Hoşeýa 2:1—23
2 Aga-inileriňe: „Meniň halkym!“*+,
Aýal doganlaryňa: „Rehim edilen aýal!“*+ diý.
2 Ejeňizi ýazgaryň, ony aýyplaň.Sebäbi ol meniň aýalym däl+, menem äri däl.
Ol indi ahlaksyzlyk etmesin.Biwepalyk etmesin.
3 Ýogsam men ony doglan günündäki ýaly ýalaňaçlaryn.Ony çöl-beýewana döndererin.Takyrlyga öwrüp,Teşnelikden öldürerin.
4 Ogullaryna rehim etmerin,Sebäbi olar zynadan doglandyr.
5 Olaryň ejesi zyna ederdi+.Ol göwreli bolup, bihaýa işleri ederdi+.Ol şeýle diýdi: „Oýnaşlarymyň yzyndan giderin+.Olar maňa suw, çörek,Ýüň, zygyr* köýnek, ýag we şerap berer“.
6 Men onuň ýoluna tikenekler bilen böwet goýaryn.Ol ýollaryny tapmaz ýaly,Öňünde daşdan diwar guraryn.
7 Ol oýnaşlarynyň yzyndan kowar, emma ýetip bilmez+.Olary gözlär, emma tapyp bilmez.
Şonda ol: „Ärimiň* ýanyna dolanaýyn+,Sebäbi öňki günüm şu günümden gowudy“+ diýer.
8 Ol bugdaýy, täze şeraby, ýagy,Altyn-kümşi bolluk bilen bereniň mendigime düşünmedi+.Gaýtam meniň beren altyn-kümşümi Bagala bagyş etdi+.
9 „Şonuň üçin men oňa başgaça daraşaryn.Orak döwründe gallany,Möwsüminde täze şeraby elinden alaryn+.Ýalaňaç bedenini ýapýanÝüň, zygyr köýnegini egninden sypyraryn.
10 Oýnaşlarynyň gözüniň alnynda uýat ýerlerini açaryn.Hiç kim meniň elimden halas edip bilmez+.
11 Şatlyk-şagalaňyny, toý-baýramlaryny+,Täze aý baýramyny,Sabat gününi we baýramçylyklaryny ýatyraryn.
12 Onuň: „Oýnaşlarymyň beren haky“ diýen agaçlaryny,Üzüm we injir agaçlaryny weýran ederin.
Olary ýabany haýwanlar iýerler.Ekin meýdanlaryny jeňňele öwrerin.
13 Bagal butlaryna+ gurbanlyk beren her güni üçinOndan hasabat soraryn.Ol gulakhalka, şaý-sepleri dakyp,Oýnaşlarynyň yzyna düşdi.Meni bolsa unutdy“+. Muny Ýehowa aýdýar.
14 „Men ony yraryn,Çöle äkidip,Ýüregini awlaryn.
15 Şondan soň üzümçiligini gaýtaryp bererin,Akor+ jülgesi bilen umydyna gowşuraryn+.Ol ýaşlyk günlerindäki ýaly,Müsürden çykan günlerindäki ýaly, maňa jogap berer+.
16 Şol gün meni „hojaýynym“ diýip däl,„Ärim“ diýip çagyrarsyň“. Muny Ýehowa aýdýar.
17 „Bagal butlarynyň adyny agzamaz ýaly ederin+.Olaryň atlary unudylar+.
18 Şol gün halkymyň bähbidi üçin ýyrtyjy haýwanlar,Guşlar, süýrenijiler bilen äht baglaşaryn+.Men ýurtdan ýaýy, gylyjy, urşy ýok ederin+.Halkymy asuda ýaşadaryn+.
19 Seniň bilen ebedilik nika baglaşaryn.Dogruçyl, adalatly we rehimdar boljakdygymy+,Seni söýjekdigimi* söz berýärin.
20 Saňa wepaly bolmagy wada berýärin.Sen meni, Ýehowany tanarsyň+.
21 Şol gün men gökleriň soran zadyny bererin“.Muny Ýehowa aýdýar.„Olar hem ýeriň soran zadyny bererler+.
22 Ýer bolsa bugdaýyň, ýagyň, täze şerabyň soran zadyny,Olar hem Ýizregeliň*+ soran zadyny bererler.
23 Men ony özüm üçin ýer ýüzüne tohum edip seperin+.Rehim edilmedige* rehim ederin.Halkym bolmadyga*: „Meniň halkym“+ diýerin.Olar hem maňa: „Biziň Hudaýymyz sensiň“+ diýerler“».
Çykgytlar
^ Ýa-da: Birinji ärimiň.
^ Ýa-da: Saňa wepaly söýgimi bildirjekdigimi.
^ Manysy: Hudaý tohum seper.