Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

111-NJI AÝDYM

Şatlanyň!

Şatlanyň!

(Matta 5:12)

  1. 1. Açyldy şatlygyň gapysy,

    Säher gunçalan gül ýaly.

    Hudaý saýlady her milleti,

    Ýürekler şatlykdan doly.

    Şatlanmaga sebäp döredi,

    Okalyň Ýahyň Sözüni.

    Imanymyz berkär günsaýyn,

    Diňläliň nesihatyny.

    Şatlygy çalyşma hiç zada,

    Ol ot deý tutaşar kalpda.

    Kynçylyk sowlup geçmese-de,

    Ýah güýç berer kyn pursatda.

    GAÝTALAMA:

    Ýehowa şatlyk eçilýär,

    Gudratlary sanardan köp.

    Akyl-paýhasy, söýgüsi çäksiz,

    Ýagşylygy sanardan köp.

  2. 2. Depe-düze, dag-deňizlere

    Syn edip haýran galýarys.

    Ýahyň beýik işleri hakda

    Höwes bilen okaýarys.

    Yhlas bilen wagyz edeliň

    Patşalyk hakda habary.

    Tizden ol bütin ýer ýüzüne

    Berer köp bereketleri.

    Şatlanyň ýakyndyr şol zaman,

    Aýlar, ýyllar geçýär durman.

    Ýahyň wada beren Jenneti

    Sabyr ediň geler hökman.

    GAÝTALAMA:

    Ýehowa şatlyk eçilýär,

    Gudratlary sanardan köp.

    Akyl-paýhasy, söýgüsi çäksiz,

    Ýagşylygy sanardan köp.