Ýahýa 1:1—51

  • Söz ynsan bolup dogulýar (1—18)

  • Suwa çümdürýän Ýahýa şaýatlyk edýär (19—28)

  • Isa — Hudaýyň Guzusy (29—34)

  • Isanyň ilkinji şägirtleri (35—42)

  • Filipus bilen Natanaýyl (43—51)

1  Ilkibaşda Söz bardy+. Söz Hudaýyň ýanyndady+, Söz hudaýa meňzeşdi*+.  Ol ilkibaşdan Hudaý bilendi.  Ähli zat Söz arkaly döredi+, hiç zat onsuz ýaradylmady. Ýaradylan zatlar  onuň kömegi bilen ýaşap başlady we ýaşaýyş adamlar üçin nur boldy+.  Nur garaňkylykda ýagty saçýar+, sebäbi garaňkylyk ondan üstün çykyp bilmedi.  Ýahýa+ atly bir adam geldi, ol Hudaýyň wekilidi.  Ol nur hakda şaýatlyk etmäge geldi+, ähli adamlar ol arkaly iman edip bilýärdi.  Ol nur däldi+, ýöne nur barada şaýatlyk etmek üçin iberilipdi.  Şol wagt ähli adamlara ýagty saçýan hakyky nur dünýä gelmelidi+. 10  Ol dünýädedi+. Dünýä ol arkaly döräpdi+, ýöne dünýä ony tanamady. 11  Ol öz halkynyň arasyna geldi, ýöne ony kabul etmediler. 12  Emma ony kabul eden adamlara, adyna iman edenleriň+ her birine Hudaýyň çagalary bolmaga mümkinçilik berildi+. 13  Olar etden-gandan dogulmadylar. Olar ynsan arkaly däl-de, Hudaý arkaly dünýä indiler+. 14  Şeýlelikde, Söz ynsan bolup+, aramyzda ýaşady. Biz onuň şöhratyny, ýagny ýeke-täk ogluň+ atasyndan alan şöhratyny gördük. Ol Atasynyň çäksiz ýagşylygyny* görüpdi, elmydama hakykaty aýdýardy. 15  Ýahýa ol hakda şaýatlyk edip: «Meniň yzymdan gelýän menden beýikdir, sebäbi ol menden öň hem bardy»+ diýipdi. 16  Onuň ýagşylygy we hakykaty çäksizdi, şonuň üçin biz ýagşylyk üstüne ýagşylyk gördük. 17  Töwradyň Musa arkaly berilişi ýaly+, ýagşylyk+ bilen hakykat hem Isa Mesih arkaly äşgär boldy+. 18  Hiç kim hiç haçan Hudaýy gören däldir+. Hudaýy bize Atasynyň ýanynda* bolan+ ýeke-täk ogly tanatdy+. 19  Ýehudylaryň Iýerusalimden iberen ruhanylary we lewileri Ýahýadan: «Sen kim?» diýip soradylar+. 20  Ol: «Men Mesih däl» diýip, açyk aýtdy. 21  Olar: «Onda sen kim? Ylýas pygambermi?»+ diýdiler. Ýahýa: «Ýok» diýdi. Olar: «Onda sen gelmeli Pygambermi?»+ diýip soradylar. Ol: «Ýok» diýip jogap berdi. 22  Olar: «Onda kim? Bizi iberenlere näme jogap bereli? Özüň barada aýt» diýdiler. 23  Ýahýa: «Men Işaýa pygamberiň aýdyşy ýaly+: „Ýehowanyň* ýoluny dogrulaň“+ diýip, çölde gygyrýan adamdyryn» diýip jogap berdi. 24  Olary fariseýler* iberipdi. 25  Olar Ýahýa: «Sen Mesih, Ylýas ýa-da pygamber bolmasaň, adamlary näme üçin suwa çümdürýärsiň?» diýdiler. 26  Ýahýa: «Men suwa çümdürýärin, ýöne araňyzda biri bar, siz ony tanamaýarsyňyz. 27  Ol meniň yzymdan gelýär. Men onuň çarygynyň* bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin»+ diýdi. 28  Bularyň ählisi Iordanyň aňyrsyndaky Betaniýada bolupdy. Ol ýerde Ýahýa suwa çümdürýärdi+. 29  Ertesi gün Ýahýa Isanyň gelýänini görüp: «Ine dünýäniň+ günäsini ýuwýan+ Hudaýyň Guzusy!+ 30  Men ol hakda: „Meniň yzymdan gelýän menden beýikdir, sebäbi ol menden öň hem bardy“+ diýipdim. 31  Meniň özümem ony bilmeýärdim, ýöne ysraýyllar ony tanar ýaly, suwa çümdürmäge geldim»+ diýdi. 32  Ýahýa ol hakda şeýle şaýatlyk etdi: «Men mukaddes ruhuň gökden kepderi kimin inip, onuň üstüne gonandygyny gördüm+. 33  Men ony bilmesem-de, suwa çümdürmek üçin iberen Hudaý maňa: „Meniň ruhum kimiň üstüne inse+, ol mukaddes ruh bilen çümdürer“+ diýipdi. 34  Muny görüp, onuň Hudaýyň Ogludygyna+ şaýatlyk etdim». 35  Ertesi gün Ýahýa iki şägirdi bilen durdy. 36  Ol Isanyň gelýänini görüp: «Ine Hudaýyň Guzusy!»+ diýdi. 37  Muny eşiden iki şägirt Isanyň yzyna düşüp gitdi. 38  Şonda Isa yzyna öwrülip: «Size näme gerek?» diýdi. Olar: «Rebbi, nirede ýaşaýarsyň?» diýip soradylar. (Rebbi «Mugallym» diýmegi aňladýar). 39  Isa: «Ýörüň, häzir bilersiňiz» diýdi. Olar hem Isa bilen gidip, ýaşaýan ýerini gördüler. Öýlän sagat dört töweregidi*. Şol gün olar onuň ýanynda galdylar. 40  Ýahýanyň aýdanlaryny eşidip, Isanyň yzyna düşenleriň biri Simun Petrusyň dogany Andreasdy+. 41  Ol ilki bilen dogany Simunyň ýanyna baryp: «Biz Mesihi tapdyk»+ diýdi. (Mesih «Bellenen» diýmegi aňladýar). 42  Soňra Simuny Isanyň ýanyna alyp gitdi. Isa ony görüp: «Ýahýanyň ogly Simun+, adyň Kifa bolar» diýdi. (Kifa «Petrus» diýmegi aňladýar)+. 43  Ertesi gün Isa Jelilä gitmek isledi. Şonda ol Filipusy+ tapyp: «Meniň şägirdim bol» diýdi. 44  Filipus Beýtsaýda şäherinde ýaşaýardy. Andreas bilen Petrus hem şol şäherdendi. 45  Filipus Natanaýyly+ görüp: «Biz Musanyň Töwratda aýdan we Pygamberler kitabynda ýazylan Ýusubyň+ ogly nazaretli Isany tapdyk» diýdi. 46  Natanaýyl: «Nazaretden hem bir gowy zat çykarmy?» diýdi. Filipus: «Ýör, özüň görersiň» diýdi. 47  Isa Natanaýylyň gelýänini görüp: «Ine hakyky ysraýyl ogly. Onda hiç hili mekirlik ýokdur»+ diýdi. 48  Natanaýyl Isa: «Meni nireden tanaýarsyň?» diýdi. Isa: «Filipus seni çagyrmanka, seni injir agajynyň aşagynda gördüm» diýdi. 49  Şonda Natanaýyl: «Mugallym*, sen Hudaýyň Ogly, Ysraýylyň Patyşasy»+ diýdi. 50  Isa: «Seni injir agajynyň aşagynda gördüm diýenim üçin ynandyňmy? Sen mundanam beýik işleri görersiň» diýdi. 51  Isa: «Size hakykaty aýdýaryn, gögüň açylyp, Hudaýyň perişdeleriniň ýokaryk galşyny we Ynsan oglunyň ýanyna düşüşini görersiňiz»+ diýdi.

Çykgytlar

Sözme-söz: hudaýdy.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: gujagynda.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: aýakgabynyň; köwşüniň.
Sözme-söz: takmynan onunjy sagatdy.
Sözme-söz: Rebbi.