Işaýa 43:1—28

  • Ýehowa halkyny jemleýär (1—7)

  • Ýalan taňrylar (8—13)

    • «Siz meniň şaýatlarym» (10, 12)

  • Wawilondan azat bolýarlar (14—21)

  • «Meseläni orta ataly» (22—28)

43  Eý Ýakup, seni ýaradan,Eý Ysraýyl, saňa şekil beren Ýehowa şeýle diýýär+: «Gorkma, seniň üçin töleg töledim+. Adyňy tutup çagyrdym. Sen meniňki bolduň.   Suwdan geçeniňde seniň bilen bolaryn+.Derýalardan geçeniňde gark bolmarsyň+. Lowlaýan otdan geçeniňde ýanmarsyň.Alaw seni ýakmaz.   Men seniň Hudaýyň Ýehowadyryn.Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy, Halasgäri mendirin. Seniň üçin Müsüri töleg berdim,Seniň üçin Efiopiýany we Sabany berdim.   Men seni eziz görýärin+,Saňa hormat goýýaryn, seni söýýärin+. Seniň üçin halklary bererin,Janyňa derek milletleri bererin.   Gorkma, men seniň bilendirin+. Çagalaryňy gündogardan,Seni günbatardan getirerin+.   Demirgazyga: „Olary yzyna ber!“ diýerin+. Günorta diýerin: „Olary saklama! Ogullarymy uzakdan, gyzlarymy ýeriň aňry ujundan getir+.   Olar adymy göterýän halkdyr+.Olary şan-şöhratym üçin döretdim.Halkymy elim bilen ýaratdym“+.   Gözleri bolsa-da, görmeýän,Gulagy bolsa-da, eşitmeýän adamlar gelsin+.   Goý, milletler jemlensin,Halklar toplansyn+. Taňrylaryň arasynda şulary aýdyp biljek barmy? Olaryň haýsysy ilkinji zatlary* aýdyp biler?+ Goý, haklydygyny subut etmek üçin şaýatlaryny getirsin.Olary diňläp: „Dogry!“ diýsinler»+. 10  Ýehowa şeýle diýýär: «Siz meniň şaýatlarym+,Meniň saýlan gullarym+.Meni tanaň, iman ediň.Düşüniň, men üýtgemeýärin+. Menden öň Hudaý bolan däldir.Menden soň hem Hudaý bolmaz+. 11  Men, men Ýehowa+, menden başga halasgär ýokdur+. 12  Araňyzda keseki taňry ýok wagty+,Men pygamberlik etdim,Sizi halas etdim, öňünden yglan etdim. Men hak Hudaý+, siz bolsa meniň şaýatlarym».Muny Ýehowa aýdýar. 13  «Men hiç haçan üýtgemerin+.Hiç kim elimdäki zady alyp bilmez+. Meniň tutan işime kim päsgel berip biler?»+ 14  Siziň üçin töleg tölän Ýehowa+,Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy+ şeýle diýýär: «Siziň üçin Wawilona goşun ibererin,Derwezeleriniň gulplaryny döwerin+,Gämide barýan haldeýlere dady-perýat etdirerin+. 15  Men Ýehowa, siziň Mukaddes Hudaýyňyz+,Ysraýylyň Ýaradany+, siziň Patyşaňyzdyryn»+. 16  Ýehowa deňizden ýol açýar,Joşýan suwlaryň içinden ýoda çekýär+. 17  Söweş arabalary we atlary+,Batyr esgerleri we uly goşuny getiren Alla şeýle diýýär: «Olar ýatar, ýerinden turup bilmezler+. Olar peltäniň sönüşi ýaly, ýom-ýok bolarlar». 18  «Öňki zatlary ýatlamaň,Geçmiş bilen ýaşamaň. 19  Ine, men täze bir zat edýärin+.Ol eýýäm berjaý bolup başlady. Ony hökman görersiňiz. Çölüň üstünden ýol çekerin+.Sähradan çeşme akdyraryn+. 20  Çölüň ýabany haýwanlary meni sylar,Şagallar we düýeguşlar hormat goýar.Saýlan halkym+ üçin çölde suw,Sährada derýa akdyraryn+. 21  Halkymy özüm üçin ýaratdym.Maňa alkyş aýtsyn diýip döretdim+. 22  Eý Ýakup, sen bolsa meni çagyrmadyň+.Eý Ysraýyl, menden bizar bolduň+. 23  Maňa ýakma gurbanlygy hökmünde goýun getirmediň.Gurbanlyklary berip, meni şöhratlandyrmadyň. Men senden sadaka bermegi talap etmedim.Ladan* getir diýip ýüregiňe düşmedim+. 24  Meniň üçin ýakymly ysly gamyş satyn almadyň.Gurbanlyklaryň ýagy bilen göwnümi götermediň+. Gaýtam günäleriň maňa ýük boldy.Ýazyklaryň meni ýadatdy+. 25  Men öz adym üçin+ günäleriňi bagyşlaryn+,Indi günäleriňi ýatlamaryn+. 26  Unudan bir zadym bolsa aýt, meseläni orta ataly.Delil getir, haklydygyňy subut et. 27  Seniň birinji ataň* günä etdi,Wekilleriň* maňa garşy baş göterdi+. 28  Şonuň üçin ybadathananyň hanlaryny masgara* ederin,Ýakubyň başyna heläkçilik indererin.Ysraýyl kemsidiler+.

Çykgytlar

Ilkinji ýerine ýetmeli pygamberlikler göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Ýagny Adam ata.
Kanuny öwredýän mugallymlar göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa-da: haram.