4-NJI AÝDYM
«Ýehowa meniň Çopanym»
(Zebur 23)
-
1. Ýehowa meniň Çopanym,
Görkezýär dogry ýoly.
Bilýär isleg-arzuwlarymy,
Goldaýar güýçli goly.
Äkidýär bol suwly çeşmä,
Eltýär öri meýdana.
Gyzgyn mähri hem söýgüsi bilen,
Rahatlyk berýär jana.
Gyzgyn mähri, söýgüsi bilen,
Rahatlyk berýär jana.
-
2. Adalatly ähli ýoluň,
Rahatlyk berýär jana.
Şöhratlandyryp beýik adyň,
Sowulmaýyn hiç ýana.
Tüm-garaňky jülgelerde
Gorar çopan taýagyň.
Maňa hiç bir zat zyýan ýetirmez,
Arkadaýanjym Hudaý.
Maňa hiç zat zyýan ýetirmez,
Arkadaýanjym Hudaý.
-
3. Ýehowa meniň Çopanym,
Her bir sözi peýdaly.
Mydam berýärsiň gerek zadym,
Mätäçlik çekmez ýaly.
Gudratygüýçli Hudaýym,
Diňe sensiň umydym.
Aladaňy hem söýgiňi görüp,
Ýaşaýyn ömürboýy.
Aladaňy, söýgiňi görüp,
Ýaşaýyn ömürboýy.
(Serediň: Zeb. 28:9; 80:1)