Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowa şükür edip, berekedini alyň

Ýehowa şükür edip, berekedini alyň

«Ýehowa şükür ediň, çünki Ol gowudyr». Zeb. 106:1, TD

1. Biz näme üçin Ýehowa şükür etmeli?

ÝEHOWA «ähli oňat, kämil sowgat» berýändigi üçin, biz oňa minnetdar bolmaly (Ýakup 1:17). Ol söýýän çopan hökmünde biziň maddy we ruhy zerurlyklarymyzyň aladasyny edýär (Zeb. 23:1—3). Ýehowa, esasanam, kyn günlerimizde «pena hem arkadaýanjymyzdyr» (Zeb. 46:1). Mezmurçynyň: «Ýehowa şükür ediň, çünki ol gowudyr, onuň merhemeti ebedidir» diýen sözlerine ýürekden goşulmaga ençeme sebäpler bar (Zeb. 106:1, TD).

2015-nji ýylyň aýady: «Ýehowa şükür ediň, çünki ol gowudyr» Zebur 106:1, TD.

2, 3. a) Bereketlere bolmaly zat ýaly garamak näme üçin howply? b) Biz şu makalada haýsy soraglara serederis?

2 Hudaýa şükür etmek baradaky soraga seretmek näme üçin wajyp? Sebäbi pygamberlige görä, soňky günlerde adamlar gadyr bilmez boldular (2 Tim. 3:2). Köp adamlar alýan bereketlerine bolmaly zat ýaly garaýarlar. Millionlarça adamlar dünýäniň we onuň hödürleýän zatlarynyň täsirine düşüp, bar zadyna kaýyl bolman, gereginden artyk köp zat edinjek bolýar. Bizem ruhy zatlaryň gadyryny bilmeýän adamlaryň täsirine düşüp bileris. Gadymy döwürdäki ysraýyllylar ýaly Ýehowa bilen dostlugymyzyň we onuň berýän bereketleriniň gadyryny bilmän başlarys (Zeb. 106:7, 11—13).

3 Şeýle-de biz agyr synaglara uçranymyzda nähili ýagdaýa düşüp biljekdigimize serederis. Bu ýagdaýda biz gaýgylanyp, alýan bereketlerimizi gözden salmagymyz mümkin (Zeb. 116:3). Şol sebäpli biz nädip hemişe ýürekden minnetdar bolup bileris? Bize agyr synaglarda dogry garaýyşda bolmaga näme kömek eder? Geliň, bu barada bileliň.

«HUDAÝYM, SENIŇ EDEN ZATLARYŇ KÖPDÜR»

4. Ýehowa şükür eder ýaly näme etmeli?

4 Biz Ýehowanyň berýän bereketlerine we söýgi bilen edýän işlerine üns berip, oýlansak, oňa şükür ederis. Mezmurçy hem muny edip, Ýehowanyň edýän ajaýyp işlerine alkyş aýdypdy (Zebur 40:5; 107:43-nji aýatlary okaň).

5. Biz Pawlus resulyň mysalyndan näme öwrenip bileris?

5 Biz Pawlus resulyň Ýehowa minnetdar bolandygyndan köp zatlar öwrenip bileris. Ol alan bereketleri barada oýlanyp, hemişe Hudaýa şükür edýärdi. Pawlus resul birwagt mesihçilere «dil ýetirip, azar berip, zorluk edipdi». Muňa garamazdan, ol Hudaýyň we Isanyň görkezen rehimdarlygyna we gullukda ynanylan işlere minnetdarlyk bildirdi (1 Timoteos 1:12—14-nji aýatlary okaň). Şeýle-de ol dogan-uýalaryň gadyryny bilip, gowy häsiýetleri hem wepalylygy üçin ýygy-ýygydan Ýehowa minnetdarlyk bildirýärdi (Flp. 1:3—5, 7; 1 Sel. 1:2, 3). Pawlus resul synaglara uçranda, dogan-uýalaryň üsti bilen wagtynda kömek edýändigine Ýehowa şükür edýärdi (Res. iş. 28:15; 2 Kor. 7:5—7). Ol mesihçilere ýazan hatynda: «Biri-biriňize... mezmurlar, öwgüli aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, şükür bilen ýüregiňizden Rebbe nagma okaň» diýdi (Kol. 3:15—17).

HUDAÝA ŞÜKÜR ETMEK ÜÇIN OÝLANMALY WE DOGA ETMELI

6. Siz, esasanam, nämeler üçin Ýehowa şükür edýärsiňiz?

6 Biz Pawlus resulyň göreldesine eýerip, nädip Ýehowa şükür edip bileris? Pawlus resul ýaly Ýehowanyň biziň üçin edýän zatlary barada oýlanmaly (Zeb. 116:12). Siz Ýehowanyň haýsy bereketlerine şükür edip bilersiňiz? Mysal üçin, siz Ýehowa bilen dostlugyň gadyryny bilýärsiňizmi? Isanyň töleg gurbany arkaly günäňiz geçilýärmi? Dogan-uýalardan kimler size kynçylyklarda goldaw berdi? Elbetde, siz eziz ýanýoldaşyňyzy we eý görýän çagalaryňyzy hem ünsden salmarsyňyz. Alýan bereketleriňiziň san-sajagy ýokdur. Söýgüden doly Ýehowanyň berýän ajaýyp bereketleri barada oýlanmak üçin wagt tapsaňyz, Hudaýa ýürekden minnetdar bolarsyňyz we her gün oňa alkyş aýdarsyňyz (Zebur 92:1, 2-nji aýatlary okaň).

7. a) Biz doga edenimizde näme üçin Ýehowa şükür etmeli? b) Dogada Hudaýa şükür etmegiň nähili peýdasy bar?

7 Biz alýan bereketlerimiz barada oýlanyp, ýürekden minnetdar bolsak, Ýehowa doga edenimizde, oňa şükür ederis (Zeb. 95:2; 100:4, 5). Adamlaryň köpüsi Hudaýa diňe bir zat gerek bolanda doga edýärler. Emma biz Ýehowanyň şükür edilýän dogalary halaýandygyny bilýäris. Mukaddes Ýazgylarda Hanna we Hizkiýa patyşa ýaly Hudaýyň gadymy gullukçylarynyň Hudaýa ýürekden şükür eden dogalary ýazylgy (1 Şam. 2:1—10; Iş. 38:9—20) Biz hem olaryň göreldesine eýerip, Ýehowanyň berýän bereketlerine şükür edip, minnetdarlygymyzy bildirip bileris (1 Sel. 5:17, 18). Munuň bize köp peýdasy bar: ruhlanýarys, Ýehowa bolan söýgimiz artýar we oňa has-da ýakynlaşýarys (Ýakup 4:8).

Sen haýsy bereketler üçin Ýehowa şükür edýärsiň? (6, 7-nji abzaslara serediň)

8. Biz Ýehowanyň edýän ýagşylygyny näme üçin gözden salyp bileris?

8 Biz Ýehowanyň edýän ýagşylygyny näme üçin gözden salyp bileris? Sebäbi bizde dogabitdi gadyr bilmez endigi bar. Meselem, Adam ata bilen How ene Erem bagynda ähli zerurlyklaryny kanagatlandyryp, ebedi ýaşap bilýärdi (Gel. çyk. 1:28). Emma olar alýan bereketleriniň gadyryny bilmän açgözlük edip, köp zat islediler. Netijede, olar ähli zatdan mahrum boldular (Gel. çyk. 3:6, 7, 17—19). Biz hem gadyr bilmez adamlaryň arasynda ýaşaýandygymyz üçin, Ýehowanyň bize berýän ähli zatlaryny gözden salmagymyz mümkin. Mysal üçin, biz Ýehowa bilen dostlugymyzy bolmalysy ýaly kabul edip bileris. Bütindünýä doganlygyň agzasy bolmagyň uly hormatdygyny unutmagymyz mümkin. Şeýle-de biz tizden ýok ediljek dünýäde başagaý bolup bileris (1 Ýahýa 2:15—17). Biz bu zatlardan gaça durup, alýan bereketlerimiz barada oýlanyp, Ýehowanyň halkynyň arasyndadygymyza hemişe-de oňa alkyş aýtmak isleýäris (Zebur 27:4-i okaň).

SYNAGLARA DÖZ GELMEK

9. Agyr synaglara uçranymyzda näme üçin alýan bereketlerimiz barada oýlanmaly?

9 Biz ýürekden minnetdar bolsak, agyr synaglara döz gelip bileris. Ýanýoldaşyň ikilik etmegi, dogan-garyndaşlaryň aýrylmagy, agyr kesellemek, tebigy betbagtçylyk ýaly durmuşda bolýan duýdansyz wakalar sebäpli gam çekmegimiz mümkin. Şeýle ýagdaýlarda alýan bereketlerimiz barada oýlansak, teselli taparys we ruhlanarys. Geliň, birnäçe mysala seredeliň.

10. Irina uýamyzyň alýan bereketlerini sanamagy oňa nädip kömek etdi?

10 Demirgazyk Amerikada pioner bolup gulluk edýän Irina * atly uýamyzyň ýanýoldaşy öň ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýärdi. Soňra ol uýamyza ikilik edip, ony we çagalaryny taşlap gidýär. Irina Hudaýa wepaly galmaga näme kömek etdi? Ol şeýle diýýär: «Ýehowanyň meniň üçin eden zatlaryna örän şükür edýärin. Men gökdäki Atamyň her günki berýän bereketlerini sanap, onuň meni tanaýandygyna we söýýändigine göz ýetirdim. Men onuň hiç haçan terk etmejekdigini bilýärin». Irina durmuşynda köp kynçylyklary başdan geçirendigine garamazdan, hemişe şadyýan we dogan-uýalary ruhlandyrýar.

11. Kýuň-suk atly uýamyza agyr keseline döz gelmäge näme kömek etdi?

11 Aziýada ýaşaýan Kýuň-suk atly uýamyz ýanýoldaşy bilen 20 ýyldan gowrak pioner bolup gulluk etdi. Onuň öýkeninde rak keselini tapdylar we bary-ýogy 3 ýa-da 6 aý ýaşajakdygyny aýtdylar. Ol ýoldaşy bilen her hili kynçylyklara duş gelse-de, saglyk ýagdaýy olary hiç haçan biynjalyk etmeýärdi. Uýamyz: «Kesellemegim maňa gaty agyr degdi. Men hemme zadymy ýitiren ýaly boldum we gaty aljyradym» diýýär. Kýuň-suk uýamyza keseline çydamaga näme kömek edýär? Ol şeýle diýýär: «Men her gün agşam ýatmazdan öň jaýymyzyň üçegine çykyp, Ýehowa doga edip, onuň her günki maňa berýän bäş zadyna alkyş aýdýaryn. Şonda men köşeşýärin we Ýehowa bolan söýgimi bildirýärin». Kýuň-suk uýamyza eden dogalary nädip kömek edýär? Ol şeýle diýýär: «Ýehowanyň kyn günlerimde goldaýandygyna we görýän görgülerimden onuň berýän bereketleriniň köpdügine göz ýetirdim».

Şerel jigisi Jon bilen (13-nji abzasa serediň)

12. Jeýson dogan aýaly aýrylansoň nädip göwünlik tapdy?

12 30 ýyldan gowrak doly wagt gulluk edýän Jeýson dogan häzir Afrikadaky filialda işleýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ýedi ýyl mundan öň meniň aýalym aýryldy we bu ýitgi sebäpli men göwnüçökgün boldum. Aýalymyň rak keselinden ejir çekendigi ýadyma düşende has-da ruhdan düşýärdim». Jeýson dogana näme kömek etdikä? Ol şeýle diýýär: «Men aýalym bilen geçiren gowy günlerimi ýatlap, Ýehowa doga edip, munuň üçin oňa şükür etdim. Şonda derdim ýeňläp, geçiren bagtly günlerim üçin Ýehowa minnetdarlyk bildirýärdim. Şeýdip, men garaýşymy üýtgetdim. Şu günlerem men özümi ýeke duýýan wagtym Ýehowa doga edip, gowy maşgalamyň bolandygyna we onuň bilen Hudaýa gulluk edendigime minnetdarlyk bildirenimde, ýüregim giňän ýaly bolýar».

«Men Ýehowa Hudaýyma örän şükür edýärin»—Şerel

13. Şerel uýamyza hasraty çekmäge näme kömek etdi?

13 2013-nji ýylyň ahyrynda Filippinde bolan güýçli harasatda 13 ýaşly Şerel uýamyz ähli zadyny ýitirdi. Ol: «Men öýsüz we maşgalasyz diýen ýaly galdym» diýýär. Onuň ene-atasy we üç dogany harasatda heläk boldy. Şerele lapykeç bolman, bu hasraty çekmäge näme kömek etdi? Ol Ýehowa ýürekden minnetdar bolup, onuň berýän bereketlerini unutmady. Şerel şeýle gürrüň berýär: «Men ähli dogan-uýalaryň mätäçlere göwünlik berip, kömek edýändigini gördüm. Şeýle-de bütin dünýädäki dogan-uýalaryň meniň üçin doga edýändigini bilýärdim. Men Ýehowa Hudaýyma örän şükür edýärin. Ol bize hemişe gerekli zadymyzy berýär». Çendenaşa hasrat çekmez ýaly alýan bereketlerimize üns bermek wajypdyr. Biz nähili kynçylyklara duş gelsek-de, Hudaýa ýürekden minnetdar bolsak, kömek eder (Efes. 5:20; Filipililer 4:6, 7-nji aýatlary okaň).

«MEN REBDE ŞATLANARYN»

14. Biz nähili gelejege garaşýarys? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

14 Bütin taryhyň dowamynda Ýehowanyň halky alýan bereketlerine şatlanýardy. Meselem, ysraýyllylar Gyzyl deňizde fyrowndan we onuň goşunyndan azat bolandygyna begenip, Ýehowany wasp edýän aýdymy aýdyp, oňa şükür etdiler (Müs. çyk. 15:1—21). Biz tizden ejir çekýän ähli zatlarymyzdan gutularys. Bu bolsa aljak bereketlerimiziň iň gymmatlysydyr (Zeb. 37:9—11; Iş. 25:8; 33:24). Ýehowa duşmanlarymyzy ýok edip, bize adalatly täze dünýäsini berende örän begeneris. Şonda biz Ýehowa alkyş baryny aýdarys! (Ylh. 20:1—3; 21:3, 4).

15. Siz 2015-nji ýylda näme etmegi berk ýüregiňize düwdüňiz?

15 Biz 2015-nji ýylda Ýehowanyň berjek ruhy taýdan ençeme ajaýyp bereketlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Elbetde, biz käbir synaglara duş gelsek-de, Ýehowanyň hiç haçan terk etmejekdigini bilýäris (Kan. tag. 31:8; Zeb. 9:9, 10). Ol wepaly gulluk etmegimiz üçin ähli zatlar bilen üpjün eder. Şol sebäpli biz Habakuk pygamber ýaly Rebde şatlanmagy berk ýüregimize düwüp bileris. Ol şeýle diýdi: «Injir agajy güllemese-de, üzüm agaçlary miwe getirmese-de, zeýtun agaçlary hasyl bermese-de, ekin meýdanlary hasyl öndürmese-de, dowar agyllary boş galyp, ýataklar mal-garasyz bolsa-da, men Rebde şatlanaryn, Halasgärimde ýüregim joşar» (Hab. 3:17, 18). Şu ýyl biz alýan bereketlerimize şatlanyp, 2015-nji ýylyň aýadyndaky: «Ýehowa şükür ediň, çünki ol gowudyr» diýen maslahata eýereris (Zeb. 106:1, TD).

^ abzas 10 Käbir atlar üýtgedilen.