Ikinji Musa 11:1—10

  • 10⁠-⁠njy jeza yglan edilýär (1—10)

    • Ysraýyllar goňşy⁠-⁠golamyndan zat soraýar (2)

11  Ýehowa Musa: «Faraona we müsürlilere ýene bir jeza bererin. Şondan soň faraon sizi goýberer+, öz eli bilen kowup çykarar+.  Ysraýyllara aýt, goý, olaryň hersi goňşy-golamyndan altyn-kümüş sorasyn»+ diýdi.  Ýehowa müsürlileri ysraýyllara hormat goýar ýaly etdi. Musa-da Müsürde faraonyň emeldarlarynyň we halkyň arasynda at-abraýa eýe boldy.  Soňra Musa faraona: «Ýehowa saňa şeýle diýýär: „Ýarygijä golaý Müsüre aýlanyp çykaryn+.  Şonda ähli müsürlileriň nowbahar ogly öler+. Şa tagtynda oturan faraondan başlap, degirmen başynda oturan gyrnaga çenli hemmesiniň nowbahar ogly öler. Mallaryň-da ilkinji doglany heläk bolar+.  Tutuş Müsür halky dady-perýat eder. Beýle dady-perýat ne bolandyr, ne-de bolar+.  Emma ysraýyllara we mal-garasyna hiç zat bolmaz, olara hatda it hem üýrmez. Şonda Ýehowanyň ysraýyllary müsürlilerden aýry tutýandygyny bilersiňiz“+.  Ähli emeldarlaryň gelip, öňümde dyza çöker-de: „Halkyňy al-da, bärden git“+ diýerler. Şonda men giderin» diýdi. Musa sözüni tamamlap, gahar-gazap bilen faraonyň huzuryndan çykyp gaýtdy.  Ýehowa Musa: «Faraon size gulak asmaz+. Men bolsa Müsürde ýene-de gudrat görkezerin»+ diýdi. 10  Musa bilen Harun faraonyň öňünde ençeme gudratlary görkezdi+. Emma Ýehowa faraony doňýürek edeni üçin, ol ysraýyllary ýurtdan goýbermedi+.

Çykgytlar