2-NJI SORAG
Men näme üçin daş keşbim barada aladalanýaryn?
SEN NÄME EDERDIŇ?
Şeýle ýagdaýy göz öňüne getir: Juliýa aýnada özüni synlaýar. Ol: «Gaty semräpdirin, men hökman horlanmaly» diýýär. Ejesi, kakasy we joralary bolsa: «A gyz, iňňä sapaýmaly bolupsyň» diýýärler.
Juliýa: «Iki-üç kilogram horlanmasam-a bolmaýar. Birki gün hiç zat iýmänim bilen öläýesim ýok-la» diýip, içini gepledýär.
Eger sen Juliýanyň ýerine bolsaň näme ederdiň?
SAKLAN WE OÝLAN!
Elbetde, daş keşbiň barada oýlanmak nädogry däl. Mukaddes Ýazgylarda Sara, Rahel, Abygaýyl, Ýusup we Dawut ýaly ençeme erkekdir aýallaryň owadan hem-de görmegeý bolandygy aýdylýar. Abyşag atly gyza bolsa «gaty görmegeý» diýilýär (1 Patyşalar 1:4).
Emma ýaşlaryň köpüsi daş keşbi barada çendenaşa köp aladalanýarlar. Bu ýagdaý köp kynçylyklara eltip biler. Ýöne oýlanyp gör:
-
Geçirilen bir barlaga görä, gyzlaryň 58 göterimi özlerini semiz hasaplaýarlar. Ýöne, aslynda, olaryň bary-ýogy 17 göterimi şeýledi.
-
Başga bir barlaga görä, özlerini semiz hasaplaýan aýallaryň 45 göterimi, aslynda, hordy.
-
Käbir ýaşlar horlanjak bolup ölüm howply anoreksiýa keseline duçar bolýar. Olar hiç zat iýmän-içmän özlerini horlaýarlar.
ASLYNDA NÄMÄNI ÜÝTGETMELI?
Adamy daş keşbi däl-de, gowy häsiýetleri bezeýär. Gel, Dawut patyşanyň ogly Abşalomy ýada salaly. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär:
«Görmegeýlikde Abşalom ýaly magtalýan adam tutuş Ysraýylda ýokdy. Depesinden dyrnagyna çenli onuň ýekeje-de kemi ýokdy» (2 Şamuwel 14:25).
Emma ol diýseň ulumsy, dönük we şöhratparazdy! Şol sebäpli Abşalom hakda okanyňda, görmegeý ýigit däl-de, barypýatan dönük we ganhor adam göz öňüňe gelýär.
Injilde şeýle maslahatyň berilýändigi örän ýerlikli:
«Täze häsiýetlere geýniň» (Koloslylar 3:10).
«Goý, siziň daş keşbiňizi... ýüregiňizdäki solmaýan owadanlyk... bezesin» (1 Petrus 3:3, 4).
Elbetde, daş keşbiňe üns bermek nädogry däl, ýöne seniň nähili adamdygyň has-da wajyp. Adatça, adamlary boý-syratyň däl-de, gowy häsiýetleriň özüne çekýär. Anna atly gyz şeýle diýýär: «Owadanlyk birbada özüne çekse-de, köplenç seniň nähili adamdygyň we gowy häsiýetleriň başgalaryň ýadynda galýar».
ÖZÜŇE DOGRY BAHA BER
Sen daş keşbiň sebäpli lapykeç bolýarmyň?
Sen daş keşbiňi üýtgetmek üçin plastiki operasiýa etdirmek ýa-da berk berhiz tutmak barada oýlanypmydyň?
Eger sende şeýle mümkinçilik bolan bolsa, daş keşbiň nämesini üýtgederdiň? (Özüňe degişli bolanlary belle).
-
BOÝUŇ
-
AGRAMYŇ
-
SAÇYŇ
-
SYRATYŇ
-
ÝÜZÜŇ
-
BAŞGA ZATLARYŇ
Eger sen ilkinji iki soraga «hawa» diýip jogap berip we daş keşbiňde üýtgetmek isleýän üç ýa-da ondan köp zady bellän bolsaň, şuny unutma: Aslynda, seni alada goýýan zatlara başgalar asla ünsem bermeýär. Daş keşbiň barada aşa köp aladalansaň, özüňi kyn ýagdaýa salarsyň (1 Şamuwel 16:7).