Ikinji Musa 40:1—38
40 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi:
2 «Birinji aýyň birine mukaddes ýygnak çadyryny*+ gur.
3 Äht* sandygyny+ çadyra salyp, öňüne tuty+ as.
4 Stoly+ getirip, zatlaryny üstünde tertipleşdirip goý. Soňra şemdany+ hem getirip, şemleri+ ýak.
5 Altyndan ýasalan tütetgi ojagyny*+ äht* sandygynyň öňünde goý-da, çadyryň agzyna perde dak+.
6 Mukaddes ýygnak çadyrynyň öňünde* gurbanlyk ojagyny*+ goý.
7 Legeni ýygnak çadyry bilen gurbanlyk ojagynyň aralygynda goýup, içine suw guý+.
8 Çadyryň howlusyny+ hem gurup, howlynyň agzyna perde+ tut.
9 Soňra mukaddes ýagy+ al-da, mukaddes çadyra we içindäki zatlara çalyp+, çadyry hem-de esbaplaryny mukaddes et. Şonda çadyr mukaddes bolar.
10 Gurbanlyk ojagy bilen esbaplaryna-da ýag çalyp, mukaddes et. Şonda gurbanlyk ojagy has-da mukaddes bolar+.
11 Legen bilen direglerine-de mukaddes ýag çalyp, mukaddes et.
12 Harun bilen ogullaryny ýygnak çadyrynyň agzyna getirip, ýuwunmagy tabşyr*+.
13 Haruna mukaddes eşiklerini+ geýdirip, başyna ýag guýup, mukaddes et-de, ruhanym edip belle+.
14 Soňra ogullaryny getirip, gözenek nagyşly köýnekleri geýdir+.
15 Olaryň hem başyna ýag guýup, kakasy ýaly maňa ruhany edip belle+. Olaryň başyna ýag guýulmagy nesilden-nesle ruhany boljakdygyny görkezer»+.
16 Musa Ýehowanyň tabşyran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi+. Ähli zady aýdylyşy ýaly etdi.
17 Ikinji ýylyň birinji aýynyň birine mukaddes çadyr guruldy+.
18 Musa çadyry guranda, aşagyna direglerini+ goýup, çarçuwalaryny*+ oturtdy. Taýaklaryny+ dakyp, sütünlerini dikdi.
19 Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, çadyryň+ matasyny ýapyp, üstünden örtükleri+ goýberdi.
20 Soňra äht* daşlaryny+ äht sandygyna+ saldy-da, gapagyny+ ýapyp, taýaklaryny+ dakdy.
21 Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, äht* sandygyny+ mukaddes çadyra getirdi. Sandyk görünmez ýaly, öňüne tuty+ asdy.
22 Stoly+ hem ýygnak çadyryna getirip, demirgazyk tarapynda, tutynyň bäri ýüzünde* goýdy.
23 Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, çörekleri+ Ýehowanyň huzurynda stolda tertipleşdirip goýdy.
24 Şemdany+ bolsa mukaddes ýygnak çadyrynyň günortasynda, stoluň gabadynda goýdy.
25 Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, ol Ýehowanyň huzurynda şemleri+ ýakdy.
26 Altyn ojagy+ ýygnak çadyryndaky tutynyň öňünde goýdy.
27 Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, onda hoşboý ysly tütetgi+ ýakylmalydy+.
28 Soňra ol mukaddes çadyryň agzyna perde+ dakdy.
29 Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, ýakma gurbanlygyny+ we galla sadakasyny hödürlemek üçin, Musa gurbanlyk ojagyny+ mukaddes ýygnak çadyrynyň öňünde goýdy.
30 Legeni ýygnak çadyry bilen gurbanlyk ojagynyň aralygynda goýup, içine ýuwnar ýaly suw guýdy+.
31 Musa, Harun bilen ogullary ondan el-aýagyny ýuwdular.
32 Olar ýygnak çadyryna girmänkä ýa-da gurbanlyk ojagyna golaýlaşmanka, Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly ýuwnardylar+.
33 Soňra Musa mukaddes çadyryň we gurbanlyk ojagynyň daşyna howly+ aýlap, howlynyň agzyna perde tutdy+.
Şeýdip, ol ähli işi tamamlady.
34 Şondan soň ýygnak çadyryny bulut örtdi. Mukaddes çadyr Ýehowanyň şöhratyndan doldy+.
35 Bulutdan ýaňa Musa ýygnak çadyryna girip bilmedi. Sebäbi mukaddes çadyry Ýehowanyň şöhraty gaplap alypdy+.
36 Bulut mukaddes çadyryň depesinden göterilende, ysraýyllar hem çadyrlaryny söküp, ýola düşerdiler. Nirä barsalar-da, şeýle ederdiler+.
37 Emma bulut ýokary göterilmese, çadyrlaryny sökmezdiler+.
38 Ysraýyllar nirede düşleseler-de, gündizine mukaddes çadyryň depesinde Ýehowanyň bulut sütünini, gijesine bolsa ot sütünini görerdiler+.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: Şaýatlyk.
^ Sözme-söz: şaýatlyk.
^ Ýa-da: girelgesiniň öňünde.
^ Sözme-söz: ýuwundyr.
^ Sözme-söz: şaýatlyk.
^ Sözme-söz: şaýatlyk.
^ Ýa-da: mukaddes otagda.