Ikinji Musa 33:1—23
33 Ýehowa Musa: «Müsürden çykaran halkyň bilen ýola düş. Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada beren ýurduma gidiň. Şol ýurdy olaryň nesline berjekdigime ant içipdim+.
2 Perişdämi öňüňizden iberip+, kenganlary, amorlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary ýurtdan kowup çykararyn+.
3 Süýt bilen bal akýan ýurda+ gidiň. Emma men siziň bilen gitmerin, sebäbi halk boýnuýogynlyk etse+, ýolda olary gyraryn»+ diýdi.
4 Halk gorkunç sözleri eşidip, perýat edip başlady. Hiç kim şaý-sepini-de dakynmady.
5 Ýehowa Musa: «Ysraýyllara şeýle diý: „Siz boýnuýogyn halk+. Düşelgäňize girip, birsalymyň içinde baryňyzy ýok edibem bilerdim. Indi size çäre görjek+, ýöne şoňa çenli hiç kim şaý-sepini dakmasyn“» diýdi.
6 Ysraýyllar Horep dagynda şaý-seplerini aýryp, şondan soň dakynmadylar.
7 Musa öz çadyryny düşelgäniň daşyna çykaryp, biraz uzagraga göçürdi. Musa oňa ýygnak çadyry* diýip at goýdy. Ýehowadan maslahat soramak isleýän adam+ düşelgeden çykyp, ýygnak çadyryna barardy.
8 Musa çadyra tarap ýörände, adamlar çadyrlarynyň agzynda durup, ol tä çadyra girýänçä seredip durardylar.
9 Musa çadyra giren badyna, bulut sütüni+ çadyryň agzyna gelip durardy. Hudaý Musa bilen gepleşip bolýança, bulut çadyryň agzyndan aýrylmazdy+.
10 Adamlar çadyryň agzyndaky bulut sütünini görüp, çadyrlarynyň agzynda tagzym ederdiler.
11 Ýehowa Musa bilen iki adamyň gepleşişi ýaly, ýüzbe-ýüz+ gepleşerdi. Musa düşelgä gidende, hyzmatkäri we kömekçisi+ Nunuň ogly Ýuşa+ çadyryň ýanyndan aýrylmazdy.
12 Musa Ýehowa ýüzlenip: «Sen maňa: „Halkyň öňüne düşüp git“ diýýäň, ýöne ýanymda kimi iberjegiňi aýtmadyň. Meni gowy tanaýandygyňy*, menden razydygyňy aýdypdyň.
13 Eger menden razy bolsaň, onda ýalbarýaryn, ýollaryňy öwret+. Seni has gowy tanap, mundan beýlägem razy edip ýaşaýyn. Şu adamlar hem öz halkyň»+ diýdi.
14 Hudaý: «Özüm ýanyňda gidip+, seni goldaryn*»+ diýip jogap berdi.
15 Şonda Musa: «Ýanymyzda gitmeseň, bizi hem iberip oturma.
16 Ýanymyz bilen gidip, bizi ýer ýüzündäki başga milletlerden aýry tutýandygyňy+ görkezmeseň, menden we halkyňdan razydygyňy nädip bileli?»+ diýdi.
17 Ýehowa: «Bolýar, haýyşyňy bitirerin. Sebäbi seni gowy tanaýaryn, göwnüm senden hoşal» diýdi.
18 Musa: «Ýalbarýaryn, maňa şöhratyňy görkez» diýdi.
19 Hudaý: «Saňa bütin şan-şöhratymy görkezip, öňüňde Ýehowa adymy yglan ederin+. Men islän adamymdan razy bolup, islän bendäme rehim ederin»+ diýip jogap berdi.
20 Ol sözüni dowam edip: «Ýöne sen ýüzümi görmersiň, sebäbi ýüzümi gören adam diri galyp bilmez» diýdi.
21 Soňra Ýehowa: «Ine, ýanymda bir gaýa bar. Şol gaýanyň ýanyna gel.
22 Seni gowakda goýup, şan-şöhratymy görkezerin. Deňiňden geçip gidýänçäm, elim bilen üstüňi örterin.
23 Elimi aýranymda, meni arkamdan görüp galarsyň. Ýöne ýüzümi görmersiň»+ diýdi.