Ýuşa 24:1—33
24 Ýuşa ysraýyl taýpalaryny Şekeme ýygnap, ýaşululary, baştutanlary, kazylary, ýolbaşçylary çagyrdy+. Olar hak Hudaýyň huzurynda durdular.
2 Şonda Ýuşa halka: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Öňler ata-babalaryňyz Ybraýymyň we Nahuryň kakasy Tarah Ýewfrat derýasynyň aňyrsynda ýaşaýardy+, başga taňrylara sežde edýärdi+.
3 Ataňyz Ybraýymy+ derýanyň* aňyrsyndan alyp gaýdyp, Kengan ýurduny görkezdim, neslini köpeltdim+. Oňa Yshagy berdim+,
4 Yshaga Ýakup bilen Ysawy berdim+. Ysawa Segir dagyny mülk edip berdim+. Ýakup ogullary bilen Müsüre gitdi+.
5 Soňra Musa bilen Haruny iberip+, müsürlilere jeza berip+, sizi Müsürden çykardym.
6 Ata-babalaryňyzy Müsürden alyp gelýärkäm+, müsürliler söweş arabalary we atlylary bilen olary Gyzyl deňze çenli kowaladylar. Deňziň ýakasyna ýetip+,
7 atalaryňyz Ýehowadan kömek soradylar+. Şonda men olar bilen müsürlileriň arasyna gara bulut goýdum, müsürlileri deňze gark etdim+. Müsürde eden zatlarymy gözüňiz bilen gördüňiz+. Soňra ençeme ýyllap çölde ýaşadyňyz+.
8 Sizi Iordanyň aňyrsynda* ýaşaýan amorlaryň ýurduna eltdim. Amorlar siziň garşyňyza çyksa-da+, olary eliňize berdim. Men olary ýok etdim, olaryň ýurduny eýelediňiz+.
9 Soňra Mowap patyşasy Sefur ogly Ballak aýaga galyp, ysraýyllar bilen söweşdi. Ol size gargyş okatmak üçin Benur ogly Bilgamy çagyrdy+.
10 Emma men Bilgamy diňlemedim+, gaýtam diňe alkyş okar*+ ýaly edip, sizi halas etdim+.
11 Soňra Iordandan geçip+, Ýerihona geldiňiz+. Ýerihonyň baştutanlary*, amorlar, perizler, kenganlar, hetler, girgaşlar, hiwiler we ýabuslar size garşy çykdy, emma men olary eliňize berdim+.
12 Heniz ýurda gelmänkäňiz, duşmanlaryňyzy ruhdan düşürdim*+. Amorlaryň iki hany ýaly, olar hem sizden gaçdylar. Ýöne muny öz gylyjyňyz, ýaýyňyz bilen etmediňiz+.
13 Men size azabyňyz siňmedik topragy, gurmadyk şäherleriňizi berdim+. Ýurtda mesgen tutup, ekmedik üzümleriňizi we zeýtunlaryňyzy iýýäňiz“+.
14 Şonuň üçin Ýehowadan gorkuň, ak ýürekden* we wepaly gulluk ediň+. Ata-babalaryňyzyň derýanyň* aňyrsynda we Müsürde sežde eden taňrylaryny araňyzdan aýryp+, Ýehowa gulluk ediň.
15 Eger Ýehowa gulluk etmek islemeseňiz, onda kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň+. Isleseňiz, ata-babalaryňyzyň derýanyň* aňyrsynda sežde eden taňrylaryna+, isleseňiz hem, amorlaryň taňrylaryna sežde ediň+. Men bolsa maşgalam bilen Ýehowa gulluk etjek» diýdi.
16 Şonda ysraýyllar: «Ýehowadan ýüz öwrüp, başga taňrylara sežde etmekden Hudaý saklasyn!
17 Ýehowa Hudaýymyz bizi, ata-babalarymyzy Müsür gulçulygyndan çykardy+, gözümiziň alnynda gudrat görkezdi+, ýolboýy gorap, halklaryň arasyndan geçirdi+.
18 Ýehowa ähli halklary, hatda amorlary-da ýurtdan kowup çykardy. Şonuň üçin biz hem Ýehowa gulluk etjek, ol biziň Hudaýymyz» diýdiler.
19 Emma Ýuşa olara: «Siz Ýehowa gulluk edip bilmersiňiz, sebäbi ol mukaddes Hudaý+, ýürekden wepaly bolmagy talap edýär*+. Ol siziň ýazyklaryňyzy* we günäleriňizi bagyşlamaz+.
20 Eger Ýehowadan ýüz öwrüp, başga taňrylara sežde etseňiz, ol hem sizden ýüz öwrer*. Ýagşylyk eden Hudaý sizi bütinleý ýok eder»+ diýdi.
21 Halk bolsa: «Ýok, biz Ýehowa gulluk etjek!»+ diýdi.
22 Şonda Ýuşa: «Bu gün öz islegiňiz bilen Ýehowa gulluk etmegi saýladyňyz+, muňa özüňiz şaýat» diýdi. Olar hem: «Hawa, şaýatdyrys!» diýdiler.
23 Ýuşa: «Onda ýalan taňrylary araňyzdan aýryp, bütin ýüregiňiz bilen Ysraýyl Hudaýy Ýehowa gulluk ediň» diýdi.
24 Şonda ysraýyllar: «Ýehowa Hudaýymyza gulluk ederis, gulak asarys!» diýdiler.
25 Şol gün Ýuşa halk bilen äht baglaşdy we Şekemde olara kada-kanunlary berdi.
26 Ýuşa olary Hudaýyň kanun kitabyna ýazdy+. Soňra ullakan daş alyp+, Ýehowanyň mukaddes ýerindäki uly agajyň aşagynda goýdy.
27 Ýuşa halka: «Şu daş bize şaýat bolar+, sebäbi ol Ýehowanyň aýdan ähli sözüni eşitdi. Eger Hudaýdan ýüz öwürseňiz, şu daş size garşy şaýat bolar» diýdi.
28 Soňra Ýuşa halky ugratdy, olaryň hersi öz mülküne dolandy+.
29 Ýehowanyň guly Nun ogly Ýuşa 110 ýaşynda aradan çykdy+.
30 Ýuşany öz mülkünde, Efraýym daglaryndaky Timnat-serada+, Gagaş dagynyň demirgazygynda jaýladylar.
31 Ýuşanyň döwründe we ondan uzak ýaşap, Ýehowanyň ysraýyl halky üçin eden işlerini gören ýaşulularyň döwründe halk Ýehowa wepaly boldy+.
32 Ysraýyllar Ýusubyň süňklerini+ Müsürden alyp gaýdypdylar. Olary Şekemde bir mellekde gömdüler. Ýakup şol mellegi Şekemiň kakasy Hamoryň ogullaryndan+ 100 kümüş teňňä satyn alypdy+. Şol mellek Ýusubyň nesliniň mülki boldy+.
33 Harunyň ogly Algazar hem aradan çykdy+. Algazary Efraýym daglarynda, ogluna berlen Pinehas+ baýrynda jaýladylar.
Çykgytlar
^ Ýagny Ýewfrat derýasy.
^ Ýagny gündogar tarapy.
^ Ýa-da: ak pata berer.
^ Başga manysy: ýer eýeleri.
^ Başga manysy: galagoplyga düşürdim; howsala saldym.
^ Ýagny Ýewfrat derýasy.
^ Ýa-da: aýypsyz.
^ Ýagny Ýewfrat derýasy.
^ Ýa-da: gabanjaň; diňe özüne wepaly bolmagy talap edýär.
^ Ýa-da: boýnuýogynlygyňyzy.
^ Ýa-da: size garşy aýaga galar.