Birinji Taryh 5:1—26

5  Ruben+ Ysraýylyň nowbahar ogludy. Emma kakasynyň gyrnagy bilen ýatandygy*+ üçin, nowbaharlyk haky Ysraýylyň ogly Ýusubyň ogullaryna berildi+. Şol sebäpli Ruben nesil daragtynda nowbahar ogul hökmünde agzalmaýar.  Ýahuda+ hem doganlaryndan üstün bolsa⁠-⁠da, onuň neslinden baştutan gelip çyksa⁠-⁠da+, nowbaharlyk haky Ýusuba berildi.  Ysraýylyň nowbahar ogly Rubeniň ogullary: Hanoh, Palluw, Hesron we Karmi+.  Ýoweliň ogullary: Şemaýa, Şemaýanyň ogly Äjit, Äjidiň ogly Şimeý,  Şimeýiň ogly Mikaý, Mikaýyň ogly Reýan, Reýanyň ogly Bagal,  Bagalyň ogly Beýerah. Assiriýa patyşasy Tilgatpilneser+ rubenleriň baştutany Beýerahy ýesirlige äkitdi.  Nesil daragtynda tiresi we nesli boýunça sanalýan Beýerahyň doganlary: Ýegel baştutan, Zekerýa;  Azazyň ogly, Şemanyň agtygy, Ýoweliň çowlugy Beli. Ol Arogerde+, Nebo bilen Bagal⁠-⁠megona+ çenli aralykda,  gündogar tarapda, Ýewfrat derýasynyň+ golaýynda ýerleşýän çöle çenli aralykda ýaşady. Gilead topragynda+ olaryň mal⁠-⁠garasy juda köpelipdi. 10  Şawulyň döwründe olar hagarlaryň üstüne çozup, derbi⁠-⁠dagyn etdiler⁠-⁠de, Gileadyň gündogarynda ýerleşýän çadyrlaryny basyp aldylar. 11  Rubeniň nesilleriniň golaýynda, Saleka+ çenli uzalýan Başan ýurdunda Gadyň nesilleri ýaşaýardy. 12  Başanda Ýowel baştutanlyk edýärdi, Şapam bolsa kömekçisidi. Ýanaý bilen Şapat hem baştutandy. 13  Olaryň tiresinden Mikaýyl, Meşullam, Şeba, Ýoraý, Ýakan, Zyýa we Eber atly garyndaşlary bardy. Şol ýedi adam 14  Hurynyň ogly Abyhaýylyň ogullarydy. Hury Ýarowanyň, Ýarowa Gileadyň, Gilead Mikaýylyň, Mikaýyl Ýeşişaýyň, Ýeşişaý Ýahdonyň, Ýahdon Buzuň ogludy. 15  Abdyýeliň ogly, Gunanyň agtygy Ahy olaryň tirebaşysydy. 16  Olar Gileadda+, Başanda+ we daş⁠-⁠töweregindäki galalarda ýaşadylar, Şarondaky ähli öri meýdanlary⁠-⁠da eýelediler. 17  Olaryň nesil daragty Ýahuda patyşasy Ýotamyň+ we Ysraýyl patyşasy Ýerobgamyň*+ döwründe ýazyldy. 18  Rubenleriň, gadlaryň, manaşa taýpasynyň ýarysynyň goşunynda galkanly, gylyçly, ok⁠-⁠ýaýly, söweşe ukyply 44 760 esger bardy. 19  Olar hagarlar+, ýeturlar, nepesler+ we nodaplar bilen söweşdiler. 20  Olar söweşde Hudaýdan kömek soradylar. Hudaýa bil baglandyklary üçin+, Hudaý hagarlary we beýleki halklary olaryň eline berdi. 21  Olar duşmanlaryň mal⁠-⁠garasyny talap, 50 000 düýe, 250 000 goýun we 2 000 eşek alyp gaýtdylar, 100 000 adamy bolsa ýesir aldylar. 22  Duşmanlaryň köpüsini gyrdylar. Olar üçin hak Hudaý söweşipdi+. Soňra olar sürgün edilýänçäler+, şol halklaryň ýurdunda ýaşadylar. 23  Manaşa taýpasynyň ýarysy+ Başandan tä Bagal⁠-⁠hermona, Senire we Hermon dagyna+ çenli aralykda ýaşady, olar juda köpelipdi. 24  Olaryň tirebaşylary: Eper, Ýişgi, Alygel, Ezraýyl, Ýermeýa, Hodawýa we Ýahdyýel. Şol tirebaşylar gaýduwsyz we at⁠-⁠abraýly adamlardy. 25  Emma olar ata⁠-⁠babalarynyň Hudaýyna biwepalyk etdiler. Hudaýyň ýurtdan ýok eden halklarynyň taňrylaryna sežde etdiler*+. 26  Şol sebäpli Ysraýyl Hudaýy rubenleri, gadlary we manaşa taýpasynyň ýarysyny watanyndan sürgün etdi. Hudaý muny Assiriýa patyşasy Puwalyň, ýagny Tilgatpilneseriň+ ýüregine guýdy*+. Patyşa olary Halaha, Habora, Hara we Gozan derýasynyň boýuna sürgün etdi+, olar henizem şol ýerlerde ýaşaýar.

Çykgytlar

Sözme-söz: kakasynyň düşegini hapalandygy.
Ýagny Ýerobgam II.
Ýa-da: taňrylary bilen ahlaksyzlyk etdiler.
Sözme-söz: ruhuny iterdi.