Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

4-NJI SAPAK

Ol kakasyny we Ýehowany begendirdi

Ol kakasyny we Ýehowany begendirdi

Ýeftah Ýehowa näme söz berdi?

Ýeftahyň gyzy aňsat bolmasa-da, kakasynyň beren sözüni ýerine ýetirdi

Suratdaky gyzjagazy görýäňmi? ~ Ol Ýeftah atly bir adamyň gyzy. Mukaddes Ýazgylarda onuň ady aýdylmaýar, emma biz onuň kakasyny we Ýehowany begendirendigini bilýäris. Gel, bu gyz we onuň kakasy Ýeftah barada bileli.

Ýeftah gowy adamdy, ol gyzyna Ýehowa barada köp zatlary öwredýärdi. Şeýle-de ol güýçli we gowy ýolbaşçydy. Şol sebäpli ysraýyllylar duşmanlaryna garşy söweşmek üçin ondan özlerine ýolbaşçy bolmagyny haýyş etdiler.

Ýeftah Ýehowa doga edip, söweşde ýeňer ýaly kömek soraýar. Ol söweşde ýeňiş gazansa, öýüne dolanyp gelende öňünden çykan ilkinji adamy Ýehowa berjekdigini söz berýär. Ýeftahyň öňünden çykan adam ömrüniň ahyryna çenli Hudaýyň çadyrynda ýaşap, oňa gulluk etmelidi. Şol döwürde adamlaryň Ýehowa gulluk edýän ýerine «çadyr» diýilýärdi. Ýeftah dogrudan-da söweşde ýeňýär! Ýeftah öýüne dolanyp gelende, öňünden kimiň çykandygyny bilýärmiň? ~

Ýeftahyň öňünden öz gyzy çykdy! Ol Ýeftahyň ýekeje çagasydy, şol sebäpli ol gyzyny çadyrda gulluk etmäge ibermelidigine örän gynandy. Emma ýadyňda bolsa, ol Hudaýa söz beripdi. Gyzy oňa: «Kaka, sen Ýehowa söz beren bolsaň, ony ýerine ýetir» diýýär.

Ýeftahyň gyzynyň joralary her ýyl ony görmäge barýardylar

Ýeftahyň gyzy hem muňa örän gynandy. Ol çadyrda gulluk etse, durmuşa çykyp we çaga edinip bilmeýärdi. Emma ol kakasynyň beren sözüni ýerine ýetirmegini isleýärdi we Ýehowany ýürekden begendiresi gelýärdi. Bu zatlar onuň üçin durmuşa çykmakdan we çaga edinmekden has wajypdy. Şol sebäpli ol öýüni goýup, ömrüniň ahyryna çenli çadyrda gulluk edýär.

Seniň pikiriňçe, onuň gelen kararyna kakasy we Ýehowa begendimikä? ~ Elbetde, begendiler! Eger sen hem Ýehowa gulak assaň we ony söýseň, onda sen Ýeftahyň gyzyna meňzärsiň. Şeýdip sen hem ene-ataňy we Ýehowany begendirersiň.