115-NJI AÝDYM
Sabyrly Hudaýa şükür edeliň
-
1. Beýik Ýehowa, çäksiz güýjüň,
Adalatyň, beýik söýgiň.
Erbetlik sürse-de höküm,
Soňuna çykarsyň bir gün.
Etmersiň hiç haýal-ýagallyk,
Ýer ýüzünde bolmaz ýamanlyk.
GAÝTALAMA:
Geljege umyt ederis,
Adyňy arşa götereris.
-
2. Öňüňde bir gün müň ýyl ýaly,
Müň ýyl bolsa bir gün ýaly.
Ýetip gelýär beýik günüň,
Gijikmez adyl hökümiň.
Toba edeniň günäsini,
Bagyşlaýarsyň etmişini.
GAÝTALAMA:
Geljege umyt ederis,
Adyňy arşa götereris.
(Serediň: Neh. 9:30; Luka 15:7; 2 Pet. 3:8, 9)