Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

130-NJY AÝDYM

Geçirimli bolalyň

Geçirimli bolalyň

(Zebur 86:5)

  1. 1. Mähriban Ýehowa

    Ýaşaýşa açdy gapy.

    Söýgüli Ogluny berdi,

    Kesdi ölüm tanapy.

    Akýürekli adamlaryň

    Ýah günäsini geçer.

    Isanyň gany arkaly

    Bütinleý tämiz eder.

  2. 2. Geçirimli bolsak,

    Ýah bolar geçirimli.

    Bir-biregi bagyşlalyň,

    Bolalyň has rehimli.

    Doganlar bilen oňşalyň,

    Etmäliň öýke-kine.

    Söýeliň, hormat goýalyň,

    Olaryň her birine.

  3. 3. Rehimli adamlar

    Meňzemeli Hudaýa.

    Gahar-gazaba ýol bermän,

    Düşünmeli ýagdaýa.

    Rehimli bolsak elmydam,

    Gepläris tankytlaman.

    Gökdäki Atamyz ýaly,

    Bagyşlarys ýadaman.