Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Isa ýaly pesgöwünli we mähirli boluň

Isa ýaly pesgöwünli we mähirli boluň

«Mesih hem Öz yzyny alyp götermegiňiz üçin görgi görüp, size bir nusga galdyrdy». 1 PET. 2:21

1. Biz näme üçin Isadan görelde almaly?

ADATÇA biz gowy görýän dostumyza meňzemek isleýäris. Isa Mesih ýer ýüzünde ýaşanda ajaýyp görelde galdyrdy. Näme üçin? Sebäbi Isa: «Meni gören Atany-da görendir» diýdi (Ýahýa 14:9). Hawa, Isa gökdäki Atasynyň häsiýetlerini kämil derejede görkezdi. Şeýlelikde, biz Ýehowanyň Oglunyň göreldesine eýersek, älem-jahanyň Hökümdary bilen dostlaşarys we ajaýyp bereketleriň eýesi bolarys!

2, 3. a) Ýehowa Ogly barada näme üçin ýazdyrtdy we Ol biziň näme etmegimizi isleýär? b) Biz şu we indiki makalada näme barada gürrüň ederis?

2 Biz nädip Isany gowy tanap bileris? Ýehowa Isa barada Mukaddes Ýazgylara ýazdyrtdy. Sebäbi Ol Ogluny tanamagymyzy we onuň göreldesine eýermegimizi isleýär (1 Petrus 2:21-i okaň). Isanyň galdyran göreldesi adamyň aýak «yzyna» meňzedilýär. Ol kämil görelde galdyrdy, ýöne biz bikämil, şol sebäpli onuň göreldesine doly eýerip bilmeýäris. Emma gökdäki Atamyz biziň Ogluna meňzemek üçin elimizde baryny etmegimizi isleýär.

3 Geliň, Isanyň birnäçe ajaýyp häsiýetleri barada bileliň. Biz şu makalada Isanyň pesgöwünliligi we mähirliligi barada gürrüň ederis. Indiki makalada bolsa, onuň batyrgaýlyk we düşgürlik ýaly häsiýetleri barada bileris. Şeýle-de biz şu üç soragyň jogabyny taparys: Pesgöwünli we mähirli bolmak nämäni aňladýar? Isa bu häsiýetleri nädip görkezdi? Biz Isadan nädip görelde alyp bileris?

ISA PESGÖWÜNLIDI

4. Pesgöwünlilik häsiýetini düşündiriň.

4 Pesgöwünli bolmak nämäni aňladýar? Käbir adamlar pesgöwünlilige ejizlik ýa-da özüňe bolan ynamsyzlykdyr öýdýärler. Bu asla beýle däl! Sebäbi pesgöwünli bolmak üçin batyrgaýlyk we mertlik gerek. Pesgöwünlilik häsiýeti ulumsylyk we tekepbirlik häsiýetlerinden düýbünden tapawutlanýar. Pesgöwünlilik özümize bolan garaýşymyzdan başlanýar (Flp. 2:3). Bir sözlükde: «Hudaýyň öňünde örän ujypsyzdygymyza düşünsek, pesgöwünli bolmaga kömek eder» diýilýär. Eger biz Hudaýyň öňünde pesgöwünli bolsak, özümizi başgalardan ýokary tutmarys (Rim. 12:3). Bikämillik bize pesgöwünli bolmaga päsgel berýär. Emma biz Hudaýyň öňünde örän kiçidigimiz barada oýlansak we Oglunyň göreldesine eýersek, pesgöwünli bolup bileris.

5, 6. a) Baş perişde Mikaýyl kim? b) Mikaýyl nädip pesgöwünli boldy?

5 Isanyň pesgöwünliligi nämeden görünýär? Hudaýyň Ogly gökde güýçli perişde bolsa-da, ýer ýüzünde kämil adam bolup ýaşanda-da, hemişe pesgöwünlidi. Geliň, onuň galdyran göreldesine seredeliň.

6 Isanyň garaýşy. Mukaddes Ýazgylarda gökde bolan bir waka gürrüň berilýär (Ýahuda 9-y okaň). Isa Baş perişde Mikaýyl hökmünde Musanyň jesediniň üstünde «Iblis bilen çekişdi». Ýehowa Musanyň jesedini hiç kim tapmaz ýaly etdi (Kan. tag. 34:5, 6). Belki-de, Şeýtan Musanyň jesedi arkaly ýalan dini ýaýratmak isländir. Mikaýyl bolsa mertlik bilen oňa garşy çykdy. Bir kitapda «çekişmek» ýa-da «jedelleşmek» diýip terjime edilen ýewreý sözi kazyýet bilen bagly meselelerde ulanylýandygy aýdylýar. Şeýle-de onda Mikaýyl Musanyň jesedini Şeýtanyň almaga hakynyň ýokdugyny subut etmek üçin, oňa garşy çykandygy düşündirilýär. Emma Isa Baş perişde bolsa-da, höküm çykarmady. Ol Iblisi iň beýik Kazy Ýehowa tabşyrdy. Isa berlen ygtyýary öz peýdasyna ulanmaýar. Gör, nähili pesgöwünlilik!

7. Isa sözde we iş ýüzünde nädip pesgöwünli boldy?

7 Isa ýer ýüzünde gulluk edende, hem sözde, hem iş ýüzünde pesgöwünli boldy. Aýdan sözleri. Ol özüni däl-de, hemişe Atasyny şöhratlandyrýardy (Mar. 10:17, 18; Ýahýa 7:16). Isa şägirtlerini kemsitmän, gaýtam, gowy häsiýetleri üçin öwüp, özlerini ynamly duýmaga kömek edýärdi (Luka 22:31, 32; Ýahýa 1:47). Eden işleri. Isa sada ýaşaýşy saýlady (Mat. 8:20). Ol gullaryň edýän işini höwes bilen ýerine ýetirdi (Ýahýa 13:3—15). Isa pesgöwünlilik bilen hemişe Atasyna gulak asýar (Filipililer 2:5—8-nji aýatlary okaň). Isa ulumsy we gulak asmaýan adamlardan tapawutlykda, Atasynyň islegini berjaý etmek üçin «hatda... ölüme-de boýun egdi». Bu Isanyň «pesgöwünlidigini» görkezmeýärmi näme?! (Mat. 11:29).

ISANYŇ PESGÖWÜNLILIK HÄSIÝETINE EÝERIŇ

8, 9. Biz nädip pesgöwünli bolup bileris?

8 Biz Isanyň pesgöwünlilik häsiýetine nädip eýerip bileris? Biziň garaýşymyz. Pesgöwünli adam başgalaryň üstünden agalyk etmeýär. Biziň höküm çykarmaga hakymyz ýok, şonuň üçin başgalary tankytlamaly däl (Luka 6:37; Ýakup 4:12). Pesgöwünlilik bize özümizi «çendenaşa dogruçyl» hasaplamazlyga we başgalary özümizden ýokary saýmaga kömek edýär (Wag. 7:16). Pesgöwünli ýygnak ýaşululary imandaşlarynyň üstünden agalyk etmän, gaýtam, «beýlekileri özünden üstün saýýarlar» (Flp. 2:3; Luka 9:48).

9 1894-nji ýylda W. J. Torn dogan etrap gözegçisi (piligrim) bolup gulluk edýär. Ençeme ýyl geçenden soňra ony Nýu-Ýork şäherindäki guramamyzyň towuk fermasynda işlemäge çagyrylýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men öz ukybym we eden işlerim barada çendenaşa oýlananymda, öz-özüme: „Men bir göze görünmeýän tozanjyk ahyryn. Eýsem, meniň öwünmäge hakym barmy?“ diýýärin» (Işaýa 40:12—15-nji aýatlary okaň) *. Hawa, pesgöwünli bolmak wajyp!

10. Biz sözde we iş ýüzünde nädip pesgöwünli bolup bileris?

10 Aýdýan sözlerimiz. Biziň pesgöwünliligimiz aýdýan sözlerimizden görünmeli (Luka 6:45). Biz adamlaryň ýanynda öz ukybymyz we ýygnakdaky borjumyz hakda öwünmeris (Sül. tym. 27:2). Gaýtam, biz dogan-uýalaryň ajaýyp häsiýetleri, ukyby we gazanan üstünligi üçin öwgüli sözleri aýdarys (Sül. tym. 15:23). Edýän işlerimiz. Pesgöwünli mesihçiler at-abraý gazanjak bolmaýarlar. Olar sada ýaşaýarlar we bu dünýäde pes hasaplanýan işde işläp, Ýehowa köpräk gulluk etmäge çalyşýarlar (1 Tim. 6:6, 8). Biz hemişe pesgöwünli bolmaly we ýygnakdaky «ýolbaşçylaryň sözüne gulak asyp», Ýehowanyň guramasy arkaly berýän görkezmesine eýermeli (Ýew. 13:17).

ISA MÄHIRLIDI

11. Mähirlilik häsiýetini düşündiriň.

11 Mähirli bolmak nämäni aňladýar? «Mähirli bolmak» mylaýym we adamlara kömek etmäge taýyn bolmagy aňladýar. Mähirlilik söýginiň aýrylmaz bir bölegi bolup, rehimdarlygy hem öz içine alýar. Mukaddes Ýazgylarda mähirliligiň «rehimlilik, teselli, söýgi» ýaly häsiýetler bilen baglanyşyklydygy görkezilýär (Luka 1:78; 2 Kor. 1:3; Flp. 1:8). Bir kitapda rehimdarlyk barada şeýle diýilýär: «Bu mätäç adamlara diňe bir duýgudaşlyk bildirmegi däl-de, olaryň aladasyny etmegi, ruhlandyrmagy we dogry garaýyşda bolmaga kömek etmegi aňladýar». Mähirli adam başgalara ýagşylyk etmäge we durmuşyny özgertmäge kömek edýär.

12. Isanyň mähirliligi nämeden görünýär?

12 Isanyň mähirliligi nämeden görünýär? Mähirlilik bilen eden işleri we duýgusy. Isa adamlara duýgudaşlyk bildirýärdi. Lazar aradan çykanda Isa Merýemiň gynanýandygyny görüp «aglady» (Ýahýa 11:32—35-nji aýatlary okaň). Ol dul aýalyň ogluny direldişi ýaly, Lazary hem direltdi (Luka 7:11—15; Ýahýa 11:38—44). Isa oňa täzeden ýaşamaga kömek etdi. Şeýle-de Isa ýanyna gelen adamlara «rehimi inip», köp zatlary öwredýärdi (Mar. 6:34). Onuň taglymatyna eýeren adamlaryň durmuşy, hakykatdan-da, özgerendir! Isa diňe bir sözde däl-de, iş ýüzünde-de mähirlilik bilen kömek edýärdi (Mat. 15:32—38; 20:29—34; Mar. 1:40—42).

13. Isa adamlar bilen nädip gepleşýärdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

13 Isanyň mähirli sözleri. Isa göwnüçökgün adamlar bilen mähirli gepleşýär. Matta Isa barada Işaýa pygamberiň şu sözlerine salgylanyp: «(Ol) epilen gamşy döwmez, tütän peltäni söndürmez» diýýär (Iş. 42:3; Mat. 12:20). Göçme manyda Isa «epilen gamşa» ýa-da «tütän peltä» meňzeýän adamlara teselli berýärdi. Ol wagyz edip, «göwni synyklara şypa berýärdi» (Iş. 61:1). Isa «argynlara we agyr ýüklülere... dynçlyk bermek» üçin ýanyna çagyrýardy (Mat. 11:28—30). Isa Hudaýyň her bir gullukçysynyň, hatda bu dünýäde gadyry bilinmeýän adamlaryň hem mähirlilik bilen aladasyny etjekdigini aýtdy (Mat. 18:12—14; Luka 12:6, 7).

ISANYŇ MÄHIRLILIGINDEN GÖRELDE ALYŇ

14. Adamlar bilen mähirli bolmaga näme kömek edýär?

14 Biziň mähirliligimiz. Biz nädip Isa ýaly mähirli bolup bileris? Bu häsiýet öz-özünden döremeýär. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylar mesihçileriň ählisine täze ýaradylyşy, ýagny «rehimdarlyk ýüregini we ýagşylygy» geýinmäge kömek edýär (Koloseliler 3:9, 10, 12-nji aýatlary okaň). Mähirli bolmak üçin ýene-de näme etmeli? Adamlar bilen ýürekden gyzyklanmaly (2 Kor. 6:11—13). Olar ýagdaýyny we gaýgy-aladalaryny aýdanlarynda ünsli diňlemeli (Ýakup 1:19). Şeýle-de özümize soraglary bermeli: «Men şeýle ýagdaýa düşsem, özümi nähili duýardym? Men nämä mätäç bolardym?» (1 Pet. 3:8).

15. Biz «epilen gamşa» we «tütän peltä» meňzeýän adamlara nädip kömek edip bileris?

15 Mähirlilik bilen edýän işlerimiz. Biz mähirli bolsak, «epilen gamşa» we «tütän peltä» meňzeýän adamlara kömek ederis. Nädip? Rimliler 12:15-de: «Aglaýanlar bilen aglaň» diýilýär. Göwnüçökgün adamlar maslahata däl-de, duýgudaşlyga mätäç bolýarlar. Gyzy aradan çykan bir uýa: «Şol günler dogan-uýalaryň meniň bilen bile aglamagy-da, maňa güýç berýärdi» diýýär. Biz hem adamlara ýagşylyk edip, mähirli bolup bileris. Siz kömege mätäç dul galan dogan-uýalary tanaýarmysyňyz? Belki-de, gartaşan dogan-uýalardan biri ýygnaga, wagza ýa-da lukmanyň ýanyna gitmek üçin ulaga mätäçdir. Biziň ujypsyz ýagşylygymyz imandaşlarymyza güýçli täsir edip biler (1 Ýahýa 3:17, 18). Belki-de, siz köp adamlara ýagşylyk etmek üçin doly wagtly gulluk edip başlarsyňyz. Şonda siz akýürekli adamlaryň durmuşyny özgertmegine köp goşant goşarsyňyz.

Siz dogan-uýalaryň ýürekden aladasyny edýärmisiňiz? (15-nji abzasa serediň)

16. Biz göwnüçökgün adamlary nädip ruhlandyryp bileris?

16 Mähirli sözlerimiz. Göwnüçökgün adamlar bilen ýürekden gyzyklansak, olara mähirli sözler bilen teselli bereris (1 Sel. 5:14). Biz göwnüçökgün adamlary nädip ruhlandyryp bileris? Olaryň ýürekden aladasyny etmeli, öwgüli sözleri aýtmaly, ajaýyp häsiýetlerini we ukybyny görmäge kömek etmeli. Şeýle-de Ýehowanyň olary bu dünýäden saýlap, gymmat saýýandygyny aýtmaly (Ýahýa 6:44). Biz Ýehowanyň «göwni synyk» we «ruhy ökünçli» gullukçylarynyň aladasyny edýändigine ynamly bolup bileris (Zeb. 34:18). Biziň mähirli sözlerimiz ruhdan düşenleriň göwnüni galkyndyrar (Sül. tym. 16:24).

17, 18. a) Ýygnak ýaşululary dogan-uýalaryň nädip aladasyny etmeli? b) Biz indiki makalada näme barada gürrüň ederis?

17 Ýehowa ýygnak ýaşulularyna «goýunlarynyň» mähir bilen aladasyny etmegini isleýär (Res. iş. 20:28, 29). Ýaşulular olary ruhy taýdan iýmitlendirmeli, berkitmeli we teselli bermeli (Iş. 32:1, 2; 1 Pet. 5:2—4). Ýaşuly dogan-uýalardan güýjüniň ýetmeýän zadyny talap etmeýär we öz düzgünlerini girizmeýär. Gaýtam, ol Ýehowany söýýän dogan-uýalara öwgüli sözleri aýdyp, köpräk gulluk etmäge höweslendirýär (Mat. 22:37).

18 Biz Isanyň pesgöwünliligi we mähirliligi barada oýlansak, onuň göreldesine eýerip bileris. Indiki makalada Isanyň batyrgaýlyk we düşgürlik ýaly häsiýetleri hakda gürrüň ederis.

^ abzas 9 Işaýa 40:12 Suwlary goşawujy bilen, gökleri garşy bilen ölçän kim? Ýeriň tozuny ölçege salan, baýyrlary terezide, daglary gapanda çeken kim? 13 Rebbiň ruhuna kim akyl ýetirdi? Kim Oňa maslahat berip bildi? 14 Akyl üçin Ol kimden maslahat sorady? Adalat ýoluny Oňa öwreden kim? Oňa bilim berip, paýhas ýoluny görkezen kim? 15 Ine, milletler ýagyş damjasy kimin, terezilerdäki toz kimin saýylýar, Ol adalary toz deýin äkidýär.