden zatlary diňe ýehudylara däl-de, bize-de degişli. Indiki makalada Ýahýa 6-njy bapdan has köp zatlary öwreneris.

20-NJI AÝDYM Eziz Ogluňy berdiň