Ikinji Korinfliler 1:1—24
1 Hudaýyň islegi bilen Isa Mesihiň resuly bolan Pawlus hat ýazýar. Men doganymyz Timoteos+ bilen Hudaýyň Korinfdäki ýygnagyna we bütin Ahaýýadaky mukaddeslere ýüzlenýärin+.
2 Atamyz Hudaý we Halypamyz Isa Mesih size ýagşylyk* etsin, parahatlyk bersin!
3 Hudaýymyza we Halypamyz Isa Mesihiň Atasyna şöhrat bolsun!+ Ol rehimdar Atadyr+ we her dürli ýagdaýda göwünlik berýän Hudaýdyr+.
4 Hudaý ähli kynçylyklarda göwünlik berýär+. Biz hem Hudaýyň göwünlik berişi ýaly+, dürli kynçylyklara duçar bolanlara göwünlik berip bilýäris+.
5 Biz Mesih üçin näçe görgi görsek-de+, Mesih arkaly köp göwünlik tapýarys.
6 Biz siziň göwünlik tapyp, halas bolmagyňyz üçin kynçylyk çekýäris. Eger bize göwünlik berilýän bolsa, ol siziň üçin berilýändir. Şonda sizem göwünlik tapyp, biziň döz gelýän kynçylyklarymyza döz gelip bilersiňiz.
7 Siz biziň döz gelýän kynçylyklarymyza çydaýan bolsaňyz, bize göwünlik berilişi ýaly, size-de göwünlik beriljekdigine umyt edýäris+.
8 Doganlar, biz Aziýada köp kynçylyklary başdan geçirdik+. Olary öz güýjüň bilen ýeňer ýaly däldi, şonuň üçin diri galarys hem öýtmedik+.
9 Şonda bize ölüm jezasy berlen ýaly boldy. Bolan wakalardan özümize däl-de, ölüleri direldýän Hudaýa bil baglamagy öwrendik+.
10 Şonda Hudaý biziň janymyzy halas etdi, gerek bolsa ýene halas eder. Onuň gelejekde-de halas etjekdigine ynanýarys+.
11 Siz hem bize kömek etmek üçin ýürekden doga-dileg ediň+. Hudaý hem dogalaryňyza jogap berip, bize kömek eder. Muny gören köp adamlar Hudaýa alkyş aýdarlar+.
12 Biz ynsabymyzyň päkdigine buýsanýarys. Sebäbi biz şu dünýäde, siziň araňyzda ynsan akyldarlygyna däl-de+, Hudaýyň ýagşylygyna bil baglap, dogruçyl we mukaddes ýaşaýarys.
13 Aslynda, men size okap* we düşünip bilýän zatlaryňyzy ýazýaryn. Olara has gowy* düşünersiňiz diýip umyt edýärin.
14 Biziň aýdýanlarymyza düşünýändigiňize buýsanýarys. Biz size Halypamyz Isanyň gününde-de guwanarys.
15 Men şeýle ynam bilen siziň ýanyňyza ikinji gezek barmakçydym. Şonda siz ýene şatlanyp* bilerdiňiz.
16 Sebäbi men Makedoniýa barýarkam hem, Makedoniýadan gelýärkäm hem ýanyňyza barmakçydym. Şondan soň siz meni Ýahuda çenli biraz ugradyp bilerdiňiz+.
17 Eýsem men siziň ýanyňyza bararyn diýip oýlanman aýtdymmy? Ýa-da men «hawa, bararyn» diýip, soňra «ýok, baryp bilmerin» diýip, öz peýdamy gözledimmi?
18 Bize Hudaýyň hatyrasyna ynanyp bilersiňiz. Biz başda «hawa», soň bolsa «ýok» diýmeýäris.
19 Men, Silwanus* we Timoteos bilen size Hudaýyň Ogly Isa Mesih hakda wagyz etdim+. Isa hem başda «hawa» diýip, soňra «ýok» diýen däldir. Ol hemişe «hawa» diýen sözünde durýandyr.
20 Hudaý köp wada berýär, olaryň ählisi Isa arkaly «hawa» bolýar+. Şeýlelikde, biz ol arkaly Hudaýa «Omyn» diýip+, Hudaýy şöhratlandyrýarys.
21 Emma siziň-de, biziň-de Mesihiňkidigimizi tassyklan hem, saýlan hem Hudaýdyr+.
22 Hudaý bize möhürini basdy+ we gelejekde sylag berjekdigine ynandyrmak üçin ýüregimize mukaddes ruhuny guýdy+.
23 Hudaýyň öňünde ant içýärin, men size dözmedim, şonuň üçin Korinfe entek barmadym.
24 Biz siziň imanyňyzyň üstünden agalyk etjek bolmaýarys+, sebäbi siz imanda berk dursuňyz. Biz siziň işdeşleriňiz, Hudaýa şatlanyp gulluk etmegiňizi isleýäris.
Çykgytlar
^ Başga manysy: gowy bilýän.
^ Sözme-söz: soňuna çenli.
^ Başga manysy: ikinji gezek peýda alyp.
^ Ýagny Silas.