Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ON IKINJI BAP

Hudaý oňa teselli berdi

Hudaý oňa teselli berdi

1, 2. Ylýas pygamberiň durmuşyndaky wajyp gün nähili wakalar bolup geçdi?

YLÝAS PYGAMBER ýagyş ýagyp, garaňky düşse-de, ylgap barýardy. Onuň ýaşy bir çene barsa-da, Ýizregele çenli köp ýol geçmelidi. Ol ýadaman ylgap barýardy, sebäbi Hudaý oňa güýç beripdi. Ol özüni hiç haçan şeýle gujurly duýmandy. Şonuň üçin ol Ahap patyşanyň arabasynyň yzyndan ýetip, öňe geçip gidýär! (1 Patyşalar 18:46-ny oka) *.

2 Ol entek uzak ýol geçmelidi. Göz öňüne getir, Ylýas pygamber ylgap barýarka, şol günki bolup geçen wakalar barada oýlanýar. Sebäbi hakyky sežde üstün çykyp, Ýehowa Hudaý ýeňiş gazanypdy. Ýehowa Ylýas pygamber arkaly Karmel dagynda gudrat bilen Bagal taňrysynyň ýalandygyny paş edipdi. Karmel dagy yzda galypdy, asman garalyp, güýçli ýagyş ýagansoň, ol görünmeýärdi. Bagalyň 450 zalym pygamberiniň kezzaplygy paş edildi we olara ölüm jezasy berildi. Soňra Ylýas pygamber ýagşyň ýagmagy barada Ýehowa doga edýär we üç ýarym ýyl dowam eden gurakçylyk tamamlanýar (1 Pat. 18:18—45).

3, 4. a) Ylýas pygamber Ýizregele ylgap barýarka nämä umyt eden bolmaly? b) Biz haýsy soraglara serederis?

3 Ylýas pygamber Ýizregele çenli 30 km suwly ýoldan ylgap barýarka bir zada umyt edýär. Bagalyň pygamberleri öldürlensoň, onuň üçin ýagdaý düýbünden üýtgejek ýalydy. Ahap garaýşyny hökman üýtgetmelidi! Ol bolup geçen wakalary gözi bilen görensoň, Bagal taňrysyny ret etmelidi we aýaly Izebeliň edýän işleriniň öňüni alyp, Hudaýyň gullukçylaryny yzarlamagy bes etmelidi.

Ylýas pygamber Ýizregele çenli Ahabyň öňünden ylgap gitdi

4 Biziň umyt edýän zatlarymyz ýerine ýetjek ýaly görnende, umydymyz has-da berkeýär. Şonda durmuşymyz gowulaşyp, agyr synaglar yzda galan ýaly bolýar. Ylýas pygamber «biziňki ýaly duýgulary bolan bir adam» bolany üçin, onuň şeýle pikir etmegi geň galdyrmaýar (Ýakup 5:17). Aslynda, Ylýas pygambere agyr synaglar garaşýardy. Birnäçe wagt geçip-geçmänkä ol şeýle bir gorkýar welin, göwnüçökgün bolup, ölümini dileýär. Muňa näme sebäp boldy we Ýehowa pygamberiniň imanyny berkitmäge hem-de batyrgaý bolmaga nädip kömek etdi? Gel, muny bileli.

Ýagdaý duýdansyz üýtgeýär

5. Karmel dagyndaky wakalardan soň Ahap patyşa Ýehowa hormat goýmagy öwrendimi we biz muny nireden bilýäris?

5 Ahap patyşa Ýizregeldäki köşgüne gelende, toba edendigi aýan boldumy? Mukaddes Ýazgylarda: «Ahap Ylýasyň bar eden zatlary, pygamberleri nädip gylyç bilen öldürendigi barada aýaly Izebele gürrüň berdi» diýilýär (1 Pat. 19:1). Üns beren bolsaň, Ahap patyşa Ylýas pygamberiň Hudaýy Ýehowa barada hiç zat aýtmaýar. Ol şol günki gudratlar barada «Ylýasyň bar eden zatlary» diýip gürrüň berýär. Görşümiz ýaly, Ahap patyşa Ýehowa Hudaýa hormat goýmagy öwrenmedi. Onuň zalym aýaly bolsa näme etdi?

6. Izebel Ylýas pygambere nähili habar ýollady we bu nämäni aňladýardy?

6 Izebel gahar-gazaba mündi! Ol gazap atyna atlanyp, Ylýas pygambere çapar ýollap: «Ertir şu wagtlar men seniň özüňi hem şol öldürilen pygamberleriň gününe salmasam, goý, onda hudaýlar maňa-da muny we mundanam beterini görkezsin» diýdi (1 Pat. 19:2). Ol ony öldürmegiň küýüne düşdi. Izebel Bagalyň pygamberleriniň aryny almak üçin ertiriň özünde Ylýas pygamberi öldürjekdigine ant içýär. Göz öňüne getir, şol gün gije Ylýas pygamber Ýizregelde öýünde ýatyrka Izebeliň çapary oňa elhenç habary aýtmak üçin oýarýar. Ylýas pygamber habary eşidip näme etdi?

Ol lapykeçlige we gorka döz geldi

7. Izebel Ylýas pygamberi öldürmekçi bolanda ol näme etdi?

7 Ylýas pygamber umydynyň puja çykandygyna we Bagal taňrysyna garşy söweşiň dowam edýändigine düşünýär. Izebel pälinden gaýtmady. Ol eýýäm Ýehowanyň wepaly pygamberleriniň köpüsini öldüripdi. Indi bolsa, Ylýasyň gezegidi. Ylýas pygamber näme etdi? Mukaddes Ýazgylarda: «Ylýas bu habary eşidip gorkdy. Ol öz janyny gutarmak üçin gaçdy» diýilýär. Ylýas pygamber ölüm howpy barada oýlandymyka? Eger oýlanan bolsa, onda onuň gorkmagy geň galdyrmaýar (1 Pat. 18:4; 19:3).

Biz hemişe batyrgaý bolmak islesek, abanýan howplar barada çendenaşa oýlanmaly däl

8. a) Petrus resul bilen Ylýas pygamber nähili synaga duş geldi? b) Biz Ylýas pygamber bilen Petrus resulyň mysalyndan näme öwrenýäris?

8 Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň arasynda diňe Ylýas pygamber gorkmandy. Ençeme ýyl geçensoň, Petrus resulam şonuň ýaly gorkupdy. Isa Petrusy suwuň ýüzünden ýöräp gel diýip çagyranda, ol «ýeliň güýjüni görüp», gorkýar we gark bolup başlaýar. (Matta 14:30-y oka). Ylýas pygamber bilen Petrus resulyň mysalyndan bir wajyp zady öwrenýäris. Biz hemişe batyrgaý bolmak islesek, abanýan howplar barada çendenaşa oýlanmaly däl. Biz Ýehowa bil baglap, onuň güýç berjekdigine ynanmaly.

«Besdir»

9. Ylýas pygamberiň gaçyp gidişi we özüni nähili duýandygy barada gürrüň ber.

9 Ylýas pygamber gorkup, Ýahudanyň günorta-günbatar serhediniň golaýyndaky 150 km uzaklykda ýerleşýän Beýerşeba şäherine gaçyp gidýär. Ol şol ýere baransoň, hyzmatkärini goýup, ýeke özi çöle gidýär. Hudaýyň Sözünde onuň «bir günlük ýol ýörändigi» aýdylýar. Göz öňüne getir, ol Gün dogan badyna ýanyna hiç zat alman ýola düşýär. Ylýas pygamber göwnüçökgün bolup, howsala düşüp, gorkudan ýaňa näme edýänini bilmän, jokrama yssyda çölüň içinden ýöräp barýar. Gün ýuwaş-ýuwaşdan batyp, garaňky düşensoň, Ylýas pygamber gaty ýadaýar. Ol ysgyndan gaçyp, gyrymsy agajyň aşagynda oturýar (1 Pat. 19:4).

10, 11. a) Ylýas pygamber Ýehowa näme barada doga etdi? b) Aýatlaryň esasynda lapykeç bolan Hudaýyň başga wepaly gullukçylarynyň başyndan geçiren duýgularyny gürrüň ber.

10 Ylýas pygamber göwnüçökgün halda Hudaýa doga edip, ölümini dileýär. Ol: «Men atalarymdan gowy däldirin» diýýär. Ylýas ata-babalarynyň topraga siňip gidendigini we hiç kime kömek edip bilmeýändigine düşünýärdi (Wag. 9:10). Ol hem özüni dereksiz duýýardy. Şol sebäpli onuň «Besdir!» diýip, aglamagy geň galdyrmaýar. Ylýas pygamberiň näme üçin ölesi gelýär?

11 Biz Hudaýyň gullukçysynyň şeýle lapykeç bolandygyna geň galmalymy? Elbetde, ýok. Mukaddes Ýazgylarda şonuň ýaly duýgulary başdan geçiren we ölümini dilän, birnäçe wepaly erkekdir aýallar barada aýdylýar. Olar: Rebeka, Ýakup, Musa we Eýýup pygamberdi (Gel. çyk. 25:22; 37:35; San. 11:13—15; Eýýup 14:13).

12. Sen göwnüçökgün bolanyňda nädip Ylýas pygamberiň göreldesine eýerip bilersiň?

12 Şu günler bizem «kyn pursatlarda» ýaşaýarys. Şol sebäpli köp adamlar hatda Hudaýyň wepaly gullukçylary hem käwagt göwnüçökgün bolýar (2 Tim. 3:1). Senem şeýle ýagdaýa düşeniňde, Ylýas pygamber ýaly Hudaýa ýüregiňi döküp bilersiň. Sebäbi Ýehowa «teselliler Hudaýydyr» (2 Korinfliler 1:3, 4-nji aýatlary oka). Ýehowa Ylýas pygambere teselli berdimi?

Ýehowa pygamberini goldaýar

13, 14. a) Ýehowa perişdesi arkaly nädip göwnüçökgün pygamberiniň aladasyny etdi? b) Ýehowanyň ýagdaýymyza düşünýändigi näme üçin göwünlik berýär?

13 Ylýas pygamber çölde gyrymsy agajyň aşagynda ölümini dilände Ýehowa näme etdi? Ol uka gidensoň, Ýehowa onuň ýanyna perişdesini iberýär. Perişde Ylýasy ýuwaşlyk bilen yrap: «Tur-da, iýip-iç» diýýär. Perişde Ylýasa gyzgyn çörek bilen suw berýär. Ol perişdä sagbolsun aýtdymy? Mukaddes Ýazgylarda onuň diňe iýip-içip, ýene-de ýatandygy aýdylýar. Ol göwnüçökgün bolansoň hiç zat diýmedimi? Her näme-de bolsa, perişde ony daňa golaý ikinji gezek oýarýar. Ol Ylýas pygambere ýene-de «Tur-da, iýip-iç, ýogsam bu syýahat gaty uzak we kyn bolar» diýdi (1 Pat. 19:5—7).

14 Hudaý perişdä Ylýas pygamberiň nirä barýanyny aýdýar. Perişde uzak ýol ýöremek üçin, Ylýasa güýç gerekdigini bilýärdi. Niýetimizi bilýän we mümkinçiligimiziň çäklidigine düşünýän Hudaýa gulluk etmek nähili göwünlik berýär! (Zebur 103:13, 14-nji aýatlary oka). Soňra Ylýas pygambere näme boldy?

15, 16. a) Perişdäniň beren çöregi Ylýas pygambere nädip kömek etdi? b) Şu günler Ýehowanyň bizi goldaýandygyna näme üçin minnetdar bolmaly?

15 Mukaddes Ýazgylarda: «Ylýas pygamber turup iýip-içdi. Onsoň ol naharyň güýjüne kyrk gije-gündizläp ýol ýöräp, Hudaýyň dagy Horeba geldi» diýilýär (1 Pat. 19:8). Şondan alty ýüz ýyl öň ýaşan Musa pygamber we takmynan müň ýyl soň ýaşan Isa pygamber ýaly Ylýas pygamber kyrk gije-gündizläp hiç zat iýmeýär (Müs. çyk. 34:28; Luka 4:1, 2). Perişdäniň beren çöregi Ylýasyň kynçylyklaryny çözmese-de, oňa güýç berýär. Göz öňüne getir, gartaşan pygamber 40 günläp ýolsuz-ýodasyz çölden ýöreýär!

16 Şu günler Ýehowa gullukçylaryny çörek bilen däl-de, ruhy iýmit arkaly goldaýar (Mat. 4:4). Biz Hudaýyň Sözünden we oňa esaslanan edebiýatlardan Hudaý barada bilim alyp, ruhy taýdan berkeýäris. Ruhy iýmit ähli kynçylygymyzy çözmese-de, olara döz gelmäge kömek edýär we «ebedi ýaşaýşa» umyt berýär (Ýahýa 17:3).

17. Ylýas pygamber nirä gidýär we ol ýer näme üçin wajyp hasaplanylýardy?

17 Ylýas pygamber 320 km ýol ýöräp, ahyry, Horep (Sina) dagyna barýar. Hudaýyň halky üçin ol ýer wajyp hasaplanylýardy. Sebäbi şol ýerde Ýehowa perişdesi arkaly Musa pygamber bilen ýanyp duran gyrymsy agaçdan gepleşipdi we ysraýyllylar bilen Kanun ähtini baglaşypdy. Ylýas pygamber şol dagyň gowagynda gizlenýär.

Ýehowa pygamberine göwünlik berip berkidýär

18, 19. a) Ýehowa Ylýas pygambere näme diýdi we ol näme jogap berdi? b) Ylýas pygamber haýsy üç sebäbe görä göwnüçökgün boldy?

18 Ýehowa Horep dagynda Ylýas pygamberden: «Sen bu ýerde näme işläp ýörsüň?» diýip soraýar. Bu Ylýas pygambere Hudaýa ýüregini dökmäge mümkinçilik berýär. Ol: «Men Hökmürowan Hudaý Rebbe gaty wepaly boldum. Ysraýyllar Seniň ähtiňi unudyp, Seniň gurbanlyk sypalaryňy ýykyp, Seniň pygamberleriňi öldürdiler. Meniň diňe ýeke özüm galdym. Olar şu wagt meniň janyma kast etmek üçin meni yzarlap ýör» diýdi (1 Pat. 19:9, 10). Ylýas pygamberiň aýdan sözlerinden onuň göwnüçökgün bolmagynyň üç sebäbi görünýär.

19 Birinjiden, Ylýas pygamber eden işleriniň baryny biderek hasaplaýar. Ençeme ýyl Ýehowa wepaly gulluk edendigine garamazdan, onuň üçin ýagdaý diňe erbetleşen ýalydy. Ýalan din giňden ýaýrandygy üçin adamlar henizem Ýehowa biwepalyk edýärdi we pitneçidi. Ikinjiden, Ylýas pygamber «diňe ýeke özüm galdym» diýip, Ýehowa gulluk edýän başga adam ýokdur öýdýär we özüni ýeke duýýar. Üçünjiden, ol gorkupdy. Sebäbi Hudaýyň wepaly pygamberleriniň köpüsi eýýäm öldürilipdi. Indi bolsa, onuň gezegidi. Ylýas pygambere Hudaýa içini dökmek aňsat bolmasa-da, ol bar zady çekinmän aýdýar. Ylýas pygamber Ýehowa dogada ýüregini döküp, Hudaýyň wepaly gullukçylaryna gowy görelde görkezdi (Zeb. 62:8).

20, 21. a) Ylýas pygamber Horep dagynda nämeler gördi? b) Ylýas pygamber Ýehowanyň güýjüni görensoň nämä göz ýetirdi?

20 Ýehowa Ylýas pygamberiň gorkandygyna we lapykeç bolandygyna nähili garady? Perişde Ylýasa gowagyň agzynda dur diýýär. Ol näme boljagyny bilmese-de, perişdä gulak asýar. Birden güýçli ýel turup, daglary sarsdyrýar we gaýalary lerzana getirýär! Göz öňüne getir, Ylýas pygamber dony bilen ýüzüni ýapyp, ýelden goranýar. Soňra güýçli ýer titreýär we oňa aýak üstünde durmak kyn bolýar. Ondan soň, güýçli ot gelýär we Ylýas pygamber onuň howrundan ýaňa gowagyň içine çekilýär (1 Pat. 19:11, 12).

Ýehowa gudratly güýjüni görkezip, Ylýas pygambere göwünlik berip ruhlandyrdy

21 Biz Mukaddes Ýazgylardan Ýehowanyň ýöne bir tebigy güýç däldigini bilýäris. Ylýas pygamber Ýehowanyň «buludyň üstünde oturyp», ýagyş ýagdyrýan Bagal ýaly ýalan taňry däldigini bilýärdi. Ýehowa ähli tebigy güýçleriň Gözbaşy bolandygy üçin, ol ýaradan zatlarynyň ählisinden güýçlüdir. Hatda göklerem Ýehowany içine sygdyryp bilmeýär! (1 Pat. 8:27). Ylýas pygambere gören zatlary nähili täsir etdi? Ýadyňa düşýän bolsa, Ylýas pygamber gorkupdy. Indi ol Gudratygüýçli Ýehowanyň onuň tarapyndadygyny bilip, Ahapdan we Izebelden gorkmaýar (Zebur 118:6-ny oka).

22. a) «Mylaýym, pessaý ses» Ylýas pygambere eden işleriniň biderek däldigini nädip görkezdi? b) «Mylaýym, pessaý ses» kimiňkidi? (Çykgyda seret).

22 Ylýas pygamber ot geçensoň, «mylaýym, pessaý sesi» eşidýär. Ylýas pygambere ikinji gezek ýüregindäkini aýtmaga mümkinçilik berilýär *. Belki, onuň ýüregi şondan soň ynjalyk tapandyr. «Mylaýym, pessaý sesiň» aýdan soňky sözleri onuň göwnüni has-da göterýär. Ylýas pygamber özüni dereksiz duýmaz ýaly, Ýehowa oňa göwünlik berýär. Nädip? Ýehowa Ysraýylda Bagal taňrysyny ol arkaly ýok etjekdigini aýtdy. Görşümiz ýaly, Ylýas pygamberiň eden işleri biderek däldi, sebäbi Hudaýyň niýeti indi amala aşmalydy. Galyberse-de, Ýehowa niýetiniň Ylýas pygamber arkaly amala aşmagyny isleýärdi. Şol sebäpli Hudaý ony aýratyn ýumuş bilen yzyna iberýär (1 Pat. 19:12—17).

23. Ylýas pygamber özüni ýeke duýmaz ýaly Ýehowa näme etdi?

23 Ylýas pygamber özüni ýeke duýmaz ýaly Ýehowa näme etdi? Birinjiden, Ýehowa Ylýasa Elýaşany pygamber edip bellemelidigini aýtdy. Ol Ylýasdan soň pygamber bolmalydy. Elýaşa ýaş bolandygy üçin Ylýas pygambere birnäçe ýyl ýoldaş bolup, kömek edýär. Ylýas pygamber muňa nähili begenendir! Ikinjiden, Ýehowa oňa: «Men Ysraýylda Bagal butuna sežde etmedik, ony öpmedik ýedi müň adamy galdyraryn» diýen tolgundyryjy habary aýtdy (1 Pat. 19:18). Ylýas pygamber ýeke özi galmandy. Müňlerçe adamyň Bagala sežde etmeýändigini eşidip, ol gaty begenýär. Şol kyn döwürde Ylýas pygamber Hudaýyň wepaly gullukçylaryna gowy görelde görkezipdi. Ýehowanyň perişdesiniň «mylaýym, pessaý sesiniň» aýdan sözleri Ylýas pygambere güýçli täsir etdi.

Şu günler biz Mukaddes Ýazgylaryň görkezmesine eýerip, «mylaýym, pessaý sesi» eşidýäris

24, 25. a) Şu günler biz Ýehowanyň «mylaýym, pessaý sesini» nädip eşidýäris? b) Ýehowanyň Horep dagynda aýdan sözleri Ylýas pygambere göwünlik berdimi?

24 Ylýas pygamber ýaly bizem täsin tebigy güýçleri görüp, gorkmagymyz mümkin. Ýehowanyň ýaradan zatlaryna syn edip, onuň güýçlüdigine göz ýetirýäris (Rim. 1:20). Ýehowa häzirem wepaly gullukçylaryna güýç berip, goldaýar (2 Ýyl. 16:9). Emma Mukaddes Ýazgylardan biz Ýehowa barada has köp zatlary bilýäris (Işaýa 30:21-i oka) *. Şu günler biz Mukaddes Ýazgylary okap, Ýehowanyň «mylaýym, pessaý sesini» eşidýäris. Ýehowa Sözi arkaly bizi düzedýär, ruhlandyrýar we söýgüsini bildirýär.

25 Ýehowanyň Horep dagynda aýdan sözleri Ylýas pygambere göwünlik berdimi? Hawa, sebäbi ol Hudaýa batyrgaý gulluk edip, ýalan seždä garşy pygamberlik edip başlaýar. Bizem Hudaýyň Mukaddes Ýazgylar arkaly berýän tesellisini ýürekden kabul etsek, Ylýas pygamberiň imanyndan görelde alyp bileris (Rim. 15:4).

^ abzas 1 1 Patyşalar 18:46 Ylýasa Rebbiň güýji geldi. Ol donuny biline guşap, tä Ýizregeliň derwezesine çenli uzak ýola Ahabyň öňünden ylgap gitdi.

^ abzas 22 «Mylaýym, pessaý sese» 1 Patyşalar 19:9-da Ýehowanyň «sözi» diýilýär. 15-nji aýatda bolsa, şol sese Hudaý diýilýär. Ýadyňa düşýän bolsa, Ýehowa ysraýyl halkyna olary çölüň içinden alyp gitjek perişde barada «Meniň adym bilen geler» diýipdi (Müs. çyk. 23:21). Biz bu sesiň kimiňkidigini anyk bilmesek-de, ol ýere gelmezden öň Ýehowanyň «Sözi» hökmünde gulluk eden Isanyňky bolmaly (Ýahýa 1:1).

^ abzas 24 Işaýa 30:21 Saga, sola öwrüleniňizde, yzyňyzdan: «Ýol budur, şundan ýöräň» diýen sesi eşidersiňiz.