Işaýa 30:1—33
30 Ýehowa şeýle diýýär: «Boýnuýogyn halkyň waý halyna!+Olar meniň niýetimi däl-de,Özüniňkini amala aşyrýarlar+,Razy bolmasam-da, başgalar bilen ylalaşyk baglaşýarlar*,Günä üstüne günä edýärler.
2 Olar meniň bilen maslahatlaşman+ Müsüre gidýärler+,Faraonyň galasyndan gorag,Müsüriň saýasyndan pena gözleýärler.
3 Emma faraonyň goragy sizi masgara eder,Müsüriň penasy sizi utanja goýar+.
4 Sebäbi onuň han-begleri Suwanda+.Ilçileri Hanese baryp ýetdi.
5 Ysraýyllar müsürliler zerarly utanja galar,Sebäbi müsürlilerden hiç hili peýda ýokdur.Olardan ne kömek, ne-de peýda bardyr,Diňe masgara hem biabraý edýändir»+.
6 Günortanyň çöl haýwanlaryna çykarylan höküm:
Halk baýlygyny eşekleriň üstüne,Sowgat-serpaýlaryny örküçli düýelere ýükläp,Arslanyň, arlaýjy ýolbarsyň mekanyndan,Alahöwreniň, aždarhanyň* mesgeninden geçip,Howp-hatarly, agyr ýoly söküp barýarlar.Emma olaryň halka hiç hili peýdasy bolmaz.
7 Müsüre bil baglamak biderekdir+.
Şol sebäpli oňa: «Ýatagan Rahaw*»+ diýip at dakdym.
8 «Indi git-de, olaryň öňünde muny daşyň* ýüzüne ýaz,Kitaba ýazyp goý+.Goý, ol gelejekdeEbedilik şaýat bolsun+.
9 Sebäbi olar gozgalaňçy halkdyr+, hilegär nesildir+.Ýehowanyň kanunyna gulak asmaýan ogullardyr+.
10 Olar görgürlere*: „Indi görnüş* görmäň“ diýýärler.
Welilere* şeýle diýýärler: „Gören görnüşiňizi aýtmaň+.
Görnüşleri toslap tapyň, gulaga hoş ýakýan sözleri aýdyň+.
11 Dogry ýoldan sowluň, ol ýoldan ýöremäň,
Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň adynyBiziň ýanymyzda agzamaň“»+.
12 Şol sebäpli Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy şeýle diýýär:
«Siz sözümi diňlemediňiz+,Ýalana we hilegärlige bil bagladyňyz,Olara daýandyňyz+.
13 Siz eden günäňiz sebäpli jaýryk diwar kimin,Ýykyljak bolup duran beýik diwar kimin bolarsyňyz.
Ol göz açyp-ýumasy salymda, duýdansyz ýykylar.
14 Ol toýun küýze kimin çym-pytrak bolar.Ojakdan köz we oýtakdan* suw alaraÝekeje bölegi hem galmaz».
15 Älemiň Hökümdary,Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär:
«Maňa dolanyp, rahatlansaňyz, halas bolarsyňyz,Maňa bil baglap, howsala düşmeseňiz güýjüňiz artar»+.
Emma siz muny islemediňiz+.
16 Siz: «Ýok, atlara münüp gaçarys» diýdiňiz.
Şonuň üçin hem gaçar ýörersiňiz.
Siz: «Ýüwrük atlarda çaparys» diýdiňiz+.
Şol sebäpli sizi kowalaýanlar hem ýüwrük bolar+.
17 Bir adamyň haýbatyndan müň adam sandyrar+,Bäş adamyň haýbatyny eşidip, ökje göterersiňiz.Aman galanlaryňyz dagyň başyndaky pürs ýaly,Baýryň depesindäki tug ýaly bolar+.
18 Emma Ýehowa kömek etmek üçin sabyrly garaşýar+,Size rehim etmek üçin ýerinden turar+.
Ýehowa adalatly Alladyr+,
Hudaýa umyt edýänleriň* ählisi bagtlydyr+.
19 Siona dolanan we Iýerusalime gelen halk+ indi hiç haçan aglamaz+. Siz kömek sorap ýalbaranyňyzda, Ol rehim eder. Sesiňizi eşiden badyna jogap berer+.
20 Ýehowa size azap çöregini iýdirse-de, ejir suwuny içirse-de+, Beýik Mugallym indi sizden gizlenmez. Siz Beýik Mugallymy+ gözüňiz bilen görersiňiz.
21 Eger siz saga ýa-da çepe sowulsaňyz+, yzyňyzdan: «Ine ýol!+ Şu ýoldan ýöräň!» diýen sesi eşidersiňiz.
22 Kümşe gaplanan oýma butlaryňyzy, altyn çaýylan guýma butlaryňyzy haram hasaplarsyňyz+. Siz olara «Güm boluň!» diýip*, aýbaşy gelen aýalyň esgisi ýaly zyňyp taşlarsyňyz+.
23 Hudaý ýere sepen tohumlaryňyz üçin ýagyş ýagdyrar+. Topragyň hasyly bol we bereketli bolar+. Şol gün mal-garaňyz giň öri meýdanlarda otlarlar+.
24 Ýer sürýän öküzlere we eşeklere kürek pil hem-de çarşak bilen sowrulan turşuja ot garylan iým berler.
25 Uly gyrgynçylyk güni diňler ýykylar. Şonda her bir beýik dagda, her bir beýik baýyrda çeşme-çaýlar joşup akar+.
26 Ýehowa halkynyň döwlen süňküni saran güni+, salan agyr ýarasyny bejeren güni+ doly Aý güneş kimin ýagty saçar. Günüň nury ýedi günüň nury kimin ýedi esse şöhle saçar+.
27 Ine, Ýehowa uzakdan gelýär,Gahar-gazap bilen, gara bulutlar bilen gelýär.
Agzyndan gazaply sözler çykýandyr,Dili ot kimin ýalmap ýuwudýandyr+.
28 Demi* bokurdaga ýetýän sil kimindir,Milletleri heläkçilik* eleginden geçirýändir.Halklary azaşdyrmak üçin agzyna agyzzyryk salýandyr+.
29 Siziň aýdymyňyz gije aýdylýan aýdyma,Baýramçylyga taýýarlananda aýdylýan aýdyma meňzär+.Ysraýylyň Arkadagy+ Ýehowanyň dagynaTüýdük çalyp çykýan ýaly ýürekden şatlanarsyňyz.
30 Ýehowanyň haýbatly sesi ýaňlanar+.Alla gazap bilen+ goluny galdyranda+,Ýalmap-ýuwudýan ot bilen+,Çabga+, gök gürrüldisi, buz bilen gudratyny görkezer+.
31 Ýehowanyň sesi Assiriýany gorkuzar+.Alla ony taýak bilen urar+.
32 Ýehowa Assiriýany jezalandyrmak üçin,Her sapar taýak bilen uranda,Söweşmek üçin el galdyranda+,Deprekler kakylar we arfalar çalnar+.
33 Sebäbi ony ýok etmek üçin ýer* taýýarlandy,Ol patyşa üçin hem taýýarlandy+.
Çuň we giň çukur gazyldy.Oduny köp, alawlap ýanýar.
Ýehowanyň demi kükürt kiminTopeti+ ýakyp ýandyrar.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: şerap sadakasyny getirýärler. Ylalaşyk baglaşmagy aňladýan bolmaly.
^ Ýa-da: çalasyn we zäherli ýylanyň.
^ Ýa-da: tagtanyň.
^ Başga manysy: howuzdan.
^ Ýa-da: sabyrsyzlyk bilen garaşýanlaryň.
^ Başga manysy: olary haram hasaplap.
^ Sözme-söz: Ruhy.
^ Sözme-söz: dereksizleriň.
^ Sözme-söz: Topet.