92-NJI SAPAK
Isa ýene şägirtlere görünýär
Isa resullaryna görnensoň, biraz wagt geçdi. Petrus Jelile deňzine balyk tutmaga gitdi. Onuň ýanynda Tomas, Ýakup, Ýahýa we beýleki şägirtler hem bardy. Olar uzak gije oturdylar. Ýöne tora hiç hili balyk düşmedi.
Ertesi irden şägirtler kenarda bir adamyň durandygyny görýärler. Ol şägirtlere: «Balyk tutduňyzmy?» diýip gygyrýar. Şägirtler: «Ýok» diýip jogap berýärler. Şonda ýaňky adam: «Toruňyzy gaýygyň sag tarapyna taşlaň» diýýär. Şägirtler hem aýdyşy ýaly edýärler. Tora köp balyk düşýär. Olar tory zordan çekip çykarýarlar. Birdenem Ýahýa kenarda duran adamyň Isadygyny tanaýar. Ýahýa: «Ol-a biziň Halypamyz» diýýär. Petrus şol bada suwa böküp, kenara tarap ýüzüp gidýär. Şägirtlerem gaýykda onuň yzyndan barýarlar.
Şägirtler kenara gelse, balyk bişip duran eken. Ýanynda çörek hem bardy. Isa olara: «Sizem tutan balygyňyzdan getiriň» diýýär.
Balyk bişensoň, Isa: «Geliň, iýip içeliň» diýýär. Olar iýip-içip bolýarlar. Isa Petrusdan: «Sen meni işiňden hem gowy görýärsiňmi?» diýip soraýar. Petrus: «Hawa, Halypam. Seni has köp gowy görýän» diýýär. Isa: «Guzularymy bak» diýýär. Isa ikinji gezek: «Sen meni gowy görýärsiňmi?» diýip soraýar. Petrus: «Hawa, Halypam. Gowy görýänimi bilýäň-ä» diýýär. Isa: «Guzularymy otlat» diýýär. Isa üçünji gezek hem şony soraýar. Petrus gaty gynanýar. Ol Isa: «Sen hemme zady bilýäň-ä. Seni gowy görýänimi hem bilýärsiň» diýýär. Şonda Isa: «Guzujyklarymy otlat» diýýär. Soňra hemişe yzyna eýermegi tabşyrýar.
«Isa olara: „Meniň yzyma düşüň. Men sizi adam tutýan balykçy edeýin“ diýdi. Olar şol bada torlaryny taşlap, Isanyň yzyna düşdüler» (Matta 4:19, 20).