Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

1-NJI SORAG

Men nähili adam?

Men nähili adam?

MUNY BILMEK NÄME ÜÇIN WAJYP?

Sen özüňi tanasaň we nämäniň wajypdygyna düşünseň, bir zady etmäge yrjak bolanlarynda, paýhasly hereket edersiň.

SEN NÄME EDERDIŇ?

Şeýle ýagdaýy göz öňüne getir: Oturyşyga gelen Karina 10 minut töweregi wagt geçensoň, arkasyndan bir tanyş ses eşidýär.

«Sen näme bärde dursuň?»

Karina yzyna öwrülende, jorasy Jessikanyň eli iki sany piwoly duranyny görýär. Jessika onuň birini Karina uzadyp: «Men heniz piwo içerden gaty ýaş bir diýmäweri!» diýýär.

Karina içesi gelmese-de, jorasynyň ýüzünden geçip bilmeýär. Ol jorasy Jessikanyň gözünde ýürekgysgynç adam bolasy gelmeýär. Karina içini gepledip: «Jessika akylly-başly gyz. Eger ol içýän bolsa, diýmek, munuň hiç hili erbetligi ýok. Onsoňam, bu ýöne bir piwo ahyry. Men neşe çekemog-a» diýýär.

Eger sen Karinanyň ýerine bolsaň näme ederdiň?

SAKLAN WE OÝLAN!

Şular ýaly ýagdaýda paýhasly hereket eder ýaly, özüňi gowy tanamaly. Bu saňa nähili adamdygyňy we nämäni wajyp saýýandygyňy bilmäge kömek eder. Şonda sen başgalaryň durmuşyňa täsir etmegine ýol bermersiň (1 Korinfliler 9:26, 27).

Saňa özüňi ynamly duýmaga näme kömek eder? Gel, ilki bilen, aşakda getirilen 4 soraga seredeli.

1 MENIŇ NÄHILI GOWY TARAPLARYM BAR?

Sen nähili ukyplaryň we gowy häsiýetleriň bardygyny bilseň, özüňi ynamly duýmaga kömek eder.

MUKADDES ÝAZGYLARDAN MYSAL: Pawlus resul: «Geplemekde ökde bolmasam-da, bilimde ökdedirin» diýip ýazdy (2 Korinfliler 11:6). Ol Ýazgylary gowy bilýärdi, şol sebäpli özüne garşy çykanlara berk jogap bermegi başardy. Pawlus başgalaryň erbet garaýşynyň özüne bolan ynamyny gaçyrmagyna ýol bermedi (2 Korinfliler 10:10; 11:5).

ÖZÜŇI BARLA. Aşakda nähili ukyplaryň bardygyny ýaz.

Indi haýsy-da bolsa bir gowy häsiýetiňi ýaz. (Meselem, sen başgalaryň aladasyny edýärmiň? Sen jomartmy? Saňa bil baglasa bolýarmy? Her zady öz wagtynda edýärmiň?)

2 MENIŇ NÄHILI GOWŞAK TARAPLARYM BAR?

«Gamşy gowşak tutsaň, eliňi gyýar» diýlişi ýaly, ejiz taraplaryňy berkitmeseň, başgalaryň täsirine aňsatlyk bilen düşersiň.

MUKADDES ÝAZGYLARDAN MYSAL: Pawlus ejiz taraplarynyň bardygyny bilýärdi. Ol: «Men içki dünýämde Hudaýyň kanunyndan diýseň lezzet alýaryn. Emma bedenimde başga bir kanuny görýärin. Ol aňymdaky kanuna garşy söweşip, meni bedenimdäki günä kanunyna ýesir edýär» diýip ýazdy (Rimliler 7:22, 23).

ÖZÜŇI BARLA. Sen haýsy gowşak taraplaryň üstünde işlemeli?

3 MENIŇ NÄHILI MAKSATLARYM BAR?

Aýdaly, sen taksi saklaýaň. Onuň sürüjisinden tä ýangyjy gutarýança, eýläk-beýläk aýlamagy sorarmyň? Elbetde, ýok. Sebäbi bu akylsyzlyk bolardy we bar puluň giderdi!

Mundan näme öwrense bolýar? Maksadyň bolsa, bu saňa şol bir ýeriňde durman, öňe gitmäge kömek eder. Sebäbi sen nirä we nädip barmalydygyny bilýärsiň.

MUKADDES ÝAZGYLARDAN MYSAL: Pawlus: «Men maksatsyz ylgamaýaryn» diýip ýazdy (1 Korinfliler 9:26). Ol durmuşyň akymy bilen gitmeýärdi, gaýtam, öňünde goýan maksadyna görä ýaşaýardy (Filipililer 3:12—14).

ÖZÜŇI BARLA. Aşakda bir ýylyň dowamynda ýetip biläýjek üç maksadyňy ýaz.

4 MENIŇ NÄHILI DINI YNANÇLARYM BAR?

Özüňi gowy tanasaň, güýçli ýelde ýykylmaýan köki berk agaç ýaly bolarsyň

Eger ynamyň berk bolmasa, ýaýdanyp, özüňi durnuksyz alyp bararsyň. Şonda sen derisiniň reňkini üýtgedýän hameleon ýaly aňsatlyk bilen deň-duşlaryň täsirine düşersiň. Bu bolsa seniň dini ynançlaryňa bolan ynamyň berk däldigini görkezýär.

Emma dini ynançlaryňa görä hereket etseň, başgalar her näme etseler-de, öz durkuňy saklarsyň.

MUKADDES ÝAZGYLARDAN MYSAL: Danyýel pygamber ýetginjekkä, ony maşgalasyndan aýra salýarlar. Emma ol şonda-da Hudaýyň kanunyna gulak asmagy «ýüregine düwdi» (Danyýel 1:8). Şeýdip, ol durnukly adamdygyny subut etdi. Danyýel dini ynançlaryna laýyk ýaşaýardy.

ÖZÜŇI BARLA. Seniň nähili dini ynançlaryň bar? Meselem, sen Hudaýa ynanýarmyň? Näme üçin? Onuň bardygyna seni näme ynandyrýar?

Hudaýyň ahlak kadalarynyň peýdalydygyna ynanýarmyň? Näme üçin?

Diýmek, sen özüňi nähili adam hasaplaýarsyň? Çalajadan öwüsýän şemalyň ugruna eýläk-beýläk uçup ýören ýaprak ýalymy ýa-da güýçli ýel turanda-da, ýerinden gozganmaýan köki berk agaç ýaly? Özüňi gowy tanap, gowşak taraplaryňy berkit. Bu saňa özüňi ynamly duýmaga we köki berk agaç ýaly durnukly bolmaga kömek eder. Şonda sen «Men nähili adam?» diýen soraga jogap berip bilersiň.