Ikinji Taryh 10:1—19

  • Halkyň Rehobama garşy gozgalaňy (1—19)

10  Rehobam Şekeme+ gitdi, sebäbi ysraýyllar ony patyşa etmek üçin şol ýere ýygnanypdy+.  Muny Nebatyň ogly Ýerobgam+ hem eşitdi. Şol wagt Ýerobgam Müsürdedi, ol Süleýman patyşadan gaçyp gidipdi+. Ol Müsürden yzyna geldi.  Ysraýyllar adam iberip, Ýerobgamy getirtdiler. Ýerobgam bilen ysraýyllar Rehobamyň ýanyna baryp:  «Kakaň gerdenimize agyr ýük* goýdy+. Eger ýükümizi ýeňledip, azapdan dyndyrsaň, saňa hyzmat ederis» diýdiler.  Rehobam bolsa: «Ýene üç günden* geliň» diýdi. Adamlar patyşanyň ýanyndan gaýtdylar+.  Soňra Rehobam kakasy Süleýmana hyzmat eden ýaşulular bilen maslahatlaşyp: «Halka näme jogap bereýin? Siz näme maslahat berýäňiz?» diýip sorady.  Olar hem: «Eger sen halka eglişik edip, haýyşyny bitirseň, halky razy etseň, olar hemişe saňa hyzmat eder» diýdiler.  Emma Rehobam ýaşulularyň beren maslahatyny diňlemedi. Ol özi bilen deň⁠-⁠duş geňeşçi* ýigitlere maslahat saldy+.  Rehobam olardan: «Halk kakamyň atan agyr ýüküni ýeňlet diýýär, olara näme jogap bereýin? Siz näme maslahat berýäňiz?» diýip sorady. 10  Şonda deň⁠-⁠duş ýigitleri şeýle diýdiler: «„Kakaň atan agyr ýüküni ýeňlet“ diýen halka: „Kakamyň bili meniň barmagymça⁠-⁠da* ýokdur. 11  Kakam gerdeniňize agyr ýük goýan bolsa, men üstüne ýene goşaryn. Ol sizi gamçy bilen uran bolsa, men tikenli gamçy bilen ýenjerin“ diý». 12  Ýerobgam bilen tutuş halk Rehobam patyşanyň aýdyşy ýaly, üç günden ýanyna geldiler+. 13  Emma patyşa ýaşulularyň beren maslahatyna gulak asman, halka gödek jogap berdi. 14  Ol ýaş ýigitleriň maslahatyny diňläp, halka: «Men ýüküňizi has⁠-⁠da artdyraryn, üstüne ýene goşaryn. Kakam sizi gamçy bilen uran bolsa, men tikenli gamçy bilen ýenjerin» diýip jogap berdi. 15  Patyşa adamlary diňlemegem islemedi, sebäbi şeýle bolmagyna hak Hudaý ýol beripdi+. Şeýlelikde, Ýehowanyň şiloly Ahyýar+ pygamber arkaly Nebatyň ogly Ýerobgama aýdan sözleri berjaý boldy. 16  Patyşanyň diňlemändigini görüp, ysraýyllar: «Dawut bilen hiç hili şärikligimiz ýok! Ýessäniň oglunyň mirasyndan bize paý berilmez. Ysraýyllar, öz taňrylaryňyza dolanyň! Eý Dawudyň nesli, siz bolsa indi öz günüňizi özüňiz görüň!»+ diýişdiler. Şeýdip, ysraýyllar öýli⁠-⁠öýüne* dargady+. 17  Rehobam bolsa Ýahudanyň şäherlerinde ýaşaýan ysraýyllaryň üstünden höküm sürmegi dowam etdi+. 18  Soňra Rehobam patyşa agyr işde işleýänlere gözegçilik edýän Hadoramy+ ysraýyllaryň ýanyna iberdi, ýöne halk ony daşlap öldürdi. Rehobam bolsa söweş arabasyna münüp, Iýerusalime gaçyp gitdi+. 19  Ysraýyllar gozgalaň turuzdylar, olar häzire çenli Dawudyň öýüne duşman bolup ýaşaýar.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: boýuntyryk.
Ýa⁠-⁠da: üçünji gün.
Ýa⁠-⁠da: hyzmatkär.
Sözme⁠-⁠söz: külbike barmagymça⁠-⁠da.
Sözme⁠-⁠söz: çadyrlaryna.