Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Biz durmuş gurmaga taýynmykak?

Biz durmuş gurmaga taýynmykak?

30-NJY BAP

Biz durmuş gurmaga taýynmykak?

Sen özüňe mynasyp taý tapyp, onuň bilen köp wagtdan bäri duşuşýan bolsaň, biri-biriňizi ýürekden söýýändigiňize göz ýetirensiň. Sen durmuş gurup, bagtly maşgala boljakdygyňyz barada oýlanýansyň. Ýöne durmuş ýoluna gadam basmaly bolup durkaň, ýüregiňde howsala döräp, şübhelenip başlamagyň mümkin.

Biz durmuş gurmaga taýynmykak?

SIZ biri-biriňizi ýürekden söýýän bolsaňyzam, durmuş gurmazdan öň ýüregiňde howsala döräp biler. Sen köp maşgalalaryň bagtsyz ýaşaýandygyny we aýrylyşýanlaryň sanynyň gitdigiçe artýandygyny görýänsiň. Şol sebäpli-de, durmuşyňy bütinleý üýtgetjek wajyp ädimi ätmäge ýaýdanýansyň. Onda durmuş gurmaga taýyndygyňy nädip bilmeli? Ilki bilen, ýüregiňdäki boş arzuw-hyýallary aýryp, durmuşa dogry göz bilen garamaly. Gel, bu babatda käbir mysallara seredeli.

ARZUW-HYÝAL 1 «Biz biri-birimizi söýýäris, galan zadyňam bir alajy tapylar».

Hakykat: Söýgi siziň çykdajylaryňyzy ödäp, bergileriňizi berip bilýän däldir. Geçirilen barlaglara görä, köp maşgalalarda, esasan, puluň üstünde dawa turup, netijede, är-aýalyň aýrylyşmagyna-da getirip bilýär. Hawa, pul meselesinde paýhasly bolmasaň, özüňi gerekmejek aladalar bilen gynarsyň. Hudaý bilen gatnaşygyňa-da zyýan ýetirersiň, ýanýoldaşyň bilenem araň bozular (1 Timoteos 6:9, 10). Onda näme etseň paýhasly bolar? Pul bilen bagly meseleleri heniz durmuş gurmankaňyz ara alyp maslahatlaşyň.

Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Siziň haýsy biriňiz bina gurmakçy bolanyňyzda... ilki oturyp, çykdajylary hasaplamaz?» (Luka 14:28).

Maslahat: Durmuş gurmakçy bolýan adamyň bilen pul meselesini nädip çözjekdigiňiz hakda häzirden gürrüňdeş bol (Süleýmanyň tymsallary 13:10). Şu soraglaryň üstünde oýlanyp görüň: «Gazanýan puluňyzy nädip paýhasly sowup bilersiňiz? Çykdajylaryň hasabyny kim ýöreder? a Heriňiz öz gerek zadyňyza näçeräk pul sowup bilersiňiz?» Siz häzirden bir maşgala ýaly hereket etjek boluň (Wagyz kitaby 4:9, 10).

ARZUW-HYÝAL 2 «Biz gaty bagtly ýaşarys, sebäbi hiç wagt biziň sözümiz azaşmaýar».

Hakykat: Eger siziň hiç wagt sözüňiz azaşmaýan bolsa, onda dawa döredip biljek meseleleri heniz gozgan dälsiňiz. Emma maşgalada isleseň-islemeseň düşünişmezlik bolýar. Sebäbi iki sany bikämil adam biri-birine doly laýyk gelip bilmeýär. Hawa, maşgalada hiç haçan düşünişmezlik döremez diýip bolmaz (Rimliler 3:23; Ýakup 3:2). Şonuň üçin sizem diňe ylalaşýan zatlaryňyza üns bermän, araňyzda düşünişmezlik dörese, özüňizi nähili alyp barjakdygyňyz barada oýlansaňyz gowy bolar. Aslynda, maşgalanyň berk bolmagy üçin, är-aýal öz garaýşyny birek-birege açyk düşündirip, düşünişmezligi agzybirlikde çözmegi öwrenmeli.

Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Gün ýaşýança, gaharyňyz ýatsyn» (Efesliler 4:26).

Maslahat: Eneň-ataň we jigi-doganlaryň bilen araňda düşünişmezlik dörände nähili hereket edýändigiň barada oýlanyp gör. Şu kitabyň 93-nji sahypasyndaky ýa-da II tomuň 221-nji sahypasyndaky ýaly tablisa çyzyp, araňyzda näme sebäpli düşünişmezligiň dörändigini, şonda nähili hereket edendigiňi we näme edeniňde has gowy boljakdygyny ýaz. Mysal üçin, maşgalada dawa turanda gaty gaharyň gelip, öz otagyňa giräge-de, gapyny bat bilen ýapýarmyň? Onda ýagdaýy öňküdenem beterleşdirmän, gaýtam, kynçylygy çözmek üçin näme edip biljekdigiňi ýaz. Düşünişmezligi çözmegi häzirden öwrenseň, durmuş guranyňda-da bagtly ýaşamaga kömek eder.

ARZUW-HYÝAL 3 «Durmuş gursam, jynsy isleglerimi doly kanagatlandyryp bilerin».

Hakykat: Maşgala gurmak seniň islän wagtyň jynsy islegleriňi kanagatlandyryp biljekdigiňi aňlatmaýar. Sebäbi sen ýanýoldaşyň hem duýgularyny göz öňünde tutmaly bolarsyň. Käte onuň şeýle gatnaşykda bolmaga islegi bolmazlygy mümkin. Maşgala guranyň bilen, sen ýanýoldaşyňdan öz islegiňi kanagatlandyrmagy talap edip bilmeýärsiň (1 Korinfliler 10:24). Görşümiz ýaly, diňe bir durmuş gurmankaň däl, eýsem, maşgala guranyňdan soňam özüňe erk etmegi başarmaly (Galatýalylar 5:22, 23).

Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Siz mukaddes bolup, öz bedeniňize nädip erk etmelidigini we Hudaýa ýaramly ýaşamalydygyny bilmelisiňiz... Açgözlük edip, ahlaksyz islegleriňizi kanagatlandyrjak bolmaň» (1 Selanikliler 4:4, 5).

Maslahat: Jynsy höwesleriň hem-de endikleriň barada we bu zatlaryň maşgala durmuşyňa nähili täsir edip biljekdigi hakda oýlanyp gör. Meselem, seniň masturbasiýa etmek endigiň barmy? Pornografiýa görýärsiňmi? Gyzlara (ýa-da oglanlara) azgyn höwes bilen seretmek häsiýetiň barmy? Sen heniz durmuş gurmankaň jynsy höwesleriňe erk edip bilmeýän bolsaň, maşgala guranyňdan soň muny başararsyňmy? (Matta 5:27, 28). Seni göreni bilen näz-kereşme edip, suwjaryşyp ýören adam hasaplaýarlarmy? Onda durmuş guranyňdan soň diňe bir adama bagly bolup ýaşap bilersiňmi? (Süleýmanyň tymsallary 5:15—17).

ARZUW-HYÝAL 4 «Durmuş gursam, bagtly bolaryn».

Hakykat: Durmuş gurmanka bagtly bolup bilmedik adam maşgala guransoňam bagtly bolmaz. Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi bagt adamyň ýagdaýyna däl-de, onuň garaýşyna bagly bolýar (Süleýmanyň tymsallary 15:15). Durmuşyndan hemişe nägile bolup ýören adam maşgala guransoňam gowy gününe şatlanman, gaýtam, özünde ýok zatlara köp üns berip, lapykeç bolup gezýär. Şonuň üçin häzirden dogry garaýyşda bolmagy öwrenseň gowy bolar. Şonda sen durmuş guranyňda-da özüňden ýa-da ýanýoldaşyňdan närazy bolup ýörmersiň, maşgalaňam bagtly bolar.

Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Baryňa kanagat etmek kalbyň arzuw etmesinden ýagşydyr» (Wagyz kitaby 6:9).

Maslahat: Adam käwagt bolmajak zatlary arzuw edýär. Olam onuň isleýşi ýaly bolmasa, özüni erbet duýýar. Şonuň üçin senem bir kagyz al-da, maşgala durmuşyňdan nämelere garaşýandygyňy ýaz. Olary okap, özüňe şeýle soraglary ber: «Bular hakykatdanam boljak zatmy ýa-da ýöne bir arzuw-hyýalmy? Men söýgi baradaky kinolaryň ýa-da kitap-žurnallaryň täsirine düşýän bolaýmaýyn? Belki, men diňe özüm barada oýlanýandyryn? Durmuş gursam, ýanýoldaşym meni ýekesiretmez, meniň jynsy isleglerimi kanagatlandyrar, öýli-işikli bolsam, deň-duşlarymyň arasynda-da meniň abraýym artar diýip pikir edýärinmi?» Eger şeýle bolsa, onda «men» diýen pikiriňi aýryp, «biz» diýip oýlanmagy öwrenseň gowy bolar. Munuň üçin maşgala gatnaşyklarynyň siziň ikiňize nähili peýda getirjekdigi barada pikirlenip, olaryň 2-3 sanysyny bellik edip bilersiň.

Ýokarda agzalan boş arzuw-hyýallar maşgalanyň bagtly bolmagyna päsgel berip biler. Şol sebäpli bolmajak zatlar barada pikirlenmän, durmuşa dogry göz bilen garajak bol. 216, 217-nji sahypalardaky çarçuwa hem bu babatda size gowy kömek eder. Şol maslahatlara eýermäge jan etseňiz, maşgala durmuşy size hakyky bagt getirer (Kanun taglymaty 24:5; Süleýmanyň tymsallary 5:18).

INDIKI BAPDA

Halaşýanyň seniň bilen gatnaşygyny kesen bolsa, ýüregiňde bitmejek ýara galan ýaly bolup görünýändir. Şeýle kyn ýagdaýa nädip döz gelse bolar?

[Çykgyt]

a Süleýmanyň tymsallary 31:10—28-nji aýatlarda «başarjaň aýalyň» maşgalada köp jogapkärçilikleri ýerine ýetirip, pul bilen bagly meselelere-de gözegçilik edýändigi aýdylýar. Muny 13, 14, 16, 18 we 24-nji aýatlardan hem görse bolýar.

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Erkek adam ata-enesini goýup, aýaly bilen biriger we ikisi bir beden bolar». Matta 19:5

MASLAHAT

Gartaşan är-aýal bilen gürrüňdeş bolup, durmuş gurmakçy bolýan ýaşlara olaryň nähili maslahat berip biljekdigini sora (Süleýmanyň tymsallary 27:17).

BILÝÄRSIŇMI... ?

Maşgalanyň bagtly bolmagy üçin, är-aýal dostlukly gatnaşykda bolmaly, biri-biri bilen ýürekden gürrüňdeş bolup, düşünişmezlikleri agzybirlikde çözmegi öwrenmeli we nikany ömürlik hasaplamaly.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Gowy ýanýoldaş bolup biler ýaly, men şu häsiýetimiň üstünde işlemekçi: ․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Käbir ýurtlarda gaty köp maşgalalar aýrylyşýar. Näme üçin şeýle bolýarka?

● Öýdäki kynçylyklardan dynjak bolup, durmuş gurmagyň nähili howply taraplary bar?

● Maşgalada Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýermek näme üçin wajyp?

[220-nji sahypadaky sitata]

«Maşgala gurmak adamyň durmuşynda iň wajyp ädimdir. Şonuň üçin diňe bir maşgala durmuşynyň nämedigine düşünmek bilen çäklenmän, durmuş gurjak adamyňy hem gowy tanamaly» Odri

[216, 2017-nji sahypadaky çarçuwa]

Bellik depderçäm

Sen durmuş gurmaga taýynmy?

Şu we indiki sahypadaky soraglara göz aýla. Sen olary durmuş gurmakçy bolýan adamyň bilenem ara alyp maslahatlaşyp bilersiň. Getirilen aýatlary hem açyp oka.

Pul meselesi

◻ Seniň pula bolan garaýşyň nähili? (Ýewreýler 13:5, 6).

◻ Pula dogry garaýşy saklaýandygyň nämelerden görünýär? (Matta 6:19—21).

◻ Seniň bergiň barmy? Ony bermek üçin nämeleri edýärsiň? (Süleýmanyň tymsallary 22:7).

◻ Toýuňyza näçeräk çykdajy etmekçi? Näçe pul karz alsaňyz ýerlikli bolar öýdýärsiňiz? (Luka 14:28).

◻ Maşgala guranyňyzdan soň ikiňizem işlemekçimi? Iş wagtyňyz biri-biriňiziňkiden tapawutlansa näme edersiňiz? Ýol çykdajyňyzy nädip ödärsiňiz? (Süleýmanyň tymsallary 15:22).

◻ Siz nirede ýaşarsyňyz? Ýaşajak jaýyňyza, iýjek-içjegiňize, egin-eşigiňize we başga-da zatlara näçeräk pul gerek bolar? Bu çykdajylaryňyzy nädip ödärsiňiz? (Süleýmanyň tymsallary 24:27).

Maşgala gatnaşyklary

◻ Sen eneň-ataň we jigi-doganlaryň bilen oňşup ýaşaýarmyň? (Müsürden çykyş 20:12; Rimliler 12:18).

◻ Sen öýde döreýän düşünişmezligi nädip çözýärsiň? (Koloslylar 3:13).

◻ Eger sen gyz maşgala bolsaň, «ýuwaş we ýumşak häsiýetiň» bardygyny nädip görkezýärsiň? (1 Petrus 3:4).

◻ Siz çaga edinmekçimi? (Zebur 127:3). Entek çaga edinmek islemeýän bolsaňyz, göwrelilikden goranmak üçin näme edersiňiz?

◻ Eger sen oglan bolsaň, maşgalaňy ruhy taýdan berkitmek üçin nämeleri edersiň? (Matta 5:3).

Gylyk-häsiýet

◻ Sen zähmetsöýerdigiňi nädip görkezýärsiň? (Süleýmanyň tymsallary 6:9—11; 31:17, 19, 21, 22, 27).

◻ Seniň janaýamazlyk häsiýetiň barmy? (Filipililer 2:4).

◻ Eger sen oglan bolsaň, baştutanlyk etmekde Isadan görelde alýandygyňy nämelerden görse bolýar? (Efesliler 5:25, 28, 29).

◻ Eger sen gyz maşgala bolsaň, baştutanlyga tabyn bolýandygyňy häzirden nädip görkezýärsiň? (Efesliler 5:22—24).

[219-njy sahypadaky surat]

Suwuň çuňlugyny bilmän, oňa bökmeýşiň ýaly, maşgala durmuşyna gowy düşünmän, durmuş gurmaga howlukma