OÝA BOLUŇ!
6 million adamyň ölümi. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) aýtmagyna görä, 2022-nji ýylyň 23-nji maýyna çenli koronawirus (COVID-19) keselinden 6, 27 million adam aradan çykdy. Ýöne 2022-nji ýylyň 5-nji maýynda gelen hasabatda bolsa, BSGG-niň koronawirusdan has köp adamyň ölendigini habar berendigi aýdyldy. Şol hasabatda: «2020—2021-nji ýyllarda diňe koronawirusdan ölenler 14, 9 milliona ýetdi» diýilýär. Mukaddes Kitapda heniz şeýle görlüp-eşidilmedik ölüm-ýitim hakda näme diýilýär?
Ýokanç keseller
Isa pygamber dünýäniň soňunda ölüm howply keselleriň ýaýrajakdygyny, ýagny «gyrgynçylygyň boljakdygyny» aýtdy (Luka 21:11; 2 Timoteos 3:1).
Şu günler Isanyň aýdan sözleri ýerine ýetýär. Bu barada köpräk bilmek üçin, «„Dünýäniň soňunda“ nämeler bolar?» diýen makalany okaň.
Keseliň dermany
Hudaý «ähli kynçylyklarda göwünlik berýär» (2 Korinfliler 1:3, 4).
Mukaddes Kitapda dogan-garyndaşlary aradan çykan adamlara göwünlik berýän sözler ýazylan. Köpräk bilmek üçin, «Hasrat çekip ýörme. Eliňde baryny et», «Ýas tutýanlara göwünlik beriň» diýen makalalary okaň.
Keselçiligiň soňy
«Patyşalygyň gelsin, gökde bolşy ýaly, ýerde-de islegiň amala aşsyn!» (Matta 6:10).
Mukaddes Kitapda «Hudaýyň Patyşalygynda „hiç bir adam: „Men syrkaw“ diýmez» diýilýär (Markus 1:14, 15; Işaýa 33:24). Patyşalygyň nämeleri etjekdigi hakda köpräk bilmek üçin, «Hudaýyň Patyşalygy näme?» diýen wideony görüň.
Özüňize we maşgalaňyza peýda berjek Mukaddes Kitapdaky maslahatlar we Hudaýyň ajaýyp wadalary hakda köpräk biliň.