Birinji Musa 16:1—16

  • Hajar bilen Ysmaýyl (1—16)

16  Ybramyň aýaly Saranyň çagasy bolmaýardy+. Saranyň Hajar+ atly müsürli gyrnagy bardy.  Bir gün Sara Ybrama: «Ýehowa maňa çaga berenok. Gyrnagym bilen ýataý. Belki, ol maňa çaga dogrup berer»+ diýdi. Ybram Saranyň aýdyşy ýaly etdi.  Ybramyň Kenganda ýaşap ýörenine on ýyl bolanda, Sara müsürli gyrnagy Hajary Ybrama aýallyga berdi.  Ybram Hajara ýanaşdy*, ol hem göwreli boldy. Hajar göwreli bolandan soň, bikesi Sarany äsgermän başlady.  Sara Ybrama: «Seret, sen sebäpli ne günlere düşdüm. Gyrnagymy saňa aýallyga berdim, ol bolsa göwreli bolup, meni äsgermän başlady. Muňa sen günäkärmi ýa men, goý, Ýehowa çözsün» diýdi.  Ybram bolsa: «Gyrnak seniňki ahyryn, isläniňi et» diýdi. Şondan soň Sara Hajary kemsidip başlady, ol hem gaçyp gitdi.  Hajar çölüň içi bilen gitdi. Biraz wagtdan Ýehowanyň perişdesi ony Şura+ barýan ýoldaky çeşmäniň boýundan tapdy.  Ol Hajardan: «Saranyň gyrnagy Hajar, nireden gelip, nirä barýaň?» diýip sorady. Hajar: «Bikäm Saradan gaçyp barýaryn» diýip jogap berdi.  Ýehowanyň perişdesi: «Bikäň ýanyna dolan⁠-⁠da, aýdany bilen bol» diýdi. 10  Soňra Ýehowanyň perişdesi: «Seniň nesliňi köpelderin, olaryň san⁠-⁠sajagy bolmaz»+ diýdi. 11  Ýehowanyň perişdesi sözüni dowam edip: «Sen göwreli bolupsyň. Bir ogul dograrsyň, adyna Ysmaýyl* dak, sebäbi Ýehowa ahy⁠-⁠nalaňy eşitdi. 12  Ogluň gulan* deý özdiýenli bolup ýetişer. Ol hemmä garşy, hemme⁠-⁠de oňa garşy bolar. Ol doganlarynyň garşysynda ýaşar*» diýdi. 13  Soňra Hajar: «Maňa nazar salan Hudaýy+ gördüm» diýdi. Ol özi bilen gepleşen Ýehowanyň adyna alkyş okap: «Sen ähli zady görýän Hudaýsyň!» diýdi. 14  Şol sebäpli ol ýerdäki guýa Beýer⁠-⁠lahaýroý* diýilýär; ol Kadeş bilen Beretiň aralygynda ýerleşýär. 15  Hajar Ybrama ogul dogrup berdi, Ybram oglunyň adyna Ysmaýyl dakdy+. 16  Hajardan Ysmaýyl doglanda, Ybram 86 ýaşyndady.

Çykgytlar

Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Manysy: Hudaý eşidýär.
Ýa-da: ýabany eşek. Käbirleriniň aýtmagyna görä, zebra göz öňünde tutulýar.
Başga manysy: doganlary bilen duşman bolup ýaşar.
Manysy: Maňa nazar salan Biribaryň guýusy.