Ikinji Musa 30:1—38
30 Akasiýa agajyndan+ tütetgi ýakylýan ojak*+ ýasaň.
2 Uzynlygy-da, ini-de bir tirsek*, beýikligi iki tirsek bolsun. Ony dörtburç edip, şahlary bilen bir bitewi edip ýasaň+.
3 Üstüni, gapdallaryny we şahlaryny sap altyna gaplaň. Ýokary gyrasyny altyn bilen nagyşlaň.
4 Iki gapdalyna altyndan iki halka ýasap, nagşynyň aşagyna dakyň. Halkalar biri-biriniň garşysynda dursun. Ojagy götereniňizde, taýaklary halkalardan geçirersiňiz.
5 Taýaklary-da akasiýa agajyndan ýasap, altyna gaplaň.
6 Ojagy äht* sandygyny+ ýapyp duran tutynyň öňünde goýuň. Äht sandygynyň gapagynyň üstünde saňa görnerin+.
7 Harun+ her gün irden şemleri+ taýynlamaga gelende, ojagyň üstünde+ ýakymly ysly tütetgi+ ýaksyn.
8 Agşamara* şemleri ýakanda-da, tütetgi ýaksyn. Siz nesilden-nesle Ýehowanyň huzurynda hemişe tütetgi ýakmalysyňyz.
9 Tütetgi ojagynda başga hiç hili tütetgi ýakmaň+, ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny ýa şerap sadakasyny hödürlemäň.
10 Harun tütetgi ojagyny ýylda bir gezek günäden arassalasyn+. Harun onuň şahlaryna günä gurbanlygy üçin soýlan malyň ganyny çalsyn+. Muny ýylda bir gezek nesilden-nesle berjaý ediň. Tütetgi ojagy Ýehowa üçin örän mukaddesdir».
11 Soňra Ýehowa Musa:
12 «Ysraýyl erkeklerini hasaba alyp, ilat ýazuwyny+ geçirýän mahalyň, olaryň hersi öz jany üçin Ýehowa töleg tölesin. Şonda hasaba alynýan adamlaryň başyna betbagtçylyk inmez.
13 Hasaba alnanlar mukaddes çadyrda+ ulanylýan ölçeg bilen ýarym şekel* kümüş bersin. Bir şekel 12 grama* deň. Ýehowa üçin ýarym şekel berilmelidir+.
14 Hasaba alnanlaryň 20 ýaşdan ýokarylary Ýehowa sadaka bersin+.
15 Janyňyz üçin Ýehowa töleg töläniňizde, baýlar ýarym şekelden* artyk, garyplar bolsa kem bermesin.
16 Ysraýyllaryň günäleri üçin berýän kümüş pullaryny ýygnak çadyrynyň* işi üçin ulanyň. Şol pullar Ýehowanyň huzurynda ysraýyllaryň öz jany üçin töleg töländigini ýatladyp durar» diýdi.
17 Ýehowa ýene-de Musa ýüzlenip:
18 «Ýuwunmak üçin misden legen ýasaň+. Diregleri-de misden bolsun. Legeni ýygnak çadyry bilen gurbanlyk ojagynyň* arasynda goýup, içine suw guýuň+.
19 Harun bilen ogullary ondan el-aýagyny ýuwsun+.
20 Olar ýygnak çadyryna girende, Ýehowa ýakyp gurban bermek we hyzmat etmek üçin gurbanlyk ojagynyň golaýyna baranda, heläk bolmaz ýaly ýuwunsynlar.
21 Olar ölmez ýaly el-aýagyny ýuwmalydyr. Harun bilen ogullary muny hemişelik kanun hökmünde nesilden-nesle berjaý etsin»+ diýdi.
22 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi:
23 «Ýakymly ysly zatlardan 500 şekel gatadylan mür*, onuň ýarym mukdarynda 250 şekel ýakymly ysly dalçyn, 250 şekel ýakymly ysly gamyş,
24 mukaddes çadyrda+ ulanylýan ölçeg bilen 500 şekel ýabany dalçyn we bir küýze* zeýtun ýagyny al.
25 Olary gowuja* garyp, mukaddes ýag ýasa+. Mukaddes ýag şeýle ýasalsyn.
26 Şol ýagdan ýygnak çadyryna+, äht* sandygyna,
27 stola we esbaplaryna, şemdana we esbaplaryna, tütetgi ojagyna,
28 gurbanlyk ojagyna we esbaplaryna, legene we direglerine çalyp,
29 mukaddes et. Şonda olar doly mukaddes bolar+. Olary ulanýan* adam hem mukaddes bolmalydyr+.
30 Harun+ bilen ogullarynyň+ başyna-da ýag guýup, ruhany bellemek üçin mukaddes et+.
31 Ysraýyllara aýt: „Şol ýag nesilden-nesle meniň üçin mukaddes ýag bolar+.
32 Hiç kim şeýle ýagy endamyna çalmasyn. Şoňa meňzeş edip hiç zat ýasamaň, sebäbi ol mukaddesdir. Ony hemişe mukaddes hasaplaň.
33 Kimde-kim şular ýaly ýag ýasasa ýa-da keseki adama* çalsa, halkyň arasyndan ýok edilsin*“»+.
34 Şondan soň Ýehowa Musa: «Hoşboý ysly zatlardan balzam, onika*, arpabadyýan we ladan* al. Hemmesiniň ölçegi deň bolsun+.
35 Olary gowy* garyp, duz sep-de+, tütetgi ýasa+. Tütetgi arassa we mukaddes bolmalydyr.
36 Tütetginiň bir bölegini owrat-da, birazajygyny ýygnak çadyryndaky äht* sandygynyň öňünde, saňa görünjek ýerimde goý. Tütetgi siz üçin örän mukaddes bolsun.
37 Özüňiz üçin şonuň ýaly tütetgi ýasamaň+. Ol Ýehowanyň mukaddes hasaplaýan zadydyr.
38 Şeýle tütetgini ýasap, ysgan adam halkyň arasyndan ýok edilsin» diýdi.
Çykgytlar
^ Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Sözme-söz: şaýatlyk.
^ Ýa-da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.
^ Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Sözme-söz: 20 gera. Bir gera 0,57 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Ýa-da: ussatlyk bilen.
^ Sözme-söz: şaýatlyk.
^ Sözme-söz: Olara el degirýän.
^ Ýagny Harunyň neslinden bolmadyk adam.
^ Ýa-da: öldürilsin.
^ Ýewreýçe «şehelet». Nämedigi anyk belli däl. Hoşboý ysly ösümlikden ýa-da mollýusklardan alnan serişde bolmagy mümkin.
^ Ýa-da: ussatlyk bilen.
^ Sözme-söz: şaýatlyk.