42-NJI MAKALA
103-NJI AÝDYM Çopanlar Hudaýyň berekedi
«Bereket hökmünde berlen» doganlar
«Ol ýokaryk galyp, ýesirleri alyp gitdi, soňra olary bereket hökmünde berdi» (Efes. 4:8).
ESASY PIKIR
Ýygnak hyzmatçylary, ýaşulular we etrap gözegçileri dogan-uýalaryň ýürekden aladasyny edýär. Biz olara minnetdar bolmaly.
1. Isa pygamber adamlara nädip ýagşylyk edýär?
ISA pygamber ýer ýüzünde ýaşanda ähli adamlara janyny gaýgyrman ýagşylyk etdi we gudrat bilen müňlerçe adamlary doýurdy (Luka 9:12—17). Ol biziň üçin şirin janyny töleg hökmünde gurban etdi (Ýah. 15:13). Ölümden direlenden soň hem ýagşylyk etmekden ýadamady. Şeýle-de ol Ýehowadan biziň üçin mukaddes ruhuny dileýär. Ýehowa mukaddes ruhy arkaly bize göwünlik berýär, öwredýär we tälim berýär (Ýah. 14:16, 17; 16:13). Isa pygamber ýygnak duşuşyklary arkaly bize ökde mugallym bolmagy öwredýär we şägirt taýýarlamaga kömek edýär (Mat. 28:18—20).
2. Isa pygamberiň «bereket hökmünde beren» adamlaryna kimler degişli? (Efesliler 4:7, 8).
2 Isa pygamber adamlar üçin köp ýagşylyk edýär. Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen Mesih göge galansoň, doganlary «bereket hökmünde berendigini» ýazdy (Efesliler 4:7, 8-nji aýatlary okaň). Isa pygamber doganlar arkaly ýygnagyň dürli tarapdan aladasyny edýär (Efes. 1:22, 23; 4:11—13). Şu günler Isanyň «bereket hökmünde beren» adamlary — ýygnak hyzmatçylary, ýaşululary we etrap gözegçileri a. Elbetde, olar kämil däl, ýalňyşlyk goýberýär (Ýak. 3:2). Emma Isa pygamber olar arkaly biziň aladamyzy edýär. Hawa, olar ýygnak üçin uly bereket!
3. «Bereket hökmünde berlen» doganlary nädip goldap bileris? Mysal getiriň.
3 Isa pygamber «bereket hökmünde berlen» doganlara ýygnagyň aladasyny etmegi tabşyrdy (Efes. 4:12). Emma biz hem olara borjuny gowy we şatlyk bilen ýerine ýetirmäge kömek edip bileris. Aýdaly, Ýygnak jaýy gurulýar. Oňa ýörite ussa doganlar bellenýär. Emma gurluşykdan başy çykmaýan dogan-uýalar hem ussalary goldap biler. Meselem, olar üçin nahar bişirerler, ulagynda gurluşyga getirip-äkiderler we ş. m. hyzmaty ýerine ýetirip bilerler. Edil şonuň ýaly, biz hem ýygnak hyzmatçylaryny, ýaşululary we etrap gözegçilerini goldap, olar bilen eginme-egin işleşmeli. Olaryň çekýän zähmeti üçin minnetdar bolmaly we elimizden gelen kömegi gaýgyrmaly däl. Şonda Isa pygamber begener. Geliň, doganlaryň nähili işleri edýändigini bileliň we minnetdar bolmak üçin näme etmelidigi hakda gürrüň edeliň.
YHLASLY ÝYGNAK HYZMATÇYLARY
4. I asyrdaky ýygnak hyzmatçylary nähili işleri edipdir?
4 I asyrda käbir doganlar ýygnakda hyzmatçy bolup gulluk edýärdi (1 Tim. 3:8). Pawlus resul olara «hyzmat edýänler» diýdi (1 Kor. 12:28). Hyzmatçy doganlar ýaşululara uly goldaw berýärdi. Şeýlelikde, ýaşulularyň beýleki dogan-uýalara tälim bermäge we çopançylyk idegini etmäge wagty bolýardy. Belki, hyzmatçylar Mukaddes Kitabyň golýazmalaryny göçürendirler ýa-da göçürmek üçin gerek-ýarak zatlary satyn alyp gelendirler.
5. Şu günler ýygnak hyzmatçylary nähili işleri ýerine ýetirýär?
5 Şu günler ýygnak hyzmatçylary köp işleri edýär (1 Pet. 4:10). Meselem, olar ýygnagyň hasap-hesip işlerini ýöredýär, ýygnagyň meýdançasyna seredýär, gerekli edebiýatlary sargyt edýär we dogan-uýalara paýlaýar. Şeýle-de ýygnagyň audio-wideo enjamlaryna seredýär, ýygnaga gelenleri garşy alýar we Ýygnak jaýynyň bejeriş işlerine gatnaşýar. Olaryň edýän tagallasy bilen bütin ýygnak sazlaşykly işleýär (1 Kor. 14:40). Olar «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygynda käbir bölümleri geçirýär, jemagat nutugy bilen çykyş edýär. Şeýle-de hyzmatçy doganlaryň käbirini wagyz toparynyň gözegçisiniň kömekçisi edip belleýärler, hatda käbirleri ýygnak ýaşululary bilen çopançylyk idegini edýärler.
6. Biz näme üçin ýygnak hyzmatçylaryna sag bolsun aýtmaly?
6 Dogan-uýalar ýygnak hyzmatçylarynyň çekýän zähmetine örän minnetdar. Boliwiýada ýaşaýan Bewerli b uýa şeýle gürrüň berýär: «Ýygnakda agyr zähmet çekýän hyzmatçy doganlary görenimde örän ruhlanýaryn. Olaryň tagallasy bilen ýygnakda aýdym aýdýarys, jogap berýäris, nutuklary diňleýäris, wideolary we suratlary görýäris. Hyzmatçy doganlar ýygnak duşuşyklarynyň howpsuz geçirilmeginiň aladasyny edýär. Olar hassa, garry dogan-uýalara wideoaragatnaşyk arkaly ýygnaklara gatnaşmaga kömek edýär. Olar ýygnak tamamlanan badyna iki ýeňini çermäp Ýygnak jaýyny syryp-süpürýär. Ýygnagyň pul hasabatyny ýöredýär. Dogan-uýalara gerekli edebiýatlary paýlaýar. Olaryň çekýän zähmetine örän minnetdar. Men olara guwanýan!» Kolumbiýada ýaşaýan Lesli uýa şeýle gürrüň berýärin: «Meniň ärim ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýär. Ýygnak hyzmatçylary oňa uly goldaw bolýar. Eger olar kömek etmedik bolsa ärim gije-gündiz zähmet çekmeli bolardy. Men arman-ýadaman işleýän hyzmatçy doganlara köp sag bolsun aýdýaryn». Dogan-uýalar, siz hem uýalaryň aýdýan minnetdarlyk sözlerine goşulsaňyz gerek (1 Tim. 3:13).
7. Biz ýygnak hyzmatçylaryna nädip minnetdarlyk bildirmeli? (Surata serediň).
7 Mukaddes Kitapda «minnetdar boluň» diýilýär. Şol sebäpli biz hyzmatçy doganlara diňe bir guwanman, çekýän zähmeti üçin köp sag bolsun aýtmaly (Kol. 3:15). Finlýandiýada ýaşaýan Kristof ýaşuly şeýle gürrüň berýär: «Men hyzmatçy doganlara minnetdarlyk bildirmek üçin hat ýazýaryn. Hatymda olary ruhlandyrjak aýatlary ýazýaryn ýa-da maňa eden ýagşylygy üçin sag bolsun aýdýaryn, ýa-da olaryň çekýän agyr zähmetini näme üçin gymmat saýýandygymy düşündirýärin». Täze Kaledoniýada ýaşaýan är-aýal Paskal bilen Ýaýel hemişe ýygnak hyzmatçylary üçin doga edýän ekeni. Paskal dogan şeýle gürrüň berýär: «Biz her gün ýygnak hyzmatçylary üçin Ýehowa doga edýäris. Olara Ýehowanyň ak pata we güýç-kuwwat bermegini dileýäris». Hawa, Ýehowa şeýle dogalary eşidýär we bütin ýygnaga ak pata berýär (2 Kor. 1:11).
ALADAÇYL ÝAŞULULAR
8. I asyrda ýaşulular nähili işleri ýerine ýetirýärdi? (1 Selanikliler 5:12, 13).
8 I asyrda ýaşuly doganlar köp işleri edýärdi (1 Selanikliler 5:12, 13-nji aýatlary okaň; 1 Tim. 5:17). Olar ýygnaga «ýolbaşçylyk edýärdi», duşuşyklary geçirýärdi we gerekli görkezmeleri berýärdi. Ýaşulular dogan-uýalara «öwüt-ündew berýärdi» we Hudaýa wepaly bolar ýaly maslahat hem berýärdi (1 Sel. 2:11, 12; 2 Tim. 4:2). Şeýle-de ýaşulular aýalyny we çagalaryny eklemek üçin arman-ýadaman zähmet çekýärdi we olaryň Hudaýa imanyny berkitmek üçin elinde baryny edýärdi (1 Tim. 3:2, 4; Tit. 1:6—9).
9. Şu günler ýaşulular nähili işleri edýärler?
9 Şu günler ýaşulular köp işleri ýerine ýetirýär. Olar her bir mümkinçilikden peýdalanyp hoş habary wagyz edýär (2 Tim. 4:5). Ýaşulular wagyz duşuşygyny gurnaýar, dogan-uýalara ökde wagyzçy we mugallym bolmaga kömek edýär. Käte dogan-uýalardan biri agyr günä edýär. Ýaşulular onuň işine seretmek üçin düzediş çäresini geçirýär. Şonda ýaşulular rehimdar we adalatly Ýehowanyň göreldesine eýerýär. Olar günä eden adamyň Hudaý bilen dostlugyny dikeltmäge kömek etmek üçin elinde baryny edýär. Şeýle-de ýaşulular ýygnagy ahlak we ruhy taýdan arassa saklamak üçin tagalla edýär (1 Kor. 5:12, 13; Gal. 6:1). Mukaddes Kitapda ýaşulularyň «Hudaýyň sürüsini bakýandyklary» hakda ýazylan (1 Pet. 5:1—3). Aladaçyl doganlar ruhlandyryjy nutuklar bilen çykyş edýär, dogan-uýalary gowy tanap, olar bilen dostlaşýar we çopançylyk ideglerini edýär. Käbir ýaşulular Ýygnak jaýynyň gurluşyk we bejeriş işlerine gatnaşýar, kongresleri gurnaýar, Keselhanalar bilen işleşýän komitetde, Hassalary ideýän toparda gulluk edýär, başga-da köp borçlary ýerine ýetirýär. Ýaşuly doganlaryň janyna berekella!
10. Biz näme üçin ýygnak ýaşulularyna minnetdar bolmaly?
10 Ýehowa halkynyň «gorkup sandyramazlygy» üçin aladaçyl çopanlary berjekdigini wada berdi (Ýer. 23:4). Finlýandiýada ýaşaýan Ýohanna uýanyň ejesi agyr kesele ýolugýar. Uýa şeýle gürrüň berýär: «Men her kime ýürek derdimi, gaýgy-aladamy gürrüň berip bilmeýärin. Bir güni ýaşuly dogan ýanyma gelip, hal-ýagdaýymy sorady. Ony gowy tanamasam-da, ýürekden gyzyklandy, ünsli diňledi, meniň üçin doga etdi we Ýehowanyň meni söýýändigini ýatlatdy. Doganyň her bir aýdan sözi anyk ýadyma düşenok, ýöne şondan soň ýüregim giňäp gitdi, gaýgy-aladam zym-zyýat boldy. Men Ýehowanyň ýaşuly dogany tüýs wagtynda ýanyma iberendigine düşündim». Dogan-uýalar, ýaşulular size-de köp kömek edendirler!
11. Biz ýygnak ýaşulularyna nädip minnetdar bolup bileris? (Surata serediň).
11 Ýehowa arman-ýadaman zähmet çekýän ýaşulularyň gadyryny bilmegimizi isleýär (1 Sel. 5:12, 13). Finlýandiýada ýaşaýan Henriýetta uýa şeýle diýýär: «Ýaşulular dogan-uýalara kömek etmäge hemişe taýýar. Emma olaryň hem işi-güýji, aladasy-derdi bar. Olar hem biziň ýaly ýadaýar. Şonuň üçin men wagtal-wagtal ýaşulularyň ýanyna baryp: „Siz örän aladaçyl! Ýygnakda köp işleri edýärsiňiz. Biz size guwanýarys!“ diýýärin». Türkiýede ýaşaýan Sera uýa şeýle diýýär: «Ýaşululara minnetdar bolsak, olaryň güýjüne güýç goşular. Biz ýaşululara hat ýazyp sag bolsun aýdyp bileris, myhmançylyga çagyryp, saçak başynda gürrüň edip bileris ýa-da olar bilen eginme-egin işleşip, hoş habary wagyz edip bileris». Dogan-uýalar, belki, ýaşulular size-de agyr günüňizde kömek edendir. Siz olara nädip minnetdar bolup bilersiňiz? (1 Kor. 16:18).
JANAÝAMAZ ETRAP GÖZEGÇILERI
12. Isa Mesihiň «bereket hökmünde beren» adamlaryna ýene kimler degişli? (1 Selanikliler 2:7, 8).
12 Isa Mesihiň «bereket hökmünde beren» adamlarynyň arasynda etrap gözegçileri hem bar. I asyrda Isa Mesihiň görkezmesine eýerip, Iýerusalimdäki ýaşulular Pawlusy, Barnabasy we başga doganlary ýygnaklary idemäge iberdi (Res. 11:22). Pawlus bilen Barnabas ýygnak ýaşululary we hyzmatçylary ýaly, dogan-uýalary ruhlandyryp, imanyny berkitmelidi (Res. 15:40, 41). Olar imandaşlaryny goldamak we kömek etmek üçin köp kynçylyklara döz geldi, hatda janyndan geçmäge-de taýyn boldy (1 Selanikliler 2:7, 8-nji aýatlary okaň).
13. Etrap gözegçileri nähili işleri ýerine ýetirýär?
13 Etrap gözegçileri menzil-menzil ýol sökýär. Olar her hepde ençeme ruhlandyryjy nutuklar bilen çykyş edýär, çopançylyk idegini edýär, pionerler we ýygnak ýaşululary bilen duşuşyklary geçirýär, şeýle-de wagyz duşuşyklaryny hem geçirýär. Olar etrap we welaýat kongreslerini gurnaýar, nutuklar bilen çykyş edýär, pionerler mekdebini geçirýär, özüne degişli etrapdaky ähli pionerler bilen ýörite duşuşygy gurnaýar. Käte bolsa filialyň tabşyran gaýragoýulmasyz ýumuşlaryny ýerine ýetirýär.
14. Biz näme üçin zähmetsöýer etrap gözegçilerine minnetdar bolmaly?
14 Dogan-uýalar etrap gözegçileriniň çekýän agyr zähmetine örän minnetdar. Türkiýede ýaşaýan dogan etrap gözegçileriniň galdyran göreldesi hakda şeýle gürrüň berýär: «Etrap gözegçileri her sapar biziň ýygnagymyza gelende, olaryň dogan-uýalara hyzmat edişini görenimde ruhlanýaryn. Men hem olaryň göreldesine eýerip, imandaşlaryma janym-tenim bilen hyzmat etmäge taýyn bolýaryn. Hawa, men köp etrap gözegçilerini tanaýaryn. Olaryň işi köp, wagty çäkli bolsa-da, her bir dogan-uýa üçin wagt tapýar». Ýohanna şeýle gürrüň berýär: «Etrap gözegçisi biziň ýygnagymyza geldi. Men onuň bilen öýden-öýe wagyz etmäge gitdim. Biz birnäçe gapyny kakdyk, emma ýekeje gapy-da açylmady. Ýöne men şol güni hiç haçan unutmaryn, sebäbi şol wagtlar iki uýam hem göçüp gidipdi. Men etrap gözegçisine olary göresim gelýändigini, küýseýändigimi aýtdym. Şonda ol: „Jennetde hiç zat dogan-garyndaşlaryňdan aýra salmaz“ diýende, men örän ruhlandym». Dogan-uýalar, siziň hem şeýle ýakymly ýatlamalaryňyz bar bolsa gerek! (Res. 20:37—21:1).
15. a) 3 Ýahýa 5—8-nji aýatlara görä, etrap gözegçilerine nädip minnetdarlyk bildirip bileris? (Surata serediň). b) Biz doganlaryň aýallaryna nädip minnetdar bolup bileris? (« Gelinlere minnetdar boluň» diýen çarçuwa serediň).
15 Ýahýa resul Gaýa ýygnagy idemäge baran doganlara «ähli gerek zatlary berip ýola sal, şonda Hudaýy razy edersiň» diýdi (3 Ýahýa 5—8-nji aýatlary okaň). Biz hem etrap gözegçileri ýygnagymyzy idände, olary myhmançylyga çagyryp bileris, wagyz duşuşyklaryna baryp, eginme-egin işleşip bileris. Lesli uýa şeýle gürrüň berýär: «Ýanýoldaşym bilen etrap gözegçileri üçin Hudaýa doga-dileg edýäris, gerek-ýarak zatlaryny ýetirmegini dileýäris. Biz olara minnetdarlyk bildirip hat ýazýarys. Olaryň aýdan haýsy pikiriniň ruhlandyrandygyny, göwnümizi göterendigini ýazýarys». Elbetde, etrap gözegçileriniň jany demirden däl! Olar hem syrkawlaýar, ruhdan düşýär we öz aladasy, öz derdi bar. Şonuň üçin biz etrap gözegçilerini öwüp, göwnüni göterýän sözleri aýtsak gowy bolar. Belki, olara sowgatjyk berip bileris. Şonda Ýehowa biz arkaly olaryň doga-dilegine jogap berer (Nak. 12:25).
DOGANLAR, BILIŇIZI BERK GUŞAŇ!
16. Nakyllar 3:27-ä görä, doganlar nähili maksatlar goýup biler?
16 Şu günler Hudaýyň halky gün-günden artýar. Şonuň üçin ýygnak hyzmatçylary, ýaşululary we etrap gözegçileri gerek. Suwa çümdürilen doganlar, siziň imandaşlaryňyza hyzmat edesiňiz gelýärmi? (Nakyllar 3:27-ni okaň). Onda ýygnak hyzmatçysy bolmagy maksat goýuň. Eger siz ýygnak hyzmatçysy bolsaňyz, ýaşuly bolmaga jan ediň c. Belki, siz Hoş habarçylar mekdebinde okarsyňyz. Şonda siz öz ýygnagyňyz üçin uly bereket bolarsyňyz we Isa pygamberiň tabşyran ýumşuny birkemsiz ýerine ýetirersiňiz. Eger siz şeýle maksatlary goýmaga özüňizi mynasyp görmeýän bolsaňyz näme?! Onda Ýehowa ýürekden doga ediň. Ol size mukaddes ruhuny bolluk bilen berer we siz her bir tabşyrylan işi çöp döwen ýaly edersiňiz (Luka 11:13; Res. 20:28).
17. Biz näme üçin Patyşamyz Isa minnetdar bolmaly?
17 Dogan-uýalar, geliň, aladaçyl, mähirli we jomart Patyşamyz Isa Mesihe minnetdar bolalyň! Ol «bereket hökmünde berlen» doganlar arkaly gije-gündiz biziň aladamyzy edýär (Mat. 28:20). Şeýle-de arman-ýadaman zähmet çekýän ýygnak hyzmatçylaryna, ýaşululara we etrap gözegçilerine sag bolsun aýdalyň. Esasanam, «her bir gowy we kämil sowgatlary» berýän Ýehowa Hudaýa alkyş aýdalyň (Ýak. 1:17).
99-NJY AÝDYM Müňlerçe dogan-uýalar
a Isa pygamberiň «bereket hökmünde beren» adamlaryna Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary, olaryň kömekçileri, filial komitetiniň agzalary we başga-da jogapkärli borçlary ýerine ýetirýän ýaşulular degişli.
b Käbir atlar üýtgedildi.
c Ýygnak hyzmatçysy we ýaşulusy bolmak üçin «Doganlar, hyzmatçy bolmagy maksat goýýarsyňyzmy?» we «Doganlar, ýaşuly bolmagy maksat goýýarsyňyzmy?» diýen makalalary okap bilersiňiz (w24.11).