Dördünji Musa 10:1—36
10 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi:
2 «Halky ýygnamak we çadyrlary sökdürmek üçin, özüňe kümüşden* iki surnaý+ ýasa.
3 Surnaýlaryň ikisi bile çalynsa, halk seniň ýanyňa, ýygnak çadyrynyň* agzyna gelsin+.
4 Biri çalynsa, diňe baştutanlar, ýagny ysraýyl müňbaşylary gelsin+.
5 Surnaý gysga-gysga çalynsa, gündogardaky düşelge+ ýola düşsün.
6 Surnaý ikinji gezek gysga çalynsa, günortadaky düşelge+ ýola düşsün. Her gezek surnaý gysga çalnanda, bir düşelge ýola düşsün.
7 Eger tutuş halky ýygnamaly bolsa, surnaýlary+ gysga çalmaň.
8 Surnaýlary Harunyň ruhany ogullary çalsyn+. Muny nesilden-nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň.
9 Size azar berýän duşmanlara garşy söweşe çykanyňyzda, ilaty söweşe çagyrmak üçin surnaý çalyň+. Şonda Ýehowa Hudaýyňyz dadyňyza ýetişip, duşmanlardan halas eder.
10 Şat günüňizde+, ýagny baýramçylyklarda+, her aýyň başynda ýakma+ we parahatlyk gurbanlyklary+ hödürläniňizde-de surnaý çalyň. Şonda Hudaýyňyz size nazar salar*. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn»+.
11 Äht sandygy duran mukaddes çadyryň*+ depesindäki bulut ikinji ýylyň ikinji aýynyň 20-sine+ ýokary göterildi.
12 Ysraýyllar Sinaý çölünden tertip boýunça ýola düşdüler+. Bulut Paran çölüne+ baryp saklandy.
13 Olar Ýehowanyň Musa beren buýrugy+ bilen, ilkinji gezek ýola düşüpdiler.
14 Ýahudalaryň ýolbaşçylygyndaky üç taýpadan düzülen topar* ilkinji bolup ýola düşdi. Olaryň baştutany Aminadabyň ogly Nahşondy+.
15 Ysahar taýpasynyň baştutany Zugaryň ogly Netaneldi+.
16 Zebulun taýpasynyň baştutany Helonyň ogly Alyýapdy+.
17 Mukaddes çadyr sökülende+, çadyry göterýän gerşonlar+ bilen merarlar+ ýola düşdi.
18 Rubenleriň ýolbaşçylygyndaky üç taýpadan düzülen topar* ýola düşdi. Olaryň baştutany Şeduryň ogly Alysurdy+.
19 Şimgon taýpasynyň baştutany Zuryşadaýyň ogly Şelumyýeldi+.
20 Gad taýpasynyň baştutany Deguweliň ogly Alyýasapdy+.
21 Soňra mukaddes çadyryň esbaplaryny göterýän kohatlar+ ýola düşdi. Kohatlar barýança, mukaddes çadyr gurulmalydy.
22 Efraýymlaryň ýolbaşçylygyndaky üç taýpadan düzülen topar* ýola düşdi. Olaryň baştutany Emihutyň ogly Alyşamdy+.
23 Manaşa taýpasynyň baştutany Pedahsuryň ogly Gamaliýeldi+.
24 Benýamin taýpasynyň baştutany Gedeýonaýyň ogly Abydandy+.
25 Danlaryň ýolbaşçylygyndaky üç taýpadan düzülen topar* ýola düşdi. Olar tutuş halkyň yzyndan ýöräp, ähli düşelgeleri goraglap barýardy. Olaryň baştutany Emişadaýyň ogly Ahygezerdi+.
26 Aşer taýpasynyň baştutany Okranyň ogly Pagyýeldi+.
27 Naftaly taýpasynyň baştutany Eýnanyň ogly Ahurady+.
28 Ysraýyllar göçende, topar-topar* bolup, şu tertipde ýola düşerdiler+.
29 Musa midýan gaýynatasy Reguweliň*+ ogly Hobaba: «Biz Ýehowanyň wada beren ýurduna+ barýarys. Ýör, biz bilen git+, saňa elimizden gelen ýagşylygy ederis. Ýehowa ysraýyl halkyna gowy zatlary wada berdi»+ diýdi.
30 Emma ol: «Ýok, men gitmäýin. Gowusy, öz ilime, dogan-garyndaşlarymyň ýanyna dolanaýyn» diýdi.
31 Şonda Musa: «Bizi taşlap gitme. Sen çöle belet, nirede düşlemelidigini gowy bilýäň, bize ýol görkezersiň.
32 Eger biz bilen gitseň+, Ýehowanyň edýän ýagşylyklaryny senem görersiň*» diýdi.
33 Şeýlelikde, olar Ýehowanyň dagyndan+ gaýdyp, üç gün ýol ýörediler. Düşläre ýer tapylýança+, üç günläp Ýehowanyň äht sandygyny+ halkyň öňünden göterip gitdiler.
34 Gündiz ýola düşenlerinde, Ýehowanyň buludy+ üstlerinden aýrylmazdy.
35 Her gezek äht sandygyny göterenlerinde, Musa: «Eý Ýehowa, aýaga gal!+ Duşmanlaryňy derbi-dagyn et, seni ýigrenýänler yzyna garaman gaçsyn!» diýerdi.
36 Sandygy goýanlarynda bolsa: «Eý Ýehowa, ägirt uly* ysraýyl halkyňa+ dolan!» diýerdi.
Çykgytlar
^ Ýa-da: kümşi çekiçläp.
^ Ýa-da: sizi ýatlar.
^ Sözme-söz: Şaýatlyk çadyrynyň.
^ Sözme-söz: goşun.
^ Sözme-söz: goşun.
^ Sözme-söz: goşun.
^ Sözme-söz: goşun.
^ Sözme-söz: goşun.
^ Ýagny Şugaýyp.
^ Ýa-da: Ýehowanyň bize ýagşylyk edişi ýaly, biz hem saňa ýagşylyk ederis.
^ Ýa-da: on müňlerçe müňler.