Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

12-NJI BÖLÜM

Hakyky imanyňyzyň bardygyny görkeziň!

Hakyky imanyňyzyň bardygyny görkeziň!

 HUDAÝ gullukçylarynyň imanynyň synaljakdygyny aýdýar. Onuň Sözünde şeýle diýilýär: «Oýanyň; ýagyňyz bolan iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir» (1 Petrus 5:8). Şeýtan siziň imanyňyzy nädip gowşatjak bolýar?

Siz şeýle garşylyga duş geldiňizmi?

 Onuň size adamlar, hatda dogan-garyndaşlaryňyz arkaly Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge päsgel bermegi mümkin. Bu babatda Isa pygamber: «Adamyň duşmany öz içerisindäkiler bolar» diýdi (Matta 10:36). Siziň maşgala agzalaryňyz we dost-ýarlaryňyz Hudaýyň Sözündäki ajaýyp hakykaty bilmeýändigi sebäpli ýa-da iliň gep-gürrüňinden çekinýändigi üçin päsgel berýändirler. Emma Mukaddes Ýazgylarda: «Adamdan gorkmak duzak getirýändir; Rebbe bil baglaýan bolsa aman bolar» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 29:25). Eger siz adamlara ýaranmak üçin Mukaddes Ýazgylary okamagyňyzy bes etseňiz, muny Hudaý halarmy? Elbetde, halamaz! Emma hakyky imany görkezsek, Allatagala bize kömek eder. «Biz yza çekilip, heläklenýänlerden däl-de, iman edip gutulýanlardandyrys» (Ýewreýler 10:39).

 Dumas bilen bolan wakany ýada salalyň. Başda aýaly onuň üstünden güldi, emma biraz wagtdan ol Hudaýyň Sözüni ýanýoldaşy bilen bile okap başlaýar. Şonuň ýaly, eger siz hem garşylyga garamazdan, dogry ýoldan ýöreseňiz, dogan-garyndaşlaryňyzyň we dost-ýarlaryňyzyň nädogry pikiri üýtgär. Köplenç maşgala agzalary hakyky imanly adamyň «gorky içindäki päk edim-gylymyny görüp», olar «gürrüňsiz» gazanylýar, ýagny hakykaty kabul edýär (1 Petrus 3:1, 2).

 Şeýle-de Şeýtan adamlaryň Mukaddes Ýazgylary okamaga wagty bolmaz ýaly edýär. Ol baýlyga kowalaşdyryp we ýaşaýşyň aladalary bilen Hudaýyň «sözüni bogup», siziň imanyňyzy «hasylsyz» etmäge çalyşýar (Markus 4:19). Ägä boluň! Injilde şeýle diýilýär: «Ebedi ýaşaýyş Seni, ýalňyz hak Hudaýy we Seniň ibereniň Isa Mesihi tanamakdyr» (Ýahýa 17:3). Hawa, Alla we Isa Mesih barada bilim almagyňyzy dowam etseňiz, Jennetde ebedi ýaşarsyňyz!

Hudaýdan kömek soraň

 Müsür patyşasynyň köşgünde ýaşan Musany ýada salalyň. Ol baýlyk, şan-şöhrat we wezipe gazanyp bilerdi. Emma Musa «az salym günäniň sapasyny sürmekden Hudaýyň halky bilen bile horluk görmegi gowy gördi». Näme üçin? Sebäbi ol «Görünmezi göreni üçin berk durdy» (Ýewreýler 11:24, 25, 27). Hawa, Musanyň Hudaýa bolan imany berkdi. Ol Allanyň yradasyny öz bähbidinden ýokary tutdy, Hudaý hem oňa bol bereket berdi. Eger siz hem şeýle etseňiz, Allatagala size pata berer.

 Şeýtan sizi dürli ýollar bilen aldamaga çalyşýar. Ýöne onuň duzagyna düşmäň. Injilde: «Iblise garşy duruň, ol sizden gaçar» diýilýär (Ýakup 4:7). Siz nädip oňa garşy durup bilersiňiz?

 Mukaddes Ýazgylary okamagyňyzy dowam ediň. Hudaýyň Sözüni her gün okaň, onuň taglymatlaryny öwreniň we maslahatlaryna eýeriň. Şonda siz «Hudaýyň ähli ýaraglaryny ele alyp», Şeýtanyň hüjümine garşy durup bilersiňiz (Efesliler 6:13).

 Hakyky imanly adamlar bilen gatnaşyň. Mukaddes Ýazgylary okaýan, öwrenýän we ony durmuşynda ulanýan adamlar bilen tanşyň. Şeýle adamlar «birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrýarlar» (Ýewreýler 10:24, 25).

Hakyky imanly adamlar bilen gatnaşyň

 Ýehowa ýakynlaşyň. Allatagala doga edip, ondan kömek soraň we oňa bil baglaň. Hudaýyň size kömek etmek isleýändigini unutmaň. «Ähli gam-gussaňyzy Onuň üstüne atyň; sebäbi Ol (Hudaý) siziň gamhoryňyzdyr» (1 Petrus 5:6, 7). «Hudaý dogruçyldyr, Ol size güýjüňizden öte synalmagyňyza ýol bermän, döz gelip bilmegiňiz üçin, synag bilen bilelikde çykalga-da açar» (1 Korintoslylar 10:13).

 Şeýtan Hudaýa gyjalat berip, synaga duçar bolan adamlaryň hiç biri Saňa gulluk etmez diýdi. Emma siz Şeýtanyň ýalançydygyny subut edip bilersiňiz. Hudaý şeýle diýýär: «Oglum, men özüme gyjalat berýäne bir söz gaýtarar ýaly, akyldar bol-da, ýüregimi şatlandyr» (Süleýmanyň tymsallary 27:11). Hawa, hakyky imanly bolmagy ýüregiňize düwüň!