Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

7-NJI SAPAK

Hudaýyň Patyşalygy näme?

Hudaýyň Patyşalygy näme?

1. Hudaýyň Patyşalygy näme?

Näme üçin Isa iň gowy Patyşa? (MARKUS 1:40—42).

Hudaýyň Patyşalygy — bu gökdäki hökümet. Ol ýerdäki ähli hökümetleri ýok eder we Hudaýyň islegini gökde hem-de ýerde amala aşyrar. Adamlar gowy hökümdarlygyň bolmagyny isleýärler. Tizden Hudaýyň Patyşalygy olaryň bu arzuwyny amala aşyrar we ýer ýüzündäki ähli adamlary agzybir ýaşadar. Danyýel pygamber şeýle welilik etdi: «Şol patyşalaryň döwründe gökdäki Hudaý hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar» (Danyýel 2:44). Hudaýyň Patyşalygy baradaky habar, dogrudan-da, hoş habar. Matta 6:9, 10; 24:14-i okaň.

Her bir patyşalygyň patyşasy bolýar. Ýehowa hem gökdäki Patyşalygyna söýgüli Ogluny, ýagny Isa Mesihi Patyşa edip belledi. Ylham 11:15-i okaň.

«Hudaýyň Patyşalygy näme?» atly wideony görüň

2. Näme üçin Isa iň gowy Patyşa?

Hudaýyň Ogly ýerde ýaşanda, adamlara rehimdarlyk bildirýärdi we adalatly hereket edýärdi. Şol sebäpli oňa iň gowy Patyşa diýse bolýar (Ýahýa 1:14). Şeýle-de adamlara kömek etmek üçin onda uly güýç bar, çünki ol gökde bütin dünýäniň üstünden höküm sürer. Isa direlenden soňra göge galyp, Ýehowanyň sagynda oturdy (Ýewreýler 10:12, 13). Wagty gelende, Hudaý oňa höküm sürmäge ygtyýar berdi. Luka 1:32, 33-nji aýatlary okaň.

3. Isa bilen kimler höküm sürer?

Isa bilen gökde «mukaddes adamlar» höküm sürer (Danyýel 7:27). Ýehowa olaryň ilkinji agzalaryny Isanyň wepaly resullaryndan saýlady. Ýehowa wepaly erkekdir aýallary häzire çenli saýlap gelýär. Olar hem Isa ýaly gökde ruhy şahsyýet bolup direlýärler. Ýahýa 14:1—3; 1 Korintoslylar 15:42—44-nji aýatlary okaň.

Göge näçe adam gider? Isa olary «kiçijik süri» diýip atlandyrdy (Luka 12:32). Olaryň sany 144 müň bolar. Olar gökde Isa bilen ýeriň üstünden höküm sürerler. Ylham 14:1-i okaň.

4. Isa höküm sürüp başlanda nähili wakalar boldy?

1914-nji ýylda Hudaýyň Patyşalygy höküm sürüp başlady *. Isa patyşalyk tagtyna geçenden soňra, ilki bilen, Şeýtany we onuň jyn-arwahlaryny gökden ýere zyňdy. Şol sebäpli Şeýtan gahar-gazaba münüp, bütin ýer ýüzünde ýaşaýan adamlara horluk çekdirýär (Ylham 12:7—10, 12). Şondan bäri, adamzadyň görýän kynçylyklary örän köpeldi. Uruşlar, açlyklar, gyrgynçylyk we ýertitremeler soňky günler barada aýdylan «alamatyň» ýerine ýetýändigini we Hudaýyň Patyşalygynyň tizden ýer ýüzündäki ähli erbet işleriň soňuna çykjakdygyny görkezýär. Luka 21:7, 10, 11, 31-nji aýatlary okaň.

5. Şu günler Hudaýyň Patyşalygy nämeler edýär?

Hudaýyň Patyşalygy bütin dünýde alnyp barylýan wagyz işi arkaly hemme milletlerden bolan «uly märekäni» ýygnap, olary agzybirlikde ýaşadýar. Millionlarça akýürekli adamlar Isa tabyn bolýarlar. Hudaý Patyşalygy arkaly bu zalym dünýäni ýok edende, öz halkyny gorar. Şol sebäpli Hudaýyň Patyşalygy astynda bagtly ýaşamak isleýän adamlaryň ählisi Isa gulak asmagy öwrenmeli. Ylham 7:9, 14, 16, 17-nji aýatlary okaň.

Gökdäki Patyşalyk 1000 ýylyň dowamynda Hudaýyň adamzat üçin ilki başdaky niýetini amala aşyrar. Şonda bütin ýer ýüzi Jennete öwrüler. Soňra Isa Patyşalyk tagtyny Atasyna gaýtaryp berer (1 Korintoslylar 15:24—26). Siz Hudaýyň Patyşalygy barada kime gürrüň bermek isleýärsiňiz? Zebur 37:10, 11, 29-njy aýatlary okaň.

 

^ abzas 6 1914-nji ýyl barada aýdylan pygamberlik hakda jikme-jik maglumaty «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabynyň 215—218-nji sahypalaryndan tapyp bilersiňiz.