Ikinji Taryh 12:1—16

  • Şişak Iýerusalime çozýar (1—12)

  • Rehobamyň hökümdarlygynyň soňy (13—16)

12  Rehobamyň patyşalygy berkäp+, güýç⁠-⁠kuwwaty artanda, ol Ýehowanyň kanunyndan ýüz öwürdi+. Tutuş Ysraýyl halky hem onuň yzyna eýerdi.  Olar Ýehowa biwepalyk etdiler. Şol sebäpli Rehobamyň hökümdarlygynyň bäşinji ýylynda, Müsür patyşasy Şişak+ Iýerusalime çozdy.  Şişagyň 1 200 söweş arabasy we 60 000 atlysy bardy. Şişak Müsürden liwiýaly, sukkim we efiopiýaly+ esgerlerden ägirt uly goşun toplap geldi.  Ol Ýahudanyň galalaryny basyp alyp, ahyrynda Iýerusalime geldi.  Şemaýa+ pygamber Rehobam patyşanyň we Ýahuda baştutanlarynyň ýanyna bardy. Olar Müsür patyşasy Şişakdan gorkup, Iýerusalime ýygnanypdy. Şemaýa pygamber: «Ýehowa şeýle diýýär: „Siz menden ýüz öwürdiňiz. Indi menem sizden ýüz öwrüp+, Şişagyň eline berýärin“» diýdi.  Şonda patyşa bilen Ysraýyl baştutanlary özüni kiçeldip+: «Ýehowa adalatlydyr» diýdiler.  Ýehowa olaryň özüni kiçeldendigini gördi. Ýehowa Şemaýa pygambere şeýle diýdi: «Özüni kiçeldendigi üçin, olary ýok etmerin+, biraz wagtdan halas ederin. Gaharyma Iýerusalimi Şişagyň eline berip, bütinleý ýok etmerin.  Ýöne olar Şişaga gul bolar, şonda başga patyşalara däl⁠-⁠de, maňa gulluk etmegiň gowudygyna düşünerler».  Şeýlelikde, Müsür patyşasy Şişak Iýerusalime çozdy. Ol Ýehowanyň öýündäki we şa köşgündäki hazynalary+ talap, Süleýmanyň ýasadan altyn galkanlaryna çenli alyp gitdi+. 10  Rehobam patyşa olara derek mis galkanlary ýasadyp, köşgüň agzynda durýan garawullaryň* baştutanlaryna berdi. 11  Patyşa her gezek Ýehowanyň öýüne gelende, garawullar şol galkanlary eline alyp çykardylar, soňra ýene⁠-⁠de garawulhana äkidip goýardylar. 12  Rehobam özüni kiçeldendigi üçin, Ýehowanyň gahary köşeşdi+ we halky bütinleý ýok etmedi+. Hudaý Ýahuda ilatynyň ýagşy işlerini hem görüpdi+. 13  Rehobam Iýerusalimde höküm sürüp, patyşalygyny has⁠-⁠da berkidýärdi. Ol 41 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 17 ýyl höküm sürdi. Ýehowa adyny şöhratlandyrmak üçin ysraýyl taýpalaryndan Iýerusalim şäherini saýlapdy. Patyşanyň ejesi Nagymaý ammon halkyndandy+. 14  Emma Rehobam erbet işleri etdi, sebäbi Ýehowany agtarmagy ýüregine düwmändi+. 15  Rehobamyň durmuşynda bolan wakalar Şemaýa+ pygamberiň we Ydon görgüriň*+ ýazan nesil daragtynda başdan⁠-⁠aýak ýazylandyr. Rehobam bilen Ýerobgamyň arasynda elmydama söweş bolardy+. 16  Soňra Rehobam aradan çykyp, Dawudyň şäherinde+ jaýlandy. Rehobamyň ýerine ogly Abyýar+ patyşa boldy.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: ylgaýanlaryň. Patyşanyň arabasynyň öňünden ylgaýan esgerler göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.