Ikinji Taryh 1:1—17
1 Dawudyň ogly Süleýmanyň patyşalygy barha berkeýärdi. Ýehowa Hudaý Süleýmany goldap, has-da beýgeltdi+.
2 Süleýman Ysraýyldaky ähli müňbaşylary, ýüzbaşylary, kazylary, baştutanlary we tirebaşylary ýygnady.
3 Süleýman olar bilen Gibgondaky+ seždegähe* gitdi. Ýehowanyň guly Musanyň çölde ýasan çadyry, hak Hudaýyň ýygnak çadyry* şol seždegähdedi.
4 Hak Hudaýyň äht sandygyny bolsa Dawut Kirýat-ýegarimden+ alyp gaýdyp, Iýerusalimde guran çadyrynda goýupdy+.
5 Huruň agtygy, Uranyň ogly Besaleliň+ misden ýasan gurbanlyk ojagy*+ Ýehowanyň mukaddes çadyrynyň öňünde durdy. Süleýman bilen tutuş jemagat onuň öňünde doga ederdi*.
6 Süleýman Ýehowanyň huzurynda gurbanlyk berip, ýygnak çadyrynyň öňündäki misden ýasalan gurbanlyk ojagynda+ 1 000 sany maly ýakma gurbanlygy edip hödürledi.
7 Şol gije Hudaý Süleýmanyň düýşüne girip: «Näme islegiň bolsa, aýt, soran zadyňy bereýin»+ diýdi.
8 Süleýman: «Eý Hudaý, sen kakam Dawuda wepaly bolup*+, meni tagtynda oturtdyň+.
9 Ýehowa Hudaý, kakam Dawuda beren sözüňi berjaý et+. Meni çäge* deý+ ummasyz köp halkyňa patyşa bellediň.
10 Halkyňa baştutanlyk etmek üçin akyldarlyk bilen düşünje ber+. Eýsem, ägirt uly halkyňa kim kazylyk edip biler?!»+ diýdi.
11 Şonda Hudaý: «Ýagşy niýetiň bar, özüňe baýlyk, mal-mülk, şan-şöhrat, uzak ömür ýa-da duşmanlaryň ölümini dilemän, patyşa bellän halkyma kazylyk eder ýaly, akyldarlyk bilen düşünje diläniň üçin+,
12 saňa akyldarlyk, düşünje bererin. Şeýle-de öňki-soňky patyşalaryň hiç birinde bolmadyk baýlygy, mal-mülki, şan-şöhraty hem bererin»+ diýdi.
13 Şeýdip, Süleýman Gibgonyň seždegähindäki+ ýygnak çadyryndan gaýdyp, Iýerusalime geldi. Ol Ysraýylyň üstünden höküm sürüp başlady.
14 Süleýman söweş arabalaryny we atlaryny* has-da köpeldýärdi. Süleýmanyň 1 400 söweş arabasy, 12 000 aty*+ bardy. Olary söweş arabalary üçin guran şäherlerinde+ we Iýerusalimde özüne golaý ýerde saklardy+.
15 Patyşa Iýerusalimde altyn-kümşi daş kimin+, kedr agajyny bolsa Şepeladaky ýabany injir agajy kimin köpeltdi+.
16 Süleýmanyň atlary Müsürden getirilerdi+. Patyşanyň täjirleri at sürüsini belli bir baha satyn alardylar*+.
17 Müsürden getirilen bir söweş araba 600 kümüş teňňe, bir at bolsa 150 kümüş teňňedi. Süleýmanyň täjirleri atlary we arabalary hetleriň patyşalaryna-da, Siriýanyň patyşalaryna-da satardylar.
Çykgytlar
^ Ýa-da: Hudaýa ýüz tutardy.
^ Ýa-da: wepaly söýgi bildirip.
^ Ýa-da: tozan.
^ Ýa-da: atlylaryny.
^ Ýa-da: atlysy.
^ Başga manysy: Müsürden we Kuwdan alardylar; patyşanyň täjirleri olary Kuwdan alardylar. Kuw diýlende, Kilikiýa göz öňünde tutulýan bolmaly.