Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

3-NJI SAPAK

Mukaddes Kitaba ynansa bolýarmy?

Mukaddes Kitaba ynansa bolýarmy?

Mukaddes Kitapda gelejek hakda köp wadalar we iň gowy maslahatlar ýazylypdyr. Belki, seniň köpräk bilesiň gelýändir, ýöne ynanmak kyndyr. Eýsem, gadymy kitapda ýazylan maslahatlara we wadalara ynanyp bolarmy? Maslahatlary häzirem peýdalymy? Wadalary hökman ýerine ýetermi? Millionlarça adamlar munuň jogabyny bildiler. Geliň, şolar hakda gürrüň edeliň.

1. Mukaddes Kitapda aýdylýan zatlar hakykatmy ýa-da toslama?

Mukaddes Kitapda «hakykat sözleriniň dogry ýazylandygy» aýdylýar (Nesihat 12:10). Mukaddes Kitapda bolan wakalar we ýaşap geçen adamlar barada aýdylýar (Luka 1:3; 3:1, 2-nji aýatlary oka). Hatda taryhçylar we gazuw-agtaryş işini geçirýänler Mukaddes Kitapdaky seneleriň, adamlaryň, ýerleriň, wakalaryň dogrudygyny tassyklaýarlar.

2. Mukaddes Kitap näme üçin hiç haçan könelmeýär?

Mukaddes Kitap köp meselelerde adamlaryň bilmeýän zatlaryny aýdýar. Meselem, ol ylmy taýdan dogry. Ýöne şol döwür köp adamlar Mukaddes Kitapda ýazylan zatlaryň dogrudygyna ynanmaýardylar. Häzir bolsa alymlar ylmy taýdan dogrudygyna göz ýetirdiler. Dogrudanam, ol «häzirem, gelejekde-de hakdyr» (Zebur 111:8).

3. Mukaddes Kitapda gelejek hakda aýdylanlar näme üçin ýerine ýeter?

Mukaddes Kitapda «boljak zatlar» öňünden aýdylýar, oňa pygamberlik diýilýär (Işaýa 46:10). Taryhy wakalar ep-esli wagt öňünden aýdylypdyr. Şeýle-de dünýäniň häzirki ýagdaýy jikme-jik ýazylypdyr. Şu sapakda Mukaddes Kitapda öňünden aýdylan käbir wakalar hakda bileris. Şol wakalaryň ýerine ýetişi haýran galdyrýar!

SÖHBETDEŞLIK

Mukaddes Kitabyň ylmy taýdan dogrudygyna göz ýetiriň, täsin pygamberlikler hakda öwreniň.

4. Mukaddes Kitap ylmy taýdan dogry

Geçmişde köp adamlar ýeriň bir zadyň üstünde durandygyna ynanypdyrlar. WIDEONY görüň.

Takmynan 3 500 ýyl mundan öň Eýýup kitabynda ýazylan sözlere üns beriň. Eýýup 26:7-ni okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Mukaddes Kitapda «ýeri hiç zatdan asmady» diýen sözleriň ýazylmagy näme üçin haýran galdyrýar?

Suwuň tebigatda aýlanyşyny alymlar 200 ýyl mundan öň bildiler. Emma müňlerçe ýyl öň Mukaddes Kitapda näme diýlendigine üns beriň. Eýýup 36:27, 28-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Suwuň tebigatda aýlanyşy hakda ýazylan sözler näme üçin haýran galdyrýar?

  • Şol sözler Mukaddes Kitaba ynamyňy artdyrýarmy?

5. Mukaddes Kitapda wajyp wakalar hakda öňünden aýdylýar

Işaýa 44:27—45:2-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Mukaddes Kitapda Wawilonyň weýran ediljegi hakda 200 ýyl öňünden nämeler aýdyldy?

B. e. öň 539-njy ýylda Pars patyşasy Kir goşuny bilen Wawilon şäherini basyp aldy. Olar şäheriň daşyndaky derýany başga tarapa akdyrdylar. Şeýdip, olar açyk galan derwezeden girip, şäheri söweşsiz basyp aldylar. Wawilon şäheri 2 500 ýyl bäri haraba bolup ýatyr. Geliň, Mukaddes Kitapdan şol hakda bileliň.

Işaýa 13:19, 20-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Wawilon hakda aýdylan zatlar nädip ýerine ýetdi?

Wawilon harabalygy häzirki Yrakda ýerleşýär.

6. Mukaddes Kitapda häzirki wakalar hem öňünden aýdylýar

Mukaddes Kitapda biziň «soňky günlerde» ýaşaýandygymyz aýdylýar (2 Timoteos 3:1). Onda soňky günlerde nämeleriň boljakdygy hem aýdylýar.

Matta 24:6, 7-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Mukaddes Kitapda soňky günlerde ýagdaýyň nähili boljagy aýdylýar?

2 Timoteos 3:1—5-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Mukaddes Kitapda soňky günlerde adamlaryň nähili boljakdygy aýdylýar?

  • Sen adamlarda şol häsiýetleriň haýsysyny görýärsiň?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Mukaddes Kitapda aýdylýan zatlar erteki».

  • Mukaddes Kitabyň dogrudygyna seni näme has-da ynandyrýar?

ESASY PIKIRLER

Taryhy wakalar, ylym we pygamberlikler Mukaddes Kitabyň dogrudygyny subut edýär.

Gaýtalamak

  • Mukaddes Kitapdaky sözler hakykatmy ýa-da toslama?

  • Mukaddes Kitabyň ylmy taýdan dogrudygyny nämeler subut edýär?

  • Mukaddes Kitapda gelejek barada aýdylanlara ynanýarmyň? Näme üçin?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Mukaddes Kitabyň ylmy taýdan gabat gelmeýän ýeri barmy?

«Mukaddes Kitap ylmy taýdan dogry gelýärmi?» (Internet makala)

«Soňky günlerde» ýaşaýandygymyzy nämeler subut edýär?

«Gözümiziň öňünde ýerine ýetýän 6 pygamberlik» («Garawul diňi» 1 maý, 2011)

Mukaddes Kitapda Grek imperiýasy barada aýdylan pygamberlikler ýerine ýetdi.

«„Pygamberlik sözi“ ynama mynasyp» (5:22)

Bir adam pygamberlikleri öwrenip, Mukaddes Kitabyň dogrudygyna göz ýetirýär.

«Hudaý ýok diýip ýaşaýardym» («Garawul diňi» No. 5, 2017)