Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ARHIWIMIZDEN

«Size gök astynda hiç zat päsgel bermesin!»

«Size gök astynda hiç zat päsgel bermesin!»

1931-NJI ýylyň ýaz aýlarydy. Meşhur Pleýel konsert zalynyň girelgesinde 23 ýurtdan gelen myhmanlardan ýaňa aýak basara ýer ýokdy. Uly taksi ulaglary görnükli ýolagçylaryny zalyň öňünde düşürýärdiler we tizden merkezi zal 3 müňe golaý adamdan doldy. Olar konsert görmäge däl-de, şol döwürde wagyz işine ýolbaşçylyk eden Jozef Ruterford dogany diňlemäge gelipdiler. Onuň täsirli nutuklary fransuz, nemes we polýak dillerine terjime edilýärdi. Ruterford doganyň batly sesi tutuş zalyň içine ýaňlanýardy.

Parižde geçirilen bu kongres Fransiýanyň wagyz işini düýbünden özgertdi. Ruterford dogan dürli ýurtdan gelen mesihçileri, esasanam, ýaşlary Fransiýada kitap paýlaýan, ýagny pioner bolup gulluk etmäge höweslendirdi. Ýetginjek wagty şol kongrese gatnaşan Jon Kuk atly iňlis dogan «Ýaşlar, pioner bolup gulluk etmäge size gök astynda hiç zat päsgel bermesin!» diýen tolgundyryjy çagyryşy hiç wagt ýatdan çykarmandygyny aýdýar *.

Soňra missioner gullugyna başlan Jon Kuk dogan ýaly başga-da köp dogan-uýalar «Makedoniýa gelmek» baradaky çagyryşa seslendiler (Res. iş. 16:9, 10). Netijede, Fransiýadaky pionerleriň sany 1930-njy ýylda 27-den 1931-nji ýyla çenli 104-e ýetdi; bir ýylyň içinde şeýle ösüşiň bolmagy diýseň haýran galdyrýar. Emma şol pionerleriň köpüsi fransuz dilinde gepläp bilmeýärdi. Onda olar dil bilen bagly kynçylyklara, ýeter-ýetmezçilige we ýekelik duýgusyna nädip döz geldiler?

DIL BILEN BAGLY KYNÇYLYKLARA DÖZ GELMEK

Pionerler Fransiýada hoş habary ýaýratmak üçin welosipedleri we motosiklleri ulanýardylar

Daşary ýurtdan gelen pionerler Patyşalyk baradaky habary kartoçkalar arkaly wagyz edýärdiler, sebäbi bu olara gowy kömek edýärdi. Parižde batyrgaýlyk bilen wagyz eden bir nemes dogan şeýle ýatlaýar: «Biz Hudaýymyzyň gudratynyň güýçlüdigini bilýärdik. Wagyz edenimizde adamlardan gorkymyz bolmasa-da, „Şu kartoçkany okamagyňyzy haýyş edýäris“ diýen sözleri ýatdan çykararys öýdüp, ýüregimiz agzymyza gelýärdi. Emma biz edýän işimiziň örän wajypdygyna düşünýärdik».

Köp otagly jaýlaryň garawullary köplenç wagyz etmäge gelýän pionerleri kowýardylar. Bir gezek gapyda oturan garawullaryň biri gaharlanyp, fransuzça gowy bilmeýän iki sany iňlis uýadan kimi görmäge gelendiklerini soraýar. Şonda uýalaryň biri garawulyň gaharyny köşeşdirjek bolup durka, gapynyň ýüzündäki ýazga gözi düşýär. Onda: «Gapynyň jaňyny basyň» diýen sözler bardy. Uýa bu öý eýesiniň adydyr diýip pikir edýär-de, begenip: «Biz „Gapynyň jaňyny basyň“ diýen hanymy görmäge geldik» diýýär. Şol yhlasly pionerler bu ýagdaýdan gowy degişme bilen baş alyp çykýarlar.

GARYPLYK WE ÝEKELIK DUÝGUSY OLARA PÄSGEL BERIP BILMEDI

1930-njy ýyllarda Fransiýadaky adamlaryň köpüsi, şol sanda daşary ýurtdan gelen pioner dogan-uýalar hem garyp ýaşaýardylar. Iňlis dilinde gepleýän Mona Bzoska uýa pioner ýoldaşy bilen başdan geçiren wakalaryny ýatlap, şeýle diýýär: «Biziň ýaşaýan ýerimiz gaty ýönekeýdi we gyşyň güni otagy ýylatmak uly alada bolýardy. Öýümiz gaty sowuk bolansoň, biz irden el-ýüzümizi ýuwmak üçin köplenç kürüşgedäki suwuň ýüzünden buzlary döwüp aýyrmaly bolýardyk». Şol pionerler amatly şertlerde ýaşamaýandygy üçin ruhdan düşdülermi? Elbetde, ýok! Olaryň biri öz duýgusyny iki sözde beýan edip: «Biziň artyk zadymyzam, kem zadymyzam ýokdy» diýýär (Mat. 6:33).

1931-nji ýylda Fransiýada geçirilen kongrese gatnaşan iňlis pionerler

Şeýle-de bu batyrgaý pionerler ýekelik duýgusyna garşy göreşmeli bolýardylar. 1930-njy ýyllaryň başynda Fransiýadaky wagyzçylaryň sany 700-den köp däldi we olaryň ençemesi ýurduň dürli künjegine ugradyldy. Bu pionerlere şatlygyny ýitirmezlige näme kömek etdi? Pioner ýoldaşy bilen şeýle kynçylyga duş gelen Mona uýa: «Biz ýekelik duýgusyny ýeňmek üçin, Jemgyýetimiziň edebiýatlaryny yzygiderli okaýardyk. Şol döwürde biziň ikilenç ideglerimiz we Mukaddes Ýazgylar okuwymyz bolmansoň, agşamlaryna maşgalamyza, esasanam, beýleki pionerlere hat ýazyp, wagyzda bolan gyzykly wakalary gürrüň berýärdik we biri-birimizi ruhlandyrýardyk» diýip ýatlaýar (1 Sel. 5:11).

Şol janaýamaz pionerler kynçylyklara garamazdan, dogry garaýşy sakladylar. Muny olaryň Fransiýada pioner bolup gulluk edenlerinden birnäçe ýyl geçensoň, filiala ýazan hatlaryndan hem görse bolýar. 1931—1935-nji ýyllarda ýanýoldaşy bilen Fransiýanyň ähli ýerine aýlanyp, wagyz eden Enni Kregin atly mesh edilen uýa geçmişine ser salyp, şeýle diýýär: «Biz örän bagtly ýaşaýardyk we durmuşymyz gyzykly wakalardan doludy! Pionerler hökmünde biz agzybir topardyk. Pawlus resulyň aýdyşy ýaly, „Men ekdim, Apollos suwardy, ýöne ösdürýän Hudaýdyr“. Ençeme ýyl mundan ozal adamlara kömek etmäge gatnaşanymyzda, bu sözleriň biziň durmuşymyzda ýerine ýetendigine diýseň begenýäris» (1 Kor. 3:6).

Şol pionerler Hudaýa köpräk gulluk etmek isleýän dogan-uýalara çydamly we yhlasly bolmak babatda ajaýyp görelde galdyrdylar. Şu günler Fransiýada 14 müňe golaý umumy pioner bar. Köp dogan-uýalar başga dilde geçirilýän toparlarda we ýygnaklarda gulluk edýärler *. Öňki ýyllarda gulluk eden dogan-uýalar ýaly, olar hem wagyz etmegine gök astynda hiç bir zadyň päsgel bermegine ýol bermeýärler! (Fransiýadaky arhiwimizden).

^ abzas 4 Fransiýa göçüp gelen polýak dogan-uýalaryň wagyz gullugy barada bilmek üçin, 2015-nji ýylyň 15-nji awgustynda çykan «Garawul diňi» žurnalyndaky «Ýehowa sizi Fransiýada wagyz etmäge saýlady» diýen makala serediň.

^ abzas 13 2014-nji ýylyň hasabatyna görä, Fransiýanyň filialynyň gözegçiligi astynda başga dilde geçirilýän 900-den gowrak ýygnak hem-de topar hakykaty gözleýän akýürekli adamlara 70 dilde kömek edýär.