Ikinji Musa 13:1—22
13 Soňra Ýehowa Musa:
2 «Ysraýyl halkynyň ähli nowbaharlaryny maňa bagyş ediň*. Adamlaryň-da, mallaryň-da ilkinji doglan erkegi meniňkidir»+ diýdi.
3 Şonda Musa halka şeýle diýdi: «Müsürden çykýan günüňizi hiç wagt unutmaň+. Ýehowa sizi güýçli goly bilen Müsür gulçulygyndan çykarýar+. Şonuň üçin hamyrmaýaly zat iýmäň.
4 Ine, siz şu gün, abyp* aýynda+ Müsürden çykýaňyz.
5 Ýehowa ata-babalaryňyza ant içip, wada berişi ýaly+, sizi kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň+ süýt bilen bal akýan ýurduna+ elter. Şonda her ýylyň abyp aýynda baýramçylyk belläň.
6 Ýedi günläp petir* iýip+, ýedinji gün Ýehowanyň şanyna baýram ediň.
7 Ýedi günläp petir iýiň+. Ýaşaýan ýeriňizde hamyrmaýa-da, hamyrmaýaly zat-da bolmasyn+.
8 Şol gün ogullaryňyza: „Ýehowanyň meni Müsür gulçulygyndan halas edişini belleýärin“ diýip düşündiriň+.
9 Eliňize we maňlaýyňyza goýlan bellik ýaly, baýramçylyk hem size şol wakany ýatladyp durar+. Ýehowanyň kanunyny diliňizden düşürmäň, sebäbi Ýehowa sizi güýçli goly bilen Müsürden çykardy.
10 Hudaýyň tabşyryşy ýaly, baýramçylygy her ýyl wagtynda belläň+.
11 Ýehowa size we ata-babalaryňyza ant içişi ýaly, Kengan ýurduna elter+.
12 Şonda ähli nowbahar ogullaryňyzy we sürüde ilkinji doglan erkek mallaryňyzy Ýehowa bagyş ediň. Olar Ýehowanyňky+.
13 Eşegiň ilkinji kürresine derek goýun gurbanlyk beriň. Goýun berip bilmeseňiz, onda kürräniň boýnuny omruň*. Nowbahar ogullaryňyz üçin hem töleg töläň+.
14 Çagalaryňyz munuň sebäbini sorasa, olara: „Ýehowa bizi güýçli goly bilen Müsür gulçulygyndan çykardy+.
15 Faraon kesirlik edip, goýbermejek bolanda+, Ýehowa müsürlileriň nowbahar ogullaryny we ilkinji doglan erkek mallaryny öldürdi+. Şol sebäpli ilkinji doglan erkek mallary Ýehowa gurbanlyk berýäris, nowbahar ogullarymyz üçin töleg töleýäris“ diýiň.
16 Eliňize we maňlaýyňyza goýlan bellik*+ ýaly, goý, baýramçylyk hem şol wakany ýatladyp dursun. Sebäbi Ýehowa güýçli goly bilen bizi Müsürden çykardy».
17 Faraon ysraýyllary goýberende, Hudaý olary piliştlileriň üstünden geçýän gysga ýoldan äkitmedi. Sebäbi Hudaý: «Piliştliler hüjüm edäýse, halk pikirini üýtgedip, Müsüre dolanar» diýdi.
18 Hudaý olary çölüň içi bilen Gyzyl deňze barýan aýlawly ýoldan äkitdi+. Ysraýyllar Müsürden topar-topar bolup çykdylar.
19 Musa Ýusubyň süňklerini-de alyp gaýtdy. Sebäbi Ýusup Ysraýylyň ogullaryna: «Hudaý size hökman nazar salar. Şonda süňklerimi bärden äkidiň» diýip ant içiripdi+.
20 Ysraýyllar Sukotdan gaýdyp, çölüň çetindäki Etamda düşlediler.
21 Ýehowa bolsa olaryň öňüne düşüp, gündiz bulut sütüni+, gije ot sütüni arkaly ýol görkezýärdi. Şeýlelikde, olar gündizine-de, gijesine-de ýoluny dowam edip bilýärdiler+.
22 Gündizine bulut sütüni, gijesine bolsa ot sütüni halkyň öňünden aýrylmaýardy+.