46-NJY SAPAK
Ýehowa hak Hudaýdygyny subut etdi
Ysraýylyň on taýpasynyň köp patyşalary boldy. Olar Ýehowanyň ýigrenýän işlerini etdiler. Ahap şol patyşalardan hem köp erbet işleri etdi. Ol erbet aýala öýlendi. Onuň ady Izabeldi. Ol Bagal taňrysyna sežde edýärdi. Ahap bilen Izabel ýurdy butlardan doldurdy. Halk Bagal taňrysyna sežde edip başlady. Olar Ýehowanyň köp pygamberlerini öldürdiler. Ýehowa näme etdi? Ýehowa Ylýas pygamberi Ahap patyşanyň ýanyna iberdi.
Ylýas Ahaba Ýehowanyň habaryny aýtdy. Ol: «Sen erbet işleri edýärsiň. Şonuň üçin ýurtda üç ýyldanam köpräk ýagyş ýagmaz, hasyl bolmaz we adamlar iýmäge zat tapmaz» diýdi. Soňra Ýehowa Ylýas pygamberi ýene Ahabyň ýanyna iberýär. Patyşa Ylýas pygambere: «Sen sebäpli ýagyş ýagmaýar, sen günäkär» diýýär. Ylýas: «Sen Bagal taňrysyna sežde edýärsiň. Şonuň üçinem ýagyş ýagmaýar. Ysraýyl halkyny we Bagalyň pygamberlerini Karmel dagyna çagyr. Şonda kimiň günäkärdigini göreris» diýýär.
Halk Karmel dagyna gelýär. Ylýas pygamber şeýle diýdi: «Adamlar, eger Ýehowa hak Hudaý bolsa, oňa sežde ediň. Eger Bagal Hudaý bolsa, oňa sežde ediň. Siz şu gün birini saýlaň. Bagalyň 450 pygamberi gurbanlyk taýýarlap, hudaýyny çagyrsyn. Menem gurbanlyk taýýarlap, Ýehowany çagyraýyn. Eger kimiň Hudaýy gökden ot iberip gurbanlygy ýaksa, şol hakyky Hudaýdyr». Adamlar hem razylaşdy.
Bagalyň pygamberleri gurbanlyk taýýarladylar. Olar: «Eý Bagal, bize jogap ber» diýip hudaýyny çagyrdylar. Ýöne Bagal jogap bermedi. Ylýas olaryň üstünden gülüp: «Gatyrak gygyryň. Belki, ol ýatandyr. Ony oýarmalydyr» diýdi. Garaňky düşüp gitdi. Pygamberleri henizem Bagaly çagyrýardy. Ýöne Bagaldan hiç hili jogap bolmady.
Ylýas pygamber gurbanlygyny getirip, ojagyň üstüne goýdy. Onuň üstüne dolduryp suw guýdy. Soňra Ýehowa şeýle doga etdi: «Ýehowa, şu adamlara hak Hudaýdygyňy subut et». Şonda Ýehowa gökden ot iberip,
gurbanlygy ýakdy. Adamlar: «Ýehowa hak Hudaý!» diýip gygyryşdylar. Ylýas: «Bagalyň pygamberleriniň ýekejesi hem diri galmasyn» diýdi. Şol gün Bagalyň 450 pygamberi öldi.Deňziň ýokarsynda bir bölek bulut görünýär. Ylýas pygamber Ahaba: «Tizräk arabaňa münüp, öýüňe git. Häzir ýagyş ýagyp başlar» diýdi. Ylýas pygamberiň aýdyşy ýaly boldy. Asmany gara bulut büredi. Ýel turup, güýçli ýagyş ýagyp başlady. Ahap arabasyny tiz sürüp barýardy. Ylýas bolsa arabadan hem çalt ylgaýardy. Oňa Ýehowa güýç berdi. Şondan soň Ylýasda kynçylyk bolmadymy? Ony indiki sapakdan bileris.
«Goý, älem-jahan seniň adyň Ýehowadygyny bilsin, diňe seniň Allatagaladygyňa düşünsin» (Zebur 83:18).