Dördünji Musa 25:1—18

  • Ysraýyllaryň mowap gyzlar bilen ahlaksyzlygy (1—5)

  • Pinehasyň aýgytly hereketi (6—18)

25  Ysraýyllar Şitimde+ ýaşaýarka, mowap gyzlary bilen ahlaksyzlyk edip başladylar+.  Mowap gyzlary öz taňrylaryna gurbanlyk berende, ysraýyllary hem çagyrdylar+. Ysraýyllar olaryň gurbanlyklaryndan iýip, taňrylaryna sežde edip başladylar+.  Pegor Bagalyna sežde edip+ başlany üçin, Ýehowanyň ysraýyl halkyna gahary geldi.  Ýehowa Musa: «Şu zatlaryň başyny başlan adamlary öldür-de, gündiziň güni Ýehowanyň öňünde asyp goý. Şonda Ýehowanyň gazaby sowlar» diýdi.  Musa ysraýyl kazylaryna+: «Gidiň-de, Pegor Bagalyna sežde eden dogan-garyndaşlaryňyzy öldüriň»+ diýdi.  Ysraýyl jemagaty ýygnak çadyrynyň* agzynda dady-perýat edip durka, ysraýyllardan bir adam Musanyň we tutuş halkyň gözüniň alnynda midýan aýaly+ düşelgä getirdi.  Şonda Harun ruhanynyň agtygy, Algazaryň ogly Pinehas+ dessine ýerinden turdy-da, eline naýza alyp,  ýaňky adamyň yzyndan çadyra girdi. Pinehas olaryň ikisini-de naýzadan geçirip, naýzany midýan aýalyň garnyna* sokdy. Şonda ysraýyllaryň arasyndaky gyrgynçylyk togtady+.  Şol gyrgynçylykda 24 000 adam heläk bolupdy+. 10  Ýehowa Musa: 11  «Harun ruhanynyň agtygy, Algazaryň ogly Pinehas+ ysraýyllara lowlan gaharymy ýatyrdy. Ysraýyllar ýürekden wepaly bolmasa-da*+, Pinehasyň hatyrasyna olary bütinleý ýok etmedim. Halk başga taňrylara sežde etdi, emma Pinehas beýle biwepalyga göz ýummady*+. 12  Pinehasa aýt, men onuň bilen parahatlyk ähtini baglaşjak. 13  Şol ähte görä, Pinehas bilen nesilleri hemişe ruhany bolup hyzmat eder+. Halk başga taňrylara sežde etse-de, Pinehas Hudaýa biwepalyk edilmegine göz ýummady*+, ysraýyllaryň günäsini ýuwdy» diýdi. 14  Midýan aýal bilen öldürilen adam Saluwyň ogly, şimgonlaryň baştutany Zimridi. 15  Öldürilen midýan aýalyň ady bolsa Kozbidi. Kozbi midýan+ tireleriniň baştutany Zuruň+ gyzydy. 16  Biraz wagtdan Ýehowa Musa: 17  «Midýanlaryň üstüne çozup, derbi-dagyn ediň+. 18  Olar sizi günüňize goýmadylar, hile bilen Pegor taňrysyna sežde etdirdiler+. Midýan baştutanynyň gyzy Kozbi sebäpli başyňyza betbagtçylyk getirdiler. Pegor taňrysyna sežde edeniňiz üçin, size jeza berenimde, Kozbi öldürilipdi»+ diýdi.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa-da: jyns agzasyna.
Ýa-da: Ysraýyllardan diňe özüme wepaly bolmagy talap etsem-de.
Ýa-da: çydap bilmedi.
Ýa-da: çydap bilmedi.