113-NJI AÝDYM
Hudaýyň parahatlygy
-
1. Parahatlyk, jebislik
Hudaýyň ýoly.
Ähli erbetlikleri
Ýok eder doly.
Parahatlyk Patşasy
Bellendi Isa.
Duşman bilen söweşde
Çekilmez yza.
-
2. Göwni giň tutmak gerek
Dawadan ozal.
Gylyçdyr naýza derek
Ýasarys azal.
Parahat ýaşamaly,
Bagyşlamaly.
Isa bolup wepaly,
Gulak asmaly.
-
3. Ýahyň parahatlygy
Berýär bereket.
Gulak asyp ýaşalyň,
Ol bolar söýget.
Ine, tizden Patşalyk
Berer rahatlyk.
Aýdyp gelejek hakda,
Tapalyň şatlyk.
(Serediň: Zeb. 46:9; Işa. 2:4; Ýak. 3:17, 18)