Ikinji Taryh 7:1—22
7 Süleýman doga edip bolan badyna+, gökden ot inip+, ýakma gurbanlygy bilen beýleki gurbanlyklary ýakdy. Ybadathanany Ýehowanyň şöhraty gaplap aldy+.
2 Ruhanylar Ýehowanyň öýüne girip bilmediler, sebäbi Ýehowanyň öýi Ýehowanyň şöhratyndan dolupdy+.
3 Halk ybadathananyň daş düşelen ýerinde durdy. Olar gökden ot gelip, ybadathana Ýehowanyň şöhratynyň inendigini görenlerinde, ýüzüni ýere berip, tagzym etdiler-de: «Ol ýagşydyr, wepaly söýgüsi* ebedidir» diýip, Ýehowa alkyş aýtdylar.
4 Patyşa tutuş halk bilen Ýehowanyň huzurynda gurbanlyk berdi+.
5 Süleýman 22 000 öküzi, 120 000 goýny gurbanlyk berdi. Süleýman patyşa we tutuş halk hak Hudaýyň öýüniň açylyş dabarasyny geçirdi+.
6 Ruhanylar ýerinde durdy, lewileriň hem elinde saz gurallary bardy. Şol saz gurallary Ýehowanyň şanyna aýdym aýdanlarynda+ çalýardylar. Dawut patyşa olary Ýehowa alkyş aýtmak üçin ýasapdy. Dawut: «Wepaly söýgüsi* ebedidir» diýip, olar* bilen Hudaýa alkyş aýdardy. Ruhanylar lewileriň öňünde surnaýy batly çalýardylar+, ysraýyllar bolsa aýak üstünde durdy.
7 Soňra Süleýman Ýehowanyň öýündäki howlynyň ortasyny mukaddes etdi. Ol ýakma gurbanlyklary+ we parahatlyk gurbanlyklaryň ýagyny howlynyň ortasynda ýakmaly boldy. Sebäbi Süleýmanyň misden ýasan gurbanlyk ojagyna*+ ýakma gurbanlyklary, galla sadakalary+ we gurbanlyklaryň ýagy sygmady+.
8 Süleýman ysraýyl halky bilen ýedi gün baýram etdi+. Lebo-hamatdan* tä Müsür jülgesine+ çenli aralykdan birgiden adam gelipdi.
9 Olar ýedi günläp gurbanlyk ojagynyň açylyş dabarasyny geçirdiler, ýedi günläp bolsa baýramçylyk bellediler. Sekizinji gün* uly baýram etdiler+.
10 Ýedinji aýyň 23-ne Süleýman halky öýli-öýüne iberdi. Olar Ýehowanyň Dawuda, Süleýmana we ysraýyl halkyna eden ýagşylyklaryna begenip, ýürekden şatlanyp, öýlerine gaýtdylar+.
11 Şeýlelikde, Süleýman Ýehowanyň öýüni we köşgüni gurup boldy+. Ol Ýehowanyň öýüni we köşgüni isleýşi ýaly edip gurdy+.
12 Gije Ýehowa Süleýmanyň düýşüne girip+, şeýle diýdi: «Seniň dogaňy eşitdim, guran öýüňde maňa gurban berler+.
13 Ýagmyr ýagmaz ýaly gökleri baglanymda, ekinleri ýalmap-ýuwudar ýaly çekirtge ýagdyranymda ýa-da halkymy mergi keseline duçar edenimde,
14 adymy göterýän halkym+ toba edip*+, maňa doga etse, meni agtaryp, erbet ýolundan dänse+, gökden olary eşidip, günäsini geçerin, topragy ýene-de hasylly ederin+.
15 Şu öýde edilýän dogalary ünsli diňlärin, gözden salmaryn+.
16 Guran öýüňi mukaddes etdim, ol hemişe adymy göterer+. Öýi hiç wagt gözden salmaryn, aladasyny ederin+.
17 Eger sen kakaň Dawut ýaly, ähli tabşyryklarymy berjaý edip, kanunlaryma we hökümlerime gulak assaň+,
18 kakaň Dawuda: „Ysraýylda hemişe seniň nesliň höküm sürer“+ diýip baglaşan ähtimi+ berjaý ederin, seniň tagtyňy hiç wagt sarsdyrmaryn+.
19 Emma siz ýolumdan ýöremeseňiz, kanunlarymy, tabşyryklarymy ýerine ýetirmän, başga taňrylara tagzym edip, sežde edip başlasaňyz+,
20 ysraýyllary mülk edip beren ýurdumdan köki bilen sogrup taşlaryn+. Adym üçin mukaddes eden öýümi gözümiň alnyndan aýraryn, başga halklaryň gepine goýup*, ile gülki ederin+.
21 Meniň üçin guran öýüň harabaçylyga öwrüler, deňinden geçenler aňk-taňk bolup+: „Ýehowa ýurdy, öýüni näme üçin beýtdikä?“+ diýer.
22 Şonda: „Ysraýyl halky ata-babalaryny Müsürden çykaran Ýehowa+ Hudaýy taşlap+, başga taňrylara sygyndy, olara tagzym edip, sežde etdi+. Şonuň üçin Hudaý olaryň başyna betbagtçylyk getirdi“+ diýerler».
Çykgytlar
^ Lewiler göz öňünde tutulýan bolmagy mümkin.
^ Ýa-da: Hamatyň girelgesinden.
^ Baýramçylygyň ertesi ýa-da 15-nji gün.
^ Sözme-söz: özüni kiçeldip.
^ Sözme-söz: dilinde nakyl bolar ýaly edip.