Efesliler 5:1—33

  • Hudaýa ýaraýan edim⁠-⁠gylym (1—5)

  • Garaňkylygyň däl, ýagtylygyň çagalary ýaly geziň (6—14)

  • «Mukaddes ruhdan doly boluň» (15—20)

    • «Wagtyňyzy paýhasly ulanyň» (16)

  • Är⁠-⁠aýallara berlen maslahat (21—33)

5  Şeýlelikde, söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň+.  Mesihiň bizi* söýşi ýaly+, siz hem biri⁠-⁠biriňizi söýüň+. Ol janyny ýakymly ysly gurban hökmünde+ biziň* üçin Hudaýa berdi.  Araňyzda ahlaksyzlygyň*, her hili haramlygyň ýa⁠-⁠da açgözlügiň ady⁠-⁠da agzalmasyn+, sebäbi şeýle zatlar mukaddeslere ýaraşýan däldir+.  Haýasyz adamlar ýaly bolmaň, biderek gürrüňleri we ýaramaz degişmeleri aýtmaň+. Size şeýle zatlar ýaraşýan däldir, muňa derek Hudaýa minnetdarlyk aýdyň+.  Sebäbi siz ahlaksyzyň*+, ýigrenjiniň, açgöz+, ýagny butparaz adamyň Mesihiň we Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygyny bilýänsiňiz+, muňa doly göz ýetirensiňiz.  Goý, hiç kim sizi boş sözler bilen aldamasyn. Sebäbi olara gulak asýan adamlara Hudaýyň gazaby iner.  Şonuň üçin şeýle adamlar bilen gatnaşmaň.  Siz öň garaňkylykdadyňyz, indi Halypamyzyň şägirdi bolup+ ýagtylyga çykdyňyz+. Şonuň üçin ýagtylygyň çagalary kimin ýagtylykda geziň.  Sebäbi her dürli gowulyk*, dogruçyllyk we hakykat ýagtylygyň miwesidir+. 10  Hudaýyň nämäni halaýandygyny biljek boluň+. 11  Indi garaňkylygyň ýaramaz* işlerine gatnaşmaň+, gaýtam olary paş ediň. 12  Biz şeýle adamlaryň gizlinlikde edýän işlerini aýtmaga⁠-⁠da utanýarys. 13  Ýagtylykda ähli erbet işleriň üsti açylýandyr, sebäbi üsti açylan zatlar ýagtylyga çykýandyr. 14  Hudaý: «Eý uklap ýatan adam, oýan, direl!+ Şonda Mesih size ýagtylyk berer»+ diýýär. 15  Akylsyz adamlar ýaly däl⁠-⁠de, paýhasly adamlar ýaly ýaşamak üçin her bir ädimiňize ünsli boluň. 16  Wagtyňyzy paýhasly ulanyň*+, sebäbi erbet günlerde ýaşaýarys. 17  Akylsyz adamlar ýaly bolmaň⁠-⁠da, Ýehowanyň* islegine düşünjek boluň+. 18  Şerapdan serhoş bolmaň+, sebäbi ol azgyn* işleri etdirýändir, gaýtam mukaddes ruhdan doly boluň. 19  Biri⁠-⁠biriňiz* bilen gepleşeniňizde Hudaýa alkyşlar, öwgüli aýdymlar, ruhy aýdymlar aýdyň+, ýürekden*+ aýdym aýdyp+, Ýehowany* şöhratlandyryň. 20  Halypamyz Isa Mesihiň ady bilen Hudaýa we Atamyza+ ähli zat üçin elmydama minnetdar boluň+. 21  Biri⁠-⁠biriňize tabyn bolup+, Mesihe uly hormat goýuň. 22  Goý, aýal ärine Mesihe tabyn bolşy ýaly tabyn bolsun+. 23  Mesihiň ýygnagyň* halasgäri we başy+ bolşy ýaly, är hem aýalyň başydyr+. 24  Ýygnagyň Mesihe tabyn bolşy ýaly, aýal hem ähli zatda ärine tabyn bolmaly. 25  Mesihiň ýygnagy söýüp, janyny gurban berişi ýaly+, ärler, siz hem aýalyňyzy elmydama söýüň!+ 26  Mesih ýygnagy mukaddes etmek üçin, suw bilen, ýagny Hudaýyň sözi bilen ýuwup päk etdi+. 27  Sebäbi Isa ýygnagyň mukaddes we birkemsiz+, ýagny päk, tegmiltsiz, ýygyrtsyz ýa⁠-⁠da şuňa meňzeş kemçiliksiz bolmagyny isledi+. 28  Är hem aýalyny öz bedenini söýşi ýaly söýmelidir. Aýalyny söýýän adam özüni söýýändir. 29  Hiç bir adam bedenini ýigrenýän däldir, gaýtam naharlanyp, bedeniniň aladasyny edýändir. Mesih hem ýygnagyň aladasyny edýändir. 30  Biz hem Mesihiň bedeniniň agzalary+. 31  «Erkek adam ene⁠-⁠atasyny goýup, aýaly bilen biriger* we ikisi bir beden bolar»+. 32  Şu mukaddes syr+ örän wajypdyr. Men Mesih we ýygnak hakda aýdýaryn+. 33  Şonuň üçin her biriňiz aýalyňyzy özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň+, aýal hem ärine çuňňur hormat goýsun+.

Çykgytlar

Başga manysy: sizi.
Başga manysy: siziň.
Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: miwesiz.
Sözme⁠-⁠söz: Amatly wagty satyn alyň.
Ýa⁠-⁠da: edepsiz; tertipsiz.
Başga manysy: Öz⁠-⁠özüňiz.
Ýa⁠-⁠da: ýürekleriňizde.
Ýa⁠-⁠da: bedeniň.
Ýa⁠-⁠da: galar.